18:07
Adam hakda oýlanma
ADAM HAKDA OÝLANMA

Dolduryp durmuşyñ ömür boşlugyn,
Ýakyn eder kyn ýollaryñ daşlygyn;
Çagalykdan saýlan juwan ýaşlygyñ
Gülüdir Adam.

Baýlygy eý görüp nije ýürekden,
Kösenmänsoñ dürli-dümen hörekden,
Artyk boljak bolup birek-birekden.
"Uludyr Adam".

Soramasa bir-biregiñ ahwalyn,
Gaýtalap bilmese atalañ ýolun,
Ajy-süýji paýlap beren ykbalyñ
Guludyr Adam.

Şeri goltugyndan göteren güni,
Ýalany apalap oturan güni,
Ynsan mertebesin ýitiren güni
Ölüdir Adam.

Aýnäzik HOJAGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Haweran | Теги: Aýnäzik Hojagulyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Грипп / Goşgular - 17.02.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Яблоки / Goşgular - 22.01.2022
Позови меня / Goşgular - 17.01.2022
Eneme / Goşgular - 31.01.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Сфинкс / Goşgular - 20.01.2022
То одно, то другое / Goşgular - 19.02.2022
Aglak gyzyň aýdymy / Goşgular - 14.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]