08:54
Adam bary nirä howlugyp barýar
ADAM BARY NIRÄ HOWLUGYP BARÝAR

Gowluk hakda ýazjak bolýan men şygyr,
Şer bolup barýa-la haýyr diýeniñ.
Bir namart ýakañdan ebşitläp tutsa,
Nep etmez eliñi aýyr diýeniñ.
Beýle bolsa adyl ody öçmezmi,
Ýamanlyk gowlukdan öñe geçmezmi?!

Ulular kiçelip, kiçiler şar dek,
Göwnümemi, çişip-ulalyp barýar.
Dury çeşme awa-läbige dönüp,
Akarlar gün-günden bulanyp barýar.
Düýnki gören dagym baýyr bolup dur,
Ygşyl atýan bugdaý çaýyr bolup dur.

Haýsyna oñ diýmelikä, adamlar,
Atasy sakgalsyz, agtyk sakgally.
Haýsy dogry düşündir-dä göreýin,
"Añyrrakda oka diýer takalñy".
Gapanlaryñ ýeñläp barýar çekimi,
Bilmeýänmi, aýdyñ ýa men çakymy?!

Uzyn saçly bolmak ýetdi erkege,
Onda kim dañmaly başa gyñajy.
Gybat aýallardan ötdi erkege,
Her ädimde agtaryber biweji.
Göwnümemi, daralýarmy örüler,
Goýun däl-de, köpelýärmi börüler?!

Gowluk hakda neneñ ýazarsyñ şygyr,
Halalhon diýeniñ para alyp ýörkä.
Şahyr "bilende bar", dünýä giñ diýýäñ,
Neneñ öwjek dünýä daralyp ýörkä.
Adamlar şeýle bir ownaşyp barýar,
Aýdyñ, olar nirä howlugyp barýar.

Kaýum TAÑRYGULYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Haweran | Теги: Kaýum Tañrygulyýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Sen / Goşgular - 28.10.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Gulya   [Материал]
Şu gün üçin ýazylan ýaly

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]