12:14
Adalatyň dyman güni
ADALATYŇ DYMAN GÜNI

________ Adalatyň dabaralanan güni biziň doglan günümizdir.
________ Dyman güni bolsa biziň dyman günümizdir.
________ Şoň üçin biz dymmaly däl. Biz dymsak, Adalat dymar.
________ Adalat dymsa bolmaz.
________________ Gündelige bellikden

Şeýle bir gün geldi, hemmeler dymdy:
Asman dymdy,
________ Zemin dymdy,
________________Men dymdym.
büwwüllänler,
________güwwüllänler,
________________ hüwlänler,
müňňüllänler,
________ hüňňüllänler,
________________ gülýänler,
danalar-nadanlar,
________mertler-namartlar,
tüm aýdymlar, sazlar, suratlar, hatlar,
janlu-jansyz zatlar,
erkekler-u-ebtatlar,
serçeler deý jürküldeşýän çülpeler,
düwmejikler — çybyngorar şelpeler,
silkmeler, selleler... garaz hemmeler
dymdy...
...Hemme dymdy,
Men-de dymdym,
senem dym!
Çünki ...
________...göýä dymdy O...

Laçyn PÜRJÄÝEWA.

21 sentýabr 2021.
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: mango | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 16
0
16 menliasyrowa91   [Материал]
Adam hiç haçan çürt-kesikligi halamaýar. Adalat bolsa çürt-kesiklik. Meselem,bir kada barça deñ diýip kabul edilen bolsa,bir wepadar,ynamdar adamyña gezek gelende öñki bitiren gowy işleriniñ hatyrasyna şol kada göz ýumsañ,ol eýýäm başgalara adalatsyzlyk bolýar. Hut şonuñ üçinem Revo agzañ aýdyşy ýaly obsolýut adalatlylyk bolmasy gaty kyn zat( bolmajak zat diyip çürt-kesik aýtmakdan çekinýan :) )))

0
15 menliasyrowa91   [Материал]
Revo,mamla,adalat şeýle bir pert,şeýle bir dözümli zat weli,ýeri gelende öñ "Adalat" diýip damak ýyrtanlaryñ hut özlerine-de hoş ýakman başlaýar.

0
13 Revo   [Материал]
Adalat diýip, absolýut düşünje bolmaýar. Ol diňe käbir zatlara salgylanmalar esasynda ýüze çykýar. Şonuň üçinem adalat diýip, damak ýyrtýanlara hiç düşünmeýän.)

1
Adalatyñ dyman güni diyip adamlaryñ kellesini bulaşdyrmasana

0
Şu pikiri maña ejem öwretdi

0
Adalat hiç haçan dymmaýar! Eger ol hakykatdanam adalat bolsa.

0
9 Gökböri   [Материал]
"...siz korkakların sanatla ne işi olur? Sanat sizin neyinize?
Efendiler, bugün cesur olma, mert olma, yiğit olma günüdür!
Gelin, birlik olalım, gün bugündür!
Şeref, haysiyet, onur, kişilik, dürüstlük, erdem…
Bunlar hayvanlarda olmaz!
İnek anlamaz şereften filan…
Öküz namuslu olsa ne yazar?
Hiç tanıdığınız şerefli bir merkep var mı?
Köpek kişilikli olabilir mi?
Sözlüğe baktığınızda, bu meziyetlerin ancak insanlar tarafından taşınabileceğinden söz ediliyor. Sanki insan olmanın şartı gibi…
Sizde bu meziyetler yoksa, çocuğunuza ne öğreteceksiniz? Neyi aşılayacaksınız ona?
Para kazan, insanları sömür, büyü ve akıllı ol mu diyeceksiniz?
Yazıklar olsun! Kula kulluk edenlere gerçekten yazıklar olsun!”

Ünlü komedi ustası, büyük sanatçı Levent Kırca'nın  6 yıl önce 12 Ekim 2015 günü ölmezinden az süre önce söylemiş sözü.

0
8 Gökböri   [Материал]
Nazym Hikmet 70 ýyl öñ Laçynyñ we Laçyn ýalylaryñ agysyny aglap gidipdir..

0
7 Gökböri   [Материал]
Mango gardaş şu şygry terjime etsene, etseñ sen edersiñ gowy terjime

0
14 mango   [Материал]
terjime şu adresde:
http://kitapcy.com/news/icyan_yaly_sen_gardasym/2021-10-14-17718
gowy goşgy eken...

0
6 Gökböri   [Материал]
Koyun gibisin kardeşim

Korkak bir karanlık içindesin akrep gibi.
Serçe gibisin kardeşim, serçenin telâşı içindesin.
Midye gibisin kardeşim, midye gibi kapalı, rahat.
Ve sönmüş bir yanardağ ağzı gibi korkunçsun kardeşim.
Bir değil, beş değil, yüz milyonlarlasın maalesef.

Koyun gibisin kardeşim,
Gocuklu celep kaldırınca sopasını,
Sürüye katılıverirsin hemen.
Ve âdeta mağrur, koşarsın salhaneye.
Dünyanın en tuhaf mahlûkusun yani,
Hani şu derya içre olup, deryayı bilmeyen, balıktan da tuhaf.
Ve bu dünyada, bu zulüm, senin sayende,
Ve hâlâ şarabımızı vermek için üzüm gibi eziliyorsak,
Kabahat senin, -demeye dilim varmıyor- ama,
Kabahatin çoğu senin, canım kardeşim!

Nazım Hikmet.

0
5 Myhman0430   [Материал]
saýtda bir näsazlyk bar öýdýän. ekranyň gyrasyndaky "soňky tewsirler" görnenok.

0
4 Myhman0430   [Материал]
gowa gowy diýmeli, bu goşga gaty gowy diýmeli.

arçalar we taýaklar, kepka çykardym.

0
3 Mähriban   [Материал]
Haladym, ýetireniňize Tanry ýalkasyn!

0
2 mango   [Материал]
"tüm aýdymlar, sazlar, suratlar, hatlar..."
diýen setirde "tüm" sözini ulanmagyny haladym.
tüm - ähli diýmek.
gadym sözümizi (tümi )näme diňe türk garyndaşlar ulanmalymy?
bize-de gelişýän eken.
---
"düwmejikler — çybyngorar şelpeler"
çybyngorar şelpä kän düşünmedim.
şelpe boýunça spesialist bolmamsoň

0
1 mango   [Материал]
adminlere sorag.
tabulýatory nädip goýmaly.
kä setirler saga tarap "bökdürilen" bolmalydy welin.... boşlugy okaman setir başyna alaýýan eken....
tabulýatoryň kody nähili?

_______________ (çyzyk çyzyp, onam aga boýasaňam boljak ýaly) :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]