16:02
Ada

ADA

«Gitseň,
ýaşalmaýan bir ada gitseň,
Ýanyňa-da alyp gitseň aýalyň».
Atamyrat Atabaýew.

Gitdim,
ýaşalmaýan bir ada gitdim,
Ýanyma-da almadym men aýalym.
Men onda pelege atýaryn pitjiň,
Ne-hä armanym bar,
Ne-de amanym.

Robinzon Kruzo!
Hatda ýok guşum,
Gämi ýasap gitmegem däl pikirim.
Men ýitgi sanamok ýaşan durmuşym,
Durmuşam hasaba almaz ýitigin.

Günleri sanamok,
sanamok aýy,
Eňräbem ýöremok özüm oňarman.
Öz gününe goýdum munda Hudaýy,
Meniň tutuş ömrüm —
ýalňyz owarram!

Dört tarapym deňiz,
çar ýanym deňiz.
Ak gämimem ýatyr umman düýbünde.
Bir şaýy geçmişim,
ýarym — geljegim,
Adamlaram göremok men düýşümde.

Ýaşaýyş bar ýaşalmaýan adada:
Ne-hä işe gidýän,
ne aýlyk alýan.
Gygyramok: nirede siz, adamlar!
Gygyramok: meni halas et, Allam!

Hem bulamok gök deňize köýnegim,
Hem bilýärin, ýok sesimi diňlejek.
Peýdasy nä munda ýanyp-köýmegiň,
Biparh boldum edil biparh dünýe dek!

Men munda pelege atýaryn pitjiň,
Men dünýä käýinip lezzet alýaryn.
Sebäp ýaşalmaýan bir ada gitdim,
Ýanyma-da almadym men aýalym...

Nobatgulu REJEBOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: mango | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
Ýaşaýyş bar ýaşalmaýan adada:
Ne-hä işe gidýän,
ne aýlyk alýan.

işe gitmeseň
aýlygam almasaň
- ine bu ýaşaýyş!
beýle ýaşajak bolsaň
ýa gitmeli ada
ýa-da dälihana.

0
1 mango   [Материал]
Atamyrat kaka: «Gitseň, ýaşalmaýan bir ada gitseň, Ýanyňa-da alyp gitseň aýalyň» diýdi welin, häzir Nobatguly kakada "aýalyňy äkitmeseň" diýer diýdim.....
olam diýdi. :-)
----
Gitdim, ýaşalmaýan bir ada gitdim,
Ýanyma-da almadym men aýalym.
----
ters pikir edip gördüm....
olam gorkunç bir pikir boldy...
Gitdim, ýaşalmaýan bir ada gitdim,
Ýanyma-da almadym men ärimi.
----
şu setirlerini welin bejeripdir zaňňar....

Dört tarapym deňiz,
çar ýanym deňiz.
Ak gämimem ýatyr umman düýbünde.

ak gämisiniň düýpde ýatyşyny diýsene...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]