20:37
Adyñyz gelýär serime
ADYÑYZ GELÝÄR SERIME

Beýik şahyrymyz Melih Jewdet Andaýyñ "Ýatlama" ("Anı") şygyryndan:

"Bir jübüt kepderi asmana galsa,
Ýanyk ysyn burugsatsa karanfil,*
Däl, bu ýatlamaga mynasyp zat däl,
Duýdansyz gelýär serime.
Söýen güllerimiñ atlary ýaly,
Söýen köçelermiñ atlary ýaly
Barça söýenlermiñ atlary ýaly
Adyñyz gelýär serime…"


Atlary Etel Rozenberg we Ýulius Rozenberg.
Amerikan raýaty... ABŞ-nyñ Kommunistik partiýanyñ (CPUSA) agzasydylar.
ABŞ-nyñ Ýaş kommunistler jemgyýetinde tanşyp, maşgala gurupdylar. Iki ogullary bardy: Alty ýaşlyja Robert we on ýaşlyja Maýkl...
1953-nji ýylyñ 19-njy iýuny. Sindikatçy Etel Rozenberg we elektrik inženeri Ýulius Rozenberg ölüm jezasyna höküm edildi...
"Sowuk uruş" döwrüdi... Baş duşman kommunistlerdi.
ABŞ-nyñ Kommunistik partiýasynyñ 1930-njy ýylda 7 müñ 500 agzasy bolan bolsa, bu görkeziji 1939-njy ýylda 100 müñe ýeteñkirledi. Uruşdan soñ bolsa amerikan jemgyýetinde Staline we SSSR-e çaksyz uly gyzyklanma döredi. Şol sanda CPUSA ýigriminji ýyllardan kyrkynjy ýyllara çenli amerikan işçiler hereketinde möhüm rol oýnady...
ABŞ Içerki howpsuzlyk hakyndaky kanuny güýje girizdi. 29 müñ howpsuzlyk gullugynyñ işgäri, FBI-niñ 6 müñ işgäri, 18 müñ prokuraturanyñ işgäri we sudýa, Maliýe ministrliginiñ 16 müñ işgäri kommunistleri köpçülikleýin awlamaga başlady…

• EÝ, PUL GEMRIJILER

Şol döwür...
ABŞ-da gizlinlik bilen "Manhetten taslamasy" atly ýadro maksatnamalarynyñ üstünde işlenýärdi. Emma:
Üstünde işlenýän maksatnama ýaly maksatnamanyñ SSSR tarapyndan eýýäm synag tapgyryna gelinendigini eşdip, munuñ sebäbini öz içlerinden gözlemäge başladylar!
Etel Rozenbergiñ dogany tehniki işgär Dewid Gringlass maksatnama boýunça Nýu-Meksika ştatyndaky urany baýlaşdyrýan kärhanada işleýärdi. Ony bärdäki maglumatlary köregi Ýulius Rozenbergiñ üsti bilen SSSR-e bermekde aýypladylar!
Dewidiñ ABŞ-nyñ Ýaş kommunistlet jemgyýetiniñ agzasydygyny we maşgalasynyñ añyrsynyñ rus emigrantydygyny gizländigi-de ony aýyplamaga ýeterlik delil hasaplandy!
Derñew prosesi başlady: jezasy ölümdi...
Dewid Gringlass özüni we aýaly Rudy halas etmek üçin günäni boýnuna aldy; aýaly jogapkärçilikden boşadyldy, Dewid dokuz ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Amerikanlar şol teklibi Etel Rozenberge-de etdiler; eger adamsyny günäkärlese, Rut Gringlass ýaly çagalarynyñ ýanyna gidip biljekdi...
"Kirli söwdalaşyk edip, barha ýygjam ýerine ýetirilýän hala gelen antidemokrat polisiýa döwletiniñ taktikalaryma şärikdeş bolup biljek däl... Eý, ýoldan çykan pul gemrijiler! Eý, satlyklar! Eý, bu owadan dünýäni kirledýän ýigrenji, pis adamlar! Ine, size jogap: Siziñ lagnaty ýagşylygyñyzyñ saýasynda boýnum buruk ýaşandan ärim bilen bile ölenimi müñ paý gowy görýärin!.."

• TÄZE "SOWUK URUŞ"

Rozenbergleriñ başyna inen aýyplama bütin dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ diline düşdi. Pablo Pikasso, Sartr, Eýnşteýn, Bertold Breht, Frida Kalo ýaly köp sanly progressiw adamlar nägileliklerini bildirdi.
ABŞ-na halkara derejesinde basyşlar artdy.
Ine-de, ölüm jezasynyñ berilmeli güni ýetip geldi... Prokuror Rozenberglere çagalary Robert bilen Maýklyñ suratlaryny görkezip, "ABŞ-nyñ Prezidenti size telefonda garaşýar. Trubkany alyñ-da, "Biz günäkär" diýiñ. Prezident sizi azatlyga goýbersin..." teklibini etdi, Rozenbergler oýlanmak üçin bir gyra çekildi.
Etel Rozenberg adamsynyñ dyzyna ýapyşan gumy süpürmäge başlady, çünki çagalarynyñ suraty görkezilende Ýulius dyzynyñ üstüne lampa çökenini duýman galypdy...
Är-aýal gelen netijelerini mälim etdiler:
"Robert we Maýkl biziñ çagalarymyz, emma bize hat ýazan millionlarça adam-da biziñ çagalarymyz, biz olary ýarpy ýolda goýup biljek däl!" Soñra başlaryny dik tutup, ölüm jezalarynyñ beriljek ýerine tarap ýöräp gitdiler... (Kompozitor Abel Miropol çagalara hossarlyk etdi, Maýkl ykdysatçy professor bolup ýetişdi, häzir ol neoliberalizme garşy täsirli göreş alyp barýan alymlaryñ biri. Ol "Boýun egmek: Klinton hökümeti Reýganyñ öwrülişigini nädip tamamlady?" ýaly kitaplary ýazdy. Robert bolsa adwokat, pedagog, žurnalist bolup ýetişdi. Iki dogan namyrat öten ene-atalarynyñ bigünädigini resmi maglumatlar esasynda subut edýän kitaplary ýazdylar.)
Etel Rozenbergiñ içalyçylyk bilen hiç hili baglanyşygy ýokdy.
Ýulius Rozenbergiñem ýadro ýaragy boýunça maksatnamany şugullamak bilen hiç hili baglanyşygy ýokdy.
Bu uzyn girişi şu sebäpli ýazdym:
Geçen hepdäniñ üns merkezinde ele düşen "hytaý jansyzlary" bardy. Germaniýanyñ Hristian-demokratlar soýuzynyñ düşünje guramasy Hanns Seidel fondunda syýasaty öwreniji bolup işleýän, Ýurtdan daşary ylmy-barlaglar institutynyñ düýbüni tutujy, ýetmiş bäş ýaşly Klaus Lang Hytaýyñ hasabyna jansyzlyk edýär bahanasy bilen Mýunhen howa menzilinde aýaly bilen bile tussag astyna alyndy.
Aýdylyşyna görä, olar 2010-njy ýylda Şanhaýyñ Tunszi uniwersitetinde leksiýa berenlerinde hytaý kontrrazwedkasy tarapyndan işe alynanmyş! Başga maglumat ýok...
Täze "Sowuk uruş" başlady, Günbataryñ didiwanynda bu gezek Hytaý bar!
Öñümizdäki döwürde ýygy-ýygydan täze Rozenbergler dawasyny görersiñiz.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.07.2021 ý.

___________________________
*Karanfil - gwozdika.

Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 52 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 2
0
2 Tumarly   [Mowzuga geç]
Başka da çok güzel şarkıları var

0
1 Tumarly   [Mowzuga geç]
Theodorakis'in Zülfü Livaneli ile söylediği "Sevda değil" şarkısı en sevdiğim şarkı..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]