18:31
Adama bir ömür az bolýar eken
ADAMA BIR ÖMÜR AZ BOLÝAR EKEN

Ertir näme boljak, eý, eziz Dünýäm.
Bu gün-ä azajyk sen azar berdiň.
Ýöne sen ýenede, ses üýnsüz dymýaň,
Şu dymyşlyk meniň iň agyr derdim.

Eý, dünýäm, jogaba garaşýan senden.
Men sende iň ýakyn syrdaşym gördüm.
Diýdiň :-näm boljagny soraýaň menden,
Sen maňa iň nadan soragy berdiň.

Kimiň ýaşajagny, kimiň öljegni,
Men däl, ony özi saýlaýar, Ertir.
Ertir ykballarnyň niçik boljagny,
Bilmän, millionlarça adamlar ýatyr.

Biri irden turup işe gitmeli,
Biri tutan maksatlarna ýetmeli.
Ýöne, umyt galyp wysallygyna ,
Köp adamlar turman baky ýatmaly.

Sag bol, dünýäm, beren jogaplaryňa,
Häzir barlygyma Hudaýa şükür.
Häzire çen eden sogaplarymy,
Ýatlap bilemok men etsemde pikir.

Indi men otyryn gepledip içim,
Ýatlap geçen günlem, ýekänme-ýekän.
Eden günälerňi ýuwmaklyk üçin,
Adama bir ömür az bolýar eken.

11.06.2020 ý.

Azat NURGELDIÝEW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 2.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Любовь / Goşgular - 05.04.2021
Sen / Goşgular - 20.02.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021
Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Aşygyñ ahmyry / Goşgular - 30.03.2021
Bahar görnüşi / Goşgular - 17.03.2021
Всего комментариев: 4
0
3 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
"Pikir-şükür" Gör, näçe gezek ulandyka?!...

0
4 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Sen öz pikiriňde gal, alaýabyly!

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
2. Ertir näme boljak, eý, eziz Dünýäm.
1. Bu gün-ä azajyk sen azar berdiň.
3. Ýöne sen ýenede, ses üýnsüz dymýaň,
4. Şu dymyşlyk meniň iň agyr derdim.

0
1 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Bu goşgyny paýlaşsamam paýlaşdym welin, gowşaklygyny bilýärin, ýöne düzedibem bilmedim, paýlaşmanam ynjalyk tapmadym. Tankytlar, bellikler, düzedişler iki elläp kabul edilýär. Öňünden minnetdar, teswir ýazjak agzalara.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]