18:46
Adam hakynda ak goşgy
ADAM HAKDA AK GOŞGY

Eý adamzat, adamzat!
Sen niçik zat?!
Öňde-soňda syn etseň,
Jümle-jahan ýüzünde
Ýeriň togalagynda
Senden beýik jandar ýok.

Akyl saňa berlipdir,
Paýhas saňa berlipdir,
Mähir saňa berlipdir.
Yhlas saňa berlipdir,
Dünýäde beýik duýgy,
Söýgi saňa berlipdir,
Söýginiň ýany bilen,
Gaýgy saňa berlipdir.

Asman saňa berlipdir,
Şol asmandan nur saçýan
Aý-Gün saňa berlipdir
Ömürlik sallançagyň
Zemin saňa berlipdir.
Zemin üstüne çöken
Beýik daglar berlipdir,
Ir-iýmiş, saýa berýän
Gara baglar berlipdir.

Ýaşylbaşly, ördekli
Deňiz, köller berlipdir
Hydyr gezen diýilýän
Düňle çöller berlipdir.
Mertebäňi beýgeldýän
Zähmet saňa berlipdir
Zähmet çekseň hemişe
Rehnet saňa berlipdir.

Garaz, nätjek ýene-de
Sanasaň sogaby bar
Kän zat saňa berlipdir.

Belki dostum diýýänsiň,
Sanamak nämä gerek,
Bu aýdýanlaň hemmesi
Görer göze görnüp dur.

Hawa, dostum hak aýdýaň,
Görer göze görnüp dur
Ýöne meniň beýnimde
Jogaby tapylmaýan
Şeýle sorag urnup dur.

Aýt, adam säginmän
Şol soragmyň jogabyn
Saňa näme ýetenok??
Bu gün saňa bir gep az
Iki gep hem köp bolýar
Gep ýarymy tap diýip
Haýdan-haý ýapyşýanyň
Tüpeňdir ýa top bolýar.
Indi bolsa has elhenç
Knopkaň bar eliňde
Bir ýekeje sekuntda
Ýaşaýşyňdan dynmaga
Taýyn bolýaň adamzat!
Şol knopka basaýsaň
Onsoň näme boljagyn
Özüň bilýäň adamzat!

Heý beýle-de gabahat
Iş bolarmy adamzat!
Dünýä bakyp doýmaýan
Goşa gara gözüňde
Ýaş bolmazmy adamzat!

Janly-jandar hemmesi
Ene Ýerden döredi
Heý-de perzent enesin
Ýok edermi adamzat!
Ene ýakasyn ýyrtyp
Çäk etmezmi adamzat!

Müň gowgany turuzýan
Asman-Zemin arada!
Hany saňa berilen
Akyl-paýhas nirede?!
Aýtsam has-da düşnükli
Pyragynyň dilinde
«Birek-biregi çapmak
Bolmaz asla ärlikden
Bu iş ýa şeýtanydyr
Ýa-da gözli körlükden».

Eý adamzat! Adamzat!
Sen niçik zat, Niçik zat?
Galat sözleýän bolsam
Bagyşlawer zaluwat!
Ýöne meniň soragmy
Ýüregiňe, beýniňe
Nagyşlawer zaluwat!

Şu gidişiňe gitseň
Seniň ykbalyň meger
Bilen tapylmaz aňsat!
Aýlanawer aklyňa
Eý adamzat! Adamzat!
Ýogsam seniň günüňe heý-hat!
Heý-hat!

Geldi BÄŞIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Gurban | Теги: Geldi Bäşiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022
Апулей / Goşgular - 28.02.2022
Туркменистан—Родина процветания / Goşgular - 25.02.2022
Gijeler / Goşgular - 15.01.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
Как высказать себя в любви?.. / Goşgular - 02.02.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]