17:53
Adamlar!

ADAMLAR!

Durmuş – çakymdanam gymmat bahaly,
Bir gün bag bor, ekiň onda nahaly!
Ýaşaň, ýaşasyňyz gelýän mahaly,
Gitmek hakda pikir etmäň adamlar !

Herimiz bir dünýä – içe döwümiz,
Goý, ýeri gülletsin ajy derimiz!
Gelip-gidip durka süýji demimiz,
Ýaşap bolmaz, şükür etmän adamlar!

Mähirden püre-pür keşbimiz bolsun,
Üstümizde öýmüz – köşgümiz bolsun,
Goý, ol Biribara yşkymyz bolsun –
Ýaşap bilmen, zikir etmän adamlar!






Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýylganç kölege / Goşgular - 17.03.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Surat / Goşgular - 08.02.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Yşkym / Goşgular - 12.02.2021
"Alyslardan alyslarda galan ýar" / Goşgular - 08.02.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Ÿa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Täzesinden täzesi / Goşgular - 04.06.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Magtymgulyda bar bolmaly: pikir eýle, şükür eýle, zikir eýle…
Ogultäç genje-de: “Ýaşap bolmaz, şükür etmän”, “Ýaşap bilmen, zikir etmän” diýýärde pikire gezek gelende “Gitmek hakda pikir etmäň” diýmek bilen ol pikir-şükür-zikir zynjyryny bozaýýan ýaly. Näme üçin ahyreti pikir etmeli däl?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]