15:41
Adym...
ADYM...

Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.

Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.

Adym ― beýan yns-u-jynsyň matlabna,
Adym ― pikirlere, pällere hemra.
Adym uzap ýatyr ýyllaň gatlarna,
Oň bilen hüňkarlar, soltanlar gümra.

Şadyhorramlaryň ýüregniň sesi,
Gussalylaň barmagynyň tikeni.
Men ― şu adyň bimynasyp eýesi.
...At adamy bezemeýär ekeni.

Sapa HOMMADOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 3.6/5
Goşgular bölümiň başga makalalary

Durmuşdan ganasym gelýär / Goşgular - 18.03.2021
"Я бы хотела жить с Вами…" / Goşgular - 19.03.2021
Irki gündelikler / Goşgular - 29.05.2021
Seniñ äriñ gabanýar... / Goşgular - 15.04.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Aýtsana / Goşgular - 12.02.2021
"Äh-eý..." / Goşgular - 07.02.2021
Ÿa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Señ ýeriñ başga / Goşgular - 11.02.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Sapa aga goşgy gowy!

1
1 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Sapa, inim, goşgyny haladym, ýöne özüňi öz adyňa "bimynasyp "hasap edýäniňi welin oňlamok. Adyňa mynasyp bolup, sapaly durmuşyň sapaly şahyry bolmagyňy isleýärin.
Onda menem adym Azat azatlygy duýamok diýip zeýrenip ýörsem bizden tamakin okyjylar kimden görelde almaly?
Döredijiligiňde üstünlik, inim.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]