09:06
Absurd dialog / hekaýa
ABSURD DIALOG

...-Baý-baý-baý-baý-baý-ow-w-w...-diýdim.
-Güljek bolan bolýandan bolan bolup, ba:r bolan bolýandan bolup bilşiňmi, şü:ý?!-diýdiler.
-Ýo, ýo, ýo, ýo...-diýdim.
-Görýäs weli, seň, ýa-ha-ha birki şapbatlyk depgiň ýetmän ýatyr! Ýa-da sen tükenen wapşeňem wapşesi...-diýişdiler.
Gözlerem alarylgy.
Gaşlaram bürşük.
Maňlaýlaram mürşük.
Ýüzlerem kürşük.
Dodaklaram büzük.
Agyzlary müňk-de-müňk.
Ýumruklaram düwük.
Menem onda aýtdym:
-Siziň hemmäňize-de hemme zat gerek. Özem baryýňa mirden! Oň ýaly wurreýhana wurdumşa eňňerelik bolsa, hijem haçan bolmannyr. Eger-de bolaýanam bolsa, bu taýda dä-de, o taýda bolannyr. O taýynyňam beýemçisiniň mazgisi kankretnyý bolsa-ha, siz kibi jinnek hereketsiz hemmezatly boljakdan bolýanlara eýle zady meýtdirtmezdi. Diňe meýle zady eýtdirderdi. Ine şeýle! Içiňiz ýansa-da ýanmasa-da...
Onno olor aýtýolo::
-Ýo!-diýýäle:.
Menem diýýän oloro:
-“Ýo!” diýmäň-de, “Wo!” diýiň!-diýýän:-sewäp diýseňiz,-diýýän:-öňem şü jeleaýlarda “Ýo!” diýýänle:, gotur geçiň kesmegi ýaly. “Patalokdan gark bolaýyn” diýseňem, bedresi bäş manatdan do-o-re-e-mi-i-fa-a-so-o-l-lýa-a-si-i-do-o-o...lu-u-şuw-w-wup ýattyrlar!
Tersine biri mirzat diýende ýa-da diýesi gelenne: “Wo!” diýmäge özüni dözä:jekle: weli, digrimi-te ikkitekke žyldyk žellebiň kizlükge ferdesi –
– Tümüň-ä göbeginde, tomsuňam jöwzasynda, özem hakyýt gurap barýan kakda, defesinden guwrugyna çenli on-ta sikhiz mitrlükge alawan tutjak bolan ýaly mirzada dönüp galdy.
Üstesine-de tutaýan ýagdaýyňda-da kyrkadili nämetjek diýsene?!
Gowurdak edip...
molmasa...
Uwnaşa kerçäp...
molmasa...
Ýatagyňda saklap, süýdüni sagyp alyp...
molmasa...
Muzlaýan mumurtgasam meýgenege sapsym niwazmožna molsa...
Çüflemäkäň çüflän ýaly edip merýänçije, jadyly ýüzük getirip mermese –
– Alawan görgüli nä gara görgüňe?!
Ňara ňünüň üçin, “ah ty aşlyk!” di:p, marazilligiňne muzmaýmak edip moýmajagyň-a melli!
Üýrmäge-de ýaramaýan, ziwetdinden gelenmir, barypýatan zaýyrdawuk gürji deý, mugtuna ýallar ýörersiň-dä...
Ýa-da şonça güzap görüpler tutanyňy reýgan edip, ýene-de göwerip göwermeli bolorsyň!
Olam awraýyňa oňat dä!
Imijiňe tegmil!
Karmaňa ýama!
Renomeňe çüýrük pamadur!
Rezýumeňe probel!...
Ýöne, elwetde ýamanam dä bolsa, dädir-le weli...
Beý diýseňem, olar: “ulyň diýenini edip uwlamazlykdan” geçen, gaýta, agyz-burunlaryny ýeňselerine çeýnäp, neme diýýäler-ä:
-Gutardyň-aý, bro!-diýşen bolýolor-a.
-Başlamasam nä?-diýsem, onda aýdýalar:
-Haçan?!-diýip.
-Düýn.-diýýänem welin, “Ertire ýa-da inniki bazar güni, peýşine goýasaň, şap bolman duramajak ýalymy, özi?!” diýip heşelle kakýalar.
Ýeri, indi, muňo näme diýip, näme aýdosyň?
“Mähelle! Heşelläňize maşalla! Ýa-da has dowrusy, heşelläňiz belaň sapyna! Tutuş gerek maňa!” diýip, boş haýbaty wursaňam, tomaşahanadan tomaşaçylar get out of here...
Näde:ň, öýtýoň?
Gaýdo:syň-da, ýüzüňi, duýman durka kisesinden soňkuja ýolkireýi çilnen, erni hyllyklyňky ýaly edip...
Iň ňowusam, ňoşňy aýdyp beneýin sizlere:
-Toýçularda toý boldy.
“Myhman ekenik” diýip,
Büre bilen bit geldi.
Soňra mawlap-üýrüp,
Pişik bilen it geldi.
Siňek söwüş soýdular,
Saçakçydan ter salat,
Güýepalaw goýdular,
Çybyndan lüle-kebab...
Iýmediler doýdular...
Kersengöti lül-gammar,
Leňkebudyň daşynda,
Möýbike çyn intizar,
Moýmuldaýar gaşynda.
Gögeýni içýan urýar,
Aýakçy meçew berýär.
Toý gyzygy – mähelle,
Ary kakýar heşelle.
Tagtabitden marožna...
Kän iýmäň!
Astarožna!
Paýlanylansoň desert,
Myhmanlar pysyrt-pysyrt,
Boldular gaýtmak bilen.
Bizem pyşyrt-da-pyşyrt,
Toý waspyn aýtmak bilen...
Göwnüňizden turmajak bolýandan bolýamy?
Onna, jomartlyk mizden galsyn! Alyň ýene-de mirini! Madym eýýämlaň “diri kitaplary” (bagşy, sanksritde “bhikshu”) maýtmyş: “Mäş meleme möz maýrar molluk! Mör-mak mäme miýýos!”:
- Daglar, daglar, daglar-eý!
Baglar, baglar, baglar-eý!
Daglar dagar, dagar-eý!
Baglar gurar, gurar-eý!
Muňa ýürek aglar-eý,
Aglar, aglar, aglar-eý!
Bagrym daglar, daglar-eý!
Daglar, daglar, daglar-eý!
Baglar, baglar, baglar-eý!
Daglar dagar, dagar-eý!
Baglar gurar, gurar-eý!
Dagan daga gar ýagar,
Garlar, garlar ýagar-eý!
Ýagan gara Gün dogar,
Dogan Güne gar aglar,
Aglar, aglar, aglar-eý!...
-Mynyňdanammir ňoşňy bomy?-diýip, eýläk-de-beýläk bimany erew-berew bolup, broun bulam-bujarlygyna goşant goşýanlaň biri, goşgyny ahyrlap-ahyrlamanka, oňa aňrybaşy çürt-kesiklik bilen baha kesmäge howlugýar:-mantyk ýog-a mynyňna...
-Mantysy bolmasa, belki böregi bardyr? Ýa-da unaşy? Ýa-da belkesi? Ýa-da hinkaly?!-diýip: “Goşgymy – ol nähilem bolsa – ýetim çaga deý hossarsyz-penakärsiz goýmaýyn!” diýen barypýatan akýürekli dözmezçilik bilen öz düzenimiň arkasyny alsamam, onna o aýdýa:
-Hijisem ňok! Logika esaslanmaýan düzzüýmden düzzüým molmaz! Bilipjik ňoňaýyň şuny!-diýýä.
Girre gaharym gelmese-de gelen bolandan boljak bolan bolup, özüme zor salyp çygynýan menem. Herrelmesem-de herrelýänden kişisiräp, aýdýan oňa:
-Hemmä mälim, goşgy diýlen zat, siziňki tek eýlä-beýlä şapadaňlap diňlenmeýä-de, oturyp, ine-gana diňlenýä. Onsoň şeýdip diňleseňem kesen bahaň rast bolýa! Dürs bolýa! Şap bolýa! Heýem bir inni, oturman, gezip goşgy diňläbem oňa tarapgöýsüz baha berip bilersiňizmi? Inni, şu sypatyňyza şunam bileňizýokmy? Iki elimem gallyrýan! Men-ä haýran size!
Onda opponentleň adyndan çykyş hem-de “göz oýujy” tankyt eýleýän opponentem:
-Men seň ýalyň muň ýalysyna diňe dymyp jowap merýän! Ine şeýdip!-diýýär-de, owurdyny güpberdip, çym-gyzyl bolup çyglyp, dymýandygyny sereşläp dymmaga başlaýar...
Ýeri bolýa, ikinji gezegem goşgy aýtdym.
O-da sizleň gulaklaňňyza ýaranýokmy?
Onna, bar-a, eger-walla, mundan muýanky galanyny özleňňiz miliňle:!
Nämedesiňiz gelýon olsa, şonam şeýdeweriň!
Bu ýanda sizleň mugtuna göwnüňizi awlap, ýatyp ýatar ýaly, ilki bilen-ä ýatyp ýatan joralar wäpçe kanes film! Galywerse-de, kesanasyna tutan “diri kitabyňyz” ýo!
“Ýo!”-ň deregine “Wo!” bolýandan boljak bolup ýatyp ýatan, gül-gülzar mekanam nireden tapýan molsaňyz, şo ýana tarapam ýoluňyz aýdyň molsun!
Saklajak molup, ölüp ýatan ýo...
Onno olo: aýtýolo:
-Ýazman-a oňup bileňok, ýazsaňam her öňýeten tüflejek bo:p ýattyr...Onno nätseň dogry bolýandan boljok?!
Menem diýýän oňo:
-“Ýazmak” diýilýän zadam ýeriň-gögüň diregi dädir-le! Ýaşaber, oglan! Nä, ýazmanyň bilen meýniň okundan sypjak bolup ýatyrmy?! Onnoňam nätmekden Hudaý saklasyn...
Onno nene-de olo: aýtýolo:
-Nogry aýtýoň! Ýazmanyň bilen nädeň öýtýoň?! Gaýdosyň-da öýňe, balagyna meýdan edeni üçin toýdan kowlan ýaly ýüzüňi piserdip...





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 92 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Absurd dialog / hekaýa - 11.01.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022
Çapar / hekaýa - 10.01.2022
Женитьба лейтенанта / рассказ - 02.01.2022
Otluçöp - 06.01.2022
Şeftren / hikaye - 04.01.2022
Ardiye / hikaye - 03.01.2022
Asylzada / hekaýa - 10.01.2022
Aşk boğar İnsanı / hikaye - 06.01.2022
Zalym ykbal - 17.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 mango   [Материал]
obada toýlarda 1-2 manat berseň goşgy aýdyp berýän bir ykmanda ýaşuly bardy.
oňa akly birhiliräk diýip ýalňyşýan ekenik, asyl ol absurd edebiýatynyň görnükli wekili eken-ä.
goşgularynyň ikinjisine utanman şygyr diýip boljak.
utanyp diýeniňde näme boljak?
daglaryň dagaýşy, baglaryň guraýşy, ýüregiň aglaýşy, bagryň daglanyşy, garlaryň ýagyşy we güne aglap-aglap ereýşi....
bu goşgy ähli samramalary halas etdi.
okanyma degdi.
halamanam durmadym....
ýöne, nämäni halanymam bilmäp dun.
“Mäş meleme möz maýrar molluk! Mör-mak mäme miýýos!”: -diýen molşuňa-da maladis diýon.
sag bol.
minnetdar.
---
kä wagt akylly "samramalaryň" ýerine şeýle "akylsyz" samrama diýläniň gowy....

0
3 Mähriban   [Материал]
Daglar, daglar, daglar-eý!
Baglar, baglar, baglar-eý!
Daglar dagar, dagar-eý!
Baglar gurar, gurar-eý!
Muňa ýürek aglar-eý,
Aglar, aglar, aglar-eý!
Bagrym daglar, daglar-eý!
Daglar, daglar, daglar-eý!
Baglar, baglar, baglar-eý!
Daglar dagar, dagar-eý!
Baglar gurar, gurar-eý!
Dagan daga gar ýagar,
Garlar, garlar ýagar-eý!
Ýagan gara Gün dogar,
Dogan Güne gar aglar,
Aglar, aglar, aglar-eý!...

Nowha bolupdyr. Köp sag boluň!

0
2 Bagabat   [Материал]
Absurd edebiýatyna (latynça: absurdus – bulam-bujar, bolgusyz) – eseriň tekstini ýazmagyň özboluşly usuly mahsusdyr. Absurd edebiýatyna degişli eserleriň tekstinde sýužetiň we pikirleriň manyly-yzygiderli arabaglanyşygy bolmaýar. Adatça, absurd žanrynda çeper suratlandyrylýan wakalarda hem-de aýdylýan pikirlerde, bolgusyzlyk, manysyzlyk çakdan aşa ulaldylyp, ugur-utgasyz samrama derejesinde beýan edilýär, waka-da, pikirlerem groteskleşdirilýär. Adamzat ýaşaýşynyň bimanylygy bolşundan bäşbeter gülkünç hem biderek edilip şekillendirilýär.

0
1 Bagabat   [Материал]
Eksperiment.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]