17:20
A.N.Ostrowskiniñ dramaturgiýasy
A.N.OSTROWSKINIŇ DRAMATURGIÝASY

Rus dramaturgy Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiý 31.03-12.04.1823-nji ýylda Kostroma guberniýasynyň Şelykowo şäherinde dogulýar. 02.04-14.04.1886-njy ýylda Moskwada aradan çykypdyr. Ol kazyýet çinowniginiň maşgalasynda dünýä inýär. A.N.Ostrowskiý 1840-1843-nji ýyllarda Moskwa uniwersitetiniň hukuk fakultetinde bilim alýar. Belli bir wagt onuň özem kazyýet çinownigi bolup işleýär. Ol Moskwanyň Kiçi teatrynyň sahnasynda döwrüň beýik aktýorlary P.S.Moçalowyň,M.S. Şepkiniň, P.M.Sadowskiniň, W.I.Žiwokiniň, L.P.Kosiskaýanyň, S.W.Wasilýewiň sahnada keşp döredişleri bilen gyzygyp ýörşüne özünde teatra bolan uly joşgunyň dörändiginem duýmandyr. A.N.Ostrowskiniň kalbynda teatra gulluk etmek arzuwy döränden soň, ol pýesa ýazmak, aktýorlar, ýazyjylar bilen golaýdan tanyşmak, teatr we edebiýat kružoklaryna irginsiz gatnamak bilen başbitin şol ugra ýykgyn edipdir. 1847-nji ýylda ol özüniň ilkinji "Gaýtaryp bolmajak bergili” komediýasyny ýazýar. Şol ýylyň özünde "Maşgala bagtynyň keşbi” komediýasynam ýazýar. Pýesalaryň ikisem teatrda goýmakdan gadagan edilipdir. 1849-njy ýylda "Bergidar” komediýasyny ýazýar. "Bergidar” komediýasy soň "Öz adamlarymyz-düşünişeris” atlandyrylyp oňa "Gaýtaryp bolmajak bergili” komediýasy hem böleklere bölünip goşulypdyr. Bu pýesada tomaşaça ýetirilmekden gadagan edilipdir. A.N.Ostrowskiniň pýesalarynyň peýda bolup başlan döwürleri teatrlaryň repertuarlaryny wodewiller we reaksion melodramalar tutupdyr. Hatda N.W.Gogolyň, A.S.Griboýedowyň, A.S.Puşkiniň progressiw pikirli eserlerem rus teatrlarynyň repertuarynda ujypsyzja ýeri eýeläpdir. A.N.Ostrowskiý pýesalarynda ideýa-estetiki mazmun boýunça W.G.Belinskiniň, A.I.Gerseniň edebiýat baradaky ýazan makalalaryndan täsir alyp, D.I.Fonwiziniň, A.S.Gribaýedowyň, A.S.Puşkiniň, N.W.Gogolyň yzyny dowam etdirip, dünýäniň realistik dramaturgiýasynyň adatlaryny ösdürmäge ymtylypdyr. A.N.Ostrowskiý üçin teatr jemgyýetçilik gylyk-häslýetlerini, halkyň islegini tomaşaça ýaýyp bilýän mekdep bolup hyzmat edipdir. Ol öz pýesalaryny halk köpçüligine, tomaşaçylara ýarap bolaýjak ugura ýykgyn edip döredipdir. A.N.Ostrowskiý döredijiliginiň ilki başlarynda pýesalarynda "güýçli gapma-garşylyklara”, "ýokary komizme” bolan ugra has güýçli üns beripdir.
A.N.Ostrowskiniň ilkinji pýesalary bolan "Maşgala bagtynyň keşbi”, "Öz adamlarymyz - düşünişeris” we "Garypja gelinlik” (1851) satiryki ruhda bolup ol esasan N.W.Gogola täsirlenipdir. Esasanam "Öz adamlarymyz düşünişeris” komediýasy N.W.Gogola has golaý bolupdyr. Bu pýesada dramaturg täjirçilik gatnaşyklardaky höküm sürýän ýalaçylygyň, ikiýüzliligiň, sowatsyzlygyň üstünden gülýär. Komediýanyň merkezinde ýyrtyjy, açgöz Bolşowyň gylyksyz keşbiniň ysti bilen adamlary maýyp-müjrüp etmäge çenli barlyp ýetilýänligini açyp görkezýär. Dramaturg bu komediýasynda samsyk täjirleriň öz gol astyndaky ygtyýarsyz adamlaryň üstünden höküm sürmegini açmak bilen krepostnoý-samoderžawyýa düzgüniniň düýbüniň çüýrükdigini açypdyr. Awtor komediýasynda täsin, ýaramaz häsiýetli sözleri Lipoçkinyň, ýönekeý halk gepleşigini Fominişiniň, bir görseň-ä tilki ýaly, bir görseňem gödek gepleşigi Podhalýuziniň üsti bilen ussatlarça berip bilipdir. "Öz adamlarymyz - düşünişeris” komediýany Rus progressiw pikipli adamlar tarapyndan ýokary derejede garşylanypdyr. A.I.Gersen bu komediýa: "Ýigrenjiň we gazabyň gykylygy” diýse, W.F.Odoýewskiý öz ýoldaşlarynyň birine: "Sen, Ostrowskiniň "Öz adamlarymyz - düşünişeris” komediýasyny has takygy tragediýasyny okadyňmy? Bu eseriň hakyky ady "Bergidar”. Men Russiýada üç sany tragediýa bar diýýärdim. Eger menden solardan birinji ýerde D.I.Fonwiziniň "Ulalyp oňalmadygyny”, ikinji ýerde A.S.Griboýedowyň "Akyl zerarly hasratyny”, üçünji ýerde N.W.Gogolyň "Derňewçisi”, "Bergidary” bolsa dördünji hasaplardym”- diýip, ýazypdyr.
A.N.Ostrowskiý "Öz adamlarymyz - düşünişeris” komediýasyny şol wagt Moskwada ýeke-täk edebi-çeperçilik žurnal bolan "Moskwitýanda” çap etdirmek bilen slawýanofil topara golaýlapdyr. Bu ýagdaý ýaş dramaturg A.N.Ostrowskiniň eserlerine gadaganlyklaryň salynmagyna alyp barypdyr. Sebäbi ol komediýalarynda süýthorlaryň, täjirleriň, patryarhal düzgüniň garşysyna hyýaly urgy döredipdir. Onuň slawýanparazçylyk adatlaryna eýerip ýazan Öz arabaň başga araba münme” (1852) "Garyplyk aýyp däl” (1853), "Bu durmuşy islemeseň, islegiň boýunça ýaşa” (1854) pýesalarynda has-da duýulypdyr. Bu zatlara garamazdan A.N.Ostrowskiý durmuş hakykatyny açmakdaky wepalylygyna galypdyr. Ýokarda agzan pýesalarymyzyň iň meşhury "Garyplyk aýyp däl” hasaplanypdyr. Bu pýesada halkyň iň garyp gatlagy hakykaty ýaýradyjy, ynsanperwerçiligi goraýjy bolup çykyş edýär. Ol bu eserinde ýokary komediýanyň üsti bilen rus halkynyň şahyrana tebigylygyny, ruhynyň arassa päkligini, owadanlygyny geregiçe açyp bilipdir.
Slawýanofil reaksion täsir A.N.Ostrowskiniň döredijiliginde bölekleýin we gysga möhletleýin bolupdyr. N.G.Çernyşewskiniň "Garyplyk aýyp däl” tankydy makalasyndan, N.A.Nekrasowyň "Bu durmuşy islemeseň, islegiň boýunça ýaşa” pýesasyna beren ýokary bahasyndan soň, A.N.Ostrowskiý slawýanofil hyýalylykdan daşlaşyp demokratik ugra ýykgyn edipdir. 1856-njy ýyldan başlap ol rewolýusion-demokratik žurnaly bolan "Sowremennigiň” redaksiýasynyň işgäri bolýar. Ol şol ýerde N.A.Nekrasow bilen golaý döredijilik aragatnaşyk saklapdyr. A.N.Ostrowskiý "Sowremennik” žurnaly ýapylandan soň, N.A.Nekrasow bilen M.Ý.Saltykow-Şedriniň ýolbaşçylyk edýän "Oteçestwennih zapisah” ("Watançyltk ýazgylary") žurnalynda pýesalaryny çap etdirmäge başlaýar. Ol bu žurnalda "Keseki üýşmelegindäki serhoşlyk” (1855), "Düşewintli orun” (1856), "Terbiýelenen gyz” (1858), "Tupan” (1859) pýesalaryny çap etdirýär. Dramaturg bu pýesalarda-da ýene-de satira ýüz urmak bilen döwrüň gündelik durmuşyny açyp görkezmegi başarypdyr. Şol döwürde "garaňky şalygy” satiranyň üsti bilen beýan edýän dramaturglaram A.N.Ostrowiskiniň sungatyna goşulyp, hakyky duýgy bilen halka howp salýan, hämýet wekilleriniň üstünden düşmekde belli bir eserler döredipdirler. A.N.Ostrowskiý özüniň meşhur "Tupan” tragediýasynda ýurtda höküm sürýän jemgyýetiň ýyrtyjylyk bilen halka salýan zulmunyň üstüni açmak arkaly satira daýanyp täze progessiw pikirli uly güýjüň ösüp gelýändigini suratlandyrypdyr. Bu pýesanyň merkezinde özboluşly, güýçli rus zenany Katerina öňe çykarylyp, "garaňky şalyga” bolan halkyň garşylygy öňe sürlüpdir. Şol sebäplide ýazyjy N.A.Dobrolýubow pýesanyň pewolýusion ähmiýetini dogruçyllyk bilen belläpdir. Sebäbi, pýesadaky gapma-garşylyk öz döwrüniň rewolýusion hereketini doly we aýdyň açyp bilipdir. Tragediýada çeperçilk görnüş ýiti ýaşaýyş garşylyklaryň üsti bilen giň sosial ýagdaýa getirilip, pýesada aýdyň keşpleriň, inçeden şahsy gürleşikleriň döremegi gazanylyp, dartgynly-drama kompozisiýanyň emele gelmegine getiripdir. Döwürdeşleri bu ýagdaýy A.N.Ostrowskiniň ussatlygy hasaplapdyrlar. I.S.Turgenýew "Tupany” awroryň öz okamagynda diňläp: "...täsin we juda beýik rus eseri, bu ýerde ägirtlik, öz zehinini doly ulanyp bilmeklik bar”- diýip, A.A.Fete ýazan hatynda belläpdir. (A.A.Fet, "Meniň ýatlamalarymdan”, M., 1890 ý. 1-nji bölüm, 313-sahypa) I.A.Gonçarow bolsa, Ylymlar Akademiýasy üçin "Tupana” ýazan synynda: "...diýseň batyrgaý, sýužetleriň ýerbe-ýerligi, häsiýetleriň açyklygy, sahnada hereket edýän her bir keşbiň özüne mahsus ynamly dili, diňe ussatlykdan habar berýär” - diýip, ýazypdyr.
A.N.Ostrowskiý "Tupandan” soň sosial-durmuşy komediýalary, drama-
lary döretmek bilen özüniň öňden gelýän adatlaryny dowam etdirmek arkaly adamçylyk mertebäni, arassa ahlagy, ynsanperwerçiligi özünde jemleýän birnäçe pýesalary ýazypdyr. Onuň "Günä, betbagtlyk ol kimiň ýüreginde ýaşamaýan bolsa” (1862), "Degişgenler” (1864), "Gerek ýerinde dogumlylyk” (1865), "Girdap" (1865) pýesalary ýokarda aýdylanlary öz içine alýar. Ol demokratyk äheňli bu pýesalary üçin ol Imperatorçylyk teatryndan daşlaşmaly bolupdyr. A.N.Ostrowskiý teatry goýup, okamak üçin birnäçe taryhy sýužetli "Kozma Zaharyç Minin-Suhoruk”) 1-nji redaksiýasy 1861 ý, 2-nji redaksiýasy 1866), "Goşun başlygy” (1864), "Dmitriý Samozwanes we Wasiliý Şuýskiý” (1866), "Tuşina” (1866), "Wasilisa Melentýewa” (1867 ý. - bu pýesa S.A.Gedeonow bilen bilelikde) pýesalary ýazypdyr.
Onuň taryhy sýužetlere ýüz urmasyny döwrüň jemgyýetçiligi Russiýa-nyň geçmişi bilen baglanyşdyrsa, onuň zamandaş intelligensiýa wekilleri A.N.Ostrowskini "ýazyjy graždanin”, "ýazyjy watançy” hökmünde öňe çykarypdyr. Ol 60-njy, ondan soňky ýyllarda rewolýusion topar we "Oteçestwenniý zapisi” žurnaly bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. A.N.Ostrowskiý 1869-njy ýylda N.A.Nekrasowa ýazan hatynda: "Diňe ikimiz hakyky halk şahyry, diňe biz ikimiz Watany söýüp we duýup oňa doly ýürekden berlip bilýäris. Biz ony kabinetlerde oturyp ýa-da çagalyk slawýanofilçilige ýykgyn etmän duýýa-rys”-diýip, ýazypdyr. /Eserler ýygyndysy,1953-nji ýul, 14-tom, 181-nji sahypa/ XIX asyryň 60-70-nji ýyllary A.N.Ostrowskiniň döredijiliginiň mazmun taýdan gülläp ösen döwri hasaplanýar. Ol şol döwürde ýiti sosial ugra ugrykdyrylan "Gyzgyn ýürek” (1868), "Ähli akyllylara mahsus sadalyk” (1868), "Jeňňel” (1870), "Möjekler we goýunlar” (1875) ýaly ajaýyp hasaplanýan pýesalaryny ýazypdyr.Onuň şol döwürle degişli hyýaly ertekisi "Garpamyk” (1873), ýumşak satira ýugrulan "Hemme pişikler üçin maslenisa däl” (maslenisa - slawýan halklaryň gyş bilen hoşlaşýan güni-1871 ý), "XVII ýüz ýyllygyň komigi” )1872), "Hakykat - ýagşy, bagtlylyk ondanam ýagşy” (1876) pýesalaram oňat garşylanan pýesalar hasaplanýar. A.N.Ostrowskiniň dramaturg hökmünde çuňňur sosial-psihologiýany, keşplerdäki aýdyň, häsiýetleri düşnükli açmaklygy onuň "Giçki söýgi” (1873), "Soňky pida” (1877) "Galyňsyz” (1878), "Zehinler we muşdaklar” (1881), "Günäsiz günäkärler” (1883) pýesalarynda has ýokary bolupdyr. Şu atlaryny agzap geçen pýesalarymyzyň içinde "Galyňsyzda” sosial-psihologik, gapma-garşylyklaryň ýitiligi, düýpli meseleleri açyp bilýän öwüşginlilik has-da ýiti bolup, satira Knurowyň, ýumşak degişgenlilik Robinzonyň, liriki-drama Larisanyň keşbiniň üsti bilen berlipdir. Şu pýesalardaky gahrymanlaryň kyn içki dünýäsini, olaryň joşgunlylygyny, täsirliligini inçelik bilen çykaryp bilmeklik A.P.Çehowyň dramaturgiýasyna-da ýol açypdyr.
A.N.Ostrowskiý jemi 47-sany nusgawy pýesa döredipdir. Şolardan 7-si başga awtorlar bilen goşulyşyp ýazylan pýesalar hasaplanýar. Şeýlelik-de ol rus sahnasynda uly bir dünýäni emele getirmegi başarypdyr. A.N.Ostrowskiý pýesalaryna demokratik pikirleri salmak bilen demokratik personažlary döredipdir. Onuň pýesalary öz görnüşi boýunça köp dürli žanrlardan ybarat bolmak bilen içine komizmi, güýçli we epiki dramatizmi ýerleşdirip olaryň çäklerini ussatlyk bilen çäklendiripdir. Ol eserlerinde öz döwrüniň ýaşaýyş durmuşyny çuňňur baglanyşdyrmak, ony doly öwrenmek, yzarlamak bilen döwrüň talap edýän eserlerini döredipdir. A.N.Ostrowskiý döwrüň ýyrtyjylygyny suratlandyryp, buržuaziýanyň käbir alasamsyk wekillerini "Keseki üýşmeleňindäki serhoşlykda” - Tit Titiç Bruskowyň, "Tupanda” - Dikiniň keşpleriniň üsti bilen olaryň ýyrtyjylygyny, haýasyzlygyny suratlandyrsa, "Galyňsyzynda”- Paratowyň, Knurowyň, Wožewatowyň, "Soňky pidada”- Ppibytkowyň keşpleriniň üsti bilen olaryň gysganç ýüzlerini suatlandyrmak arkaly olaryň doýar-dolmaz iýijidigini, ruhy taýdan boşdygyny, ahlak taýdan bozukdygyny suratlandyrmak netijesinde döwrüň çüýrükligini doly beýan edipdir. A.N.Ostowskiniň "Ähli akyllylara mahsus sadalykda”- Glumowyň, "Guduzlan pulda”- Telýatýewiň, Kuçumowyň, "Jeňňelde”- Gurmyžskaýanyň, "Möjekler we goýunlarda”- Berkutowyň, "Soňky pidada”- Dulçiniň keşpleriniň üsti bilen öz dramaturgiýasyny ösdürip rus hakykatyny has-da açypdyr. Ol bu pýesasyndaky esasy personažlar arkaly wajyp rus meseleleriniň örüsini giňeldipdir. Dworýançylygyň, çinownikçiligiň, süýthorçylygyň, garyp meşşan-çylygyň, senetçileriň, intelligensiýanyň, daýhanlaryň ýaşaýyşlaryny suratlandyryp, deňsizligi ýüze çykarypdyr. A.N.Ostrowskiý özüniň taryhy pýesalarynda Russiýanyň gadymy "garaňky şalykdaky” hökümdarlryny, möwrütini ötüren adatlaryny wasp etmekligi ret edipdir. Onuň iň oňat pýesalary hasaplanýan "Öz adamlarymyz - düşünişeris”, "Tupan”, "Ähli akyldarlara mahsus sadalyk”, "Gyzgyn ýürek” sahna eserlerinde döreden keşplerini ýokary satira derejesinde suratlandyryp, reaksion "garaňky şalygy” ýazgaryp, adamlary täzeçe ösüşe tarap çagyrypdyr. Onuň pýesalarynda halkyň geljege bolan çuňňur ynamy, geljege bolan adalatlylygy "garaňky şalygy” ýirgenýän, oňa garşy çykyş edýän halkyň içinden çykan ahlagy arassa keşpleriň üsti bilen berlipdir. Şeýle çagyryşlar "Keseki üýşmelegindäki serhoşlykda” mugallym Iwanowyň, "Düşewüntli orunda” Žadowyň, "Tupanda” Katerina bilen Kulaginiň, "Gyzgyn ýürekde” Paraşiniň, "Zähmetli çörekde” mugallym Korpelowyň, "Hakykat - oňat, bagtlylyk ondanam ýagşyda” Platon Zybkiniň, "Galyňsyzda” Larisanyň, "Zehinler muşdaklarda” Meluzowyň, ,,Günäsiz günäkärlerde” Kurçinowanyň keşpleriniň üsti bilen berlip-dir. A.N.Ostrowskiniň pýesalarynda gyz-gelinleriň söýgä bolan gatnaşyklaryndaky wepalylyk ,,Garypja gelinlikde” Dunýanyň, "Bu durmuşy islemeseň, islegiň boýunça ýaşada” Grunýanyň, "Keseki üýşmeleňindäki serhoşlykda” Ýelizaweta Iwanownanyň, "Terbiýelenen gyzda” Nadýanyň, "Tupanda” Katerinanyň, "Şagalaňly orunda” Annuşkanyň, "Giç gelen söýgüde” Lýudmilanyň, "Hakykat - oňat, bagtlylyk ondanam ýagşysynda” Felisatanyň keşpleiniň üsti bilen demokratik ýagdaýda ýüze çykarylypdyr. Ol garyp, "kiçijik” adamlaryň keşplerine ýüzlenende uly duýgy, gynanç bilen suratlandyrypdyr. Onuň "Degişgenlerinde” Obroşýenowyň keşbi ýürek awadyjy keşp hökmünde sahna çykarylypdyr. A.N.Ostrowskiniň döreden keşpleri özüniň berkligi, taryhylygy bilen her gahrymanyň - personažyň öz döwründe haýsy gatlagyna degişliligi belli bolupdyr. Ol şol gatlaga degişli personažlaryň hersiniň içki dünäsini, psihologiýasyny, häsiýetlerini aýratynlykda açmak bilen olaryň şertleýinligini saklamaklygy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde-de keşplerde taryhylygy, hakykatlygy saklap umumy adamzada mahsus çäkleri saklap bilipdir.
A.N.Ostrowskiniň pýesalarynda umumy adamzada mahsus gymmatlyklar saklanmak arkaly täzelige tarap ýol arçapdyr. Onuň "Öz adamlarymyz - düşünişerisinde” Podhalýuziniň, "Kesekiniň üýşmelegindäki serhoşlykda” Tit Tityç Bruskowyň, "Tupanda” Dikiniň we Kabanyhanyň, "Ähli akyldarlara mah-sus sadalykda” Glumowyň, "Gyzgyn ýürekde” Hlinow we Gradoboýewiň, "Galyňsyzda” Knurowyň keşpleriniň üsti bilen adamzada mahsus çäkler saklanyp täzelige, geljege bolan çuňňur ynam öňe sürülýär. A.N.Ostrowskiý özüniň bu pýesalarynda könä bolan garşylygyny açyp, täzä bolan hyjuwa özboluşly peňk çaýypdyr. Esasanam onuň "Tupanynda” täzä bolan ymtylyş, rewolýusion pikirler has-da aç-açan duýulypdyr. Bu barada N.A.Dobrolýubow: "Rus ýaşaýşy we rus güýji, "Tupanda” aýgytlylyk bilen öňe sürlüpdir” - diýip, belleýär. (Eserler ýygyndysy, 3-nji tom, 1952-ýyl, 220-sahypa).
A.N.Ostrowskiý öňe sürmelerini durmuşa geçirmek arkaly maşgalada gündelik gabat gelýän durmuşy sýužetlerem geregiçe ulanyp, olary öz pýesalarynda şöhlelendirip beýan edipdir. Bu barada N.A.Dobrolýubow: "Ostrowskide adatdan daşgary dolulyk, güberçekläp duran aýdyňlyk, açyklyk bilen iki sany maşgala gatnaşygy orta atylýar. Olaryň birinjisinde maşgalanyň (är-aýalyň) birek-birege bolan adamçylyk gatnaşygy, ikinjisinde bolsa, öý goşlary, baýlyk orta düşýär. Şol sebäplem onuň pýesalarynyň adyndan belli bolşy ýaly maşgala, öýlenjek ýa-da öýlenen ýigit, durmuşa çykjak gyz ýa-da durmuşa çykan gelin, baýlyk, garyplyk aýry-aýry maşgala sýužetleri arkaly birikdirilýär”- diýip, ýazýar. (A.N.Dobrolýubow. Saýlanan eserler, 2-nji tom, 1952-ýyl, 177-sahypa) A.N.Ostrowskiniň pýesalarynda durmuş hakykatyny ýiti garşylyklaryň üsti bilen berip bilmegi jemgyýetçilik aňynda hemmeler üçin aýdyň düşünjäni döredip bilipdir. Pýesalardaky wakalaryň tebygy taýdan
ösdürilmegi adamlarda - tomaşaçylarda hyýalkeşligi döredip olaryň hakykata öwrülmegine alyp barypdyr. Şol bir ýagdaýda hakykatyň hatyrasyna sosial gatlaklaryň arasynda dolulygy, kesgitliligi, häsiýetlerdäki aýdyňlygy wakalar başlamazyndan ozal olary biri-birine baglaşdyrmak (daňmak) arkaly batyr-gaýlyk bilen pýesalaryna salypdyr. Dogrusy, ol şeýle etmek bilen öňden endige öwrülen dramaturgiýa kadalaryny (kanonlaryny) bozup, hereket edýän keşpleri, hilegärliklere gönüdengöni gatnaşmaýan pesonažlary bir akyma ugrukdyryp bilipdir. Şeýle etmeklik onuň "Tupanynda” gahrymanlar Fekluşa bilen Kuliginiň arasynda bolup geçýär.
A.N.Ostrowskiý giň epiki, nusgawy pýesalary döretmek bilen olara baý, ýokary drama öwüşgünlilik beripdir. Onuň eserlerinde hereketiň ösmegi sahnada epiki, drama, komiki, liriki-drama žanrlarynyň çeperçilik serIşdeleri bolan gapma-garşylyklary (kontrast), biri-birine ters gelýän (antiteza) düşünjeleri, keşpleri, monologlary, gepleşikleri (dialoglary) her bölümiň içinde we bölümden-bölüme geçilende ösdürmeklik netijesinde emele getiripdir. Şeýle hem A.N.Ostrowskiý sahnadaky wakalary ýitileşdirmek (zaostrit) wakalary gereginden artykmaç ulaltmak /groteska/ ulanmak arkalam beripdir. Şeýle etmeklik tärleri onuň "Gyzgyn ýüreginde” has duýulýar. Ol "Tupanda”dürli alamatlara, nyşanlara, "Woýewod ýa-da Wolgada dörän güýçde” (Woýewod - şäherdäki harby goşunyň başlygy) hyýalbentlige (fantastika), "Garyplyk aýp däl-de”, "XVII asyryň komiginde” dilden aýdylýan halk döredijiligine (aýdymlara) ýüz urmak bilen pýesany ösdüripdir. A.N.Ostrowskiý bu ýagdaýlary sýužetlerdäki monologlara, diologlara, hadysalara, hereketlere, yzygiderlilige, gurluşa tabyn etmek arkaly berip bilipdir. Onuň pýesalaryndaky çeperçilik köp taraplaýyn, yzygideli bolup bütewi kompozisiýany döretmek arkaly sahna sungatyny ýokary göteripdir. Ol şol bir ýagdaýda rus diliniň ussady hökmünde tanalypdyr. M.Gorkiniň aýtmagyna görä A.N.Ostrowskiý dil babatda - "çarodeý” ("Çarodeý”- jadygöý, gözbagçy) bolupdyr. Dogrudanam A.N.Ostrowskiniň dili düşnükli, arassa, kesgitli, gepleşik žanryny berip bilmeginde gutarnykly aýdyňlyk (çekannost), ynandyryjylykli dirilik, dyrmuşy aýratynlylyk (koloritlilik), sözleşigiň wagty we ýeri örän takyk bolupdyr.
A.N.Ostrowskiý döredijiliginde durmuşy giň, doly we köp taraplaýyn suratlandyrmaga çalşypdyr. Ol komediýa, drama, taryhy tragediýa, erteki žanrlarynyň hemmesinde öz güýjüni synapdyr. Ýöne, baş goşýan žanrlary kyn, mazmun taýdan giň,bolmak bilen bir pýesanyň dowamynda ähli žanrlary garyşdyryp, goý ol komediýa ýa-da drama, goý ol hilegärlik ýa-da häsiýetleriň çaknyşygy hemmesini jemläp yzygiderili kompozisýa döretmekde ussatlygyny görkezipdir. Onuň döredýän garyşyk žanrlardaky pýesalaryny A.N.Dobrolýubow "durmuşyň pýesalary” atlandyrypdyr. A.N.Ostrowskiniň haýsy pýesasyny alsaňam onda sosial-durmuşyň, sosial-psihologiýanyň elementlerini görmek bolýar. Onuň "Tupany” sosial-durmuşy eserdigine garamazdan onda sosial-syýasy mazmun örboýuna galyp dur. "Ähli akyldarlara mahsus sadalyk” pýesasaynda-da sosial-syýasy ýagdaý peýda bolup on-da dworýan durmuşy we gylyk-häsiýetleri giňden suratladyrylýar. "Galyňsyzy” sosial-psihologik drama bolmak bilen dworýan-buržuaz Russiýanyň oba ýerlerindäki özboluşly ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Ýokarda bellänlerimiz A.N.Ostrowskiniň dramaturgiýasynyň özboluşly we köp taraplydygyna ýenede bir gezek güwä geçýär. A.N.Otrowskiniň A.S.Griboýedowdan, A.S.Puşkinden, N.W.Gogoldan dramaturgiýadaky realizminiň aýratynlygy onuň rus dramaturdiýasynda durmuşyň we çeperçiligiň täzeçe çäklerini döretmeginden ybarat. Ol öz pýesalaryna jemgyýetçilik görnüşleriniň hakyky, real taraplaryny salmak bilen sosial-durmuşyň keşplerini doly açypdyr. Şeýle hem personažlaryň gürleýiş äheňleriniň aýratynlyklarynam geregiçe açyp bilipdir. I.A.Gonçarow A.N.Ostrowska ýazan hatynda: "Siziň ýeke özüňiz Fonwiziniň, Gribaýedowyň, Gogolyň düýbüni tutan binasyny doly tamamladyňyz. Siziň bu eden işiňizden soň, biz ruslaryň begenmäge, guwanmaga, öwünmäge doly haky bar. Sebäbi indi biz ruslaryň hakyky milli teatry emele geldi”- diýip, ýazypdyr. (Saýlanan eserler, 8-nji tom, Moskwa-1955-ýyl, 491-492-sahypa) A.N.Ostrowskiniň döredijiligi rus edebiýatynyň we dramaturgiýasynyň geljekgi ýoluny doly kesgitledi. Bu ýagdaýyň diňe bir rus halkynyň däl-de, SSSR halklarynyň dramaturgiýasynada öz uly täsirini ýetirdi. Dramaturglar A.P.Çehow, L.N.Tolstoý, M.Gorkiý, G.Sundukýan, A.Sagareli, I.Karpenko-Karogo we beýlekiler A.N.Ostrowskiniň döredijiliginden köp zatlary susup almagy, özlerine kabul etmegi başardylar.
A.N.Ostrowskiniň pýesalarynyň teatrlarda peýda bolmagy rus aktýorçylyk sungatynda realizmiň ösmegine alyp geldi. Şol bir wagtyň özünde geljekki aktýorlar neslini realizm ruhunda terbiýelemäge ýol açdy. Onuň döreden mekdebiniň çäkleriniň iň häsiýetli taraplary sosial-durmuşy häsiýetlerde milli özboluşlylyklary, eserde ýokary maksatlary gözlemekde adamy-keşbi halkdan gözlemelidigi öňe sürülýär. A.N.Ostrowskiý Kiçi teatrda sahna çykarylan ilkinji "Öz arabaňdan başga araba münme” (1853) pýesasynyň taýýarlanyş işi-ne özi ýolbaşçylyk edipdir. Bu barada I.F.Gorbunow: "Tutunyň syrylmagy bilen sahnadan şu wagta çenli eşidilmedik täze sözler, heniz eşidilmedik gepleşik, diri adamlaryp peýda boldy”- diýip, ýazýar. (Saýlanan eserler, tom-2, SPB-1904-ý., 377-nji sahypa.) Spektaklda baş keşbi-Rusakowy P.M.Sadow-skiý döredipdir. Onuň dramaturgiýada açylan we berkän zehini ýaş aktýorlar mekdebiniň döremegine, ösmegine uly goltgy bolup hyzmat edipdir. Şol ýyl
Kiçi teatryň sahnasyna "Garypja gelinligi” çykarylýar. Sahnada baş keşbi Mariýa Andreýewany Ý.N.Wasilýewa döredipdir. "Garyplyk aýyp däliň” (1854) Kiçi teatryň sahnasyna çykarylmagy onuň dramaturgiýasynda ajaýyp ýeňiş hökmünde kabul edilipdir. Bu pýesada-da baş keşbi Lýubim Torsowy P.M.Sadowskiý döredipdir. Lýubim Torsowyň keşbini döretmek bilen aktýor P.M.Sadowskiý öz sahna sungatyndaky iň ýokary derejeleriniň biri hasaplapdyr. A.N.Ostrowskiý üçin Kiçi teatr iň mährem ýere öwrülipdir. Kiçi teatryň sahnasyny onuň eserleri bolan "Düşewüntli orun” (1863), "Ähli akyldarlara mahsus sadalyk” (1868), "Jeňňel" (1871), "Hakykat - oňat bagtlylyk ondanam ýagşy” (1876), "Soňky pida” (1877), "Galyňsyz” (1878), "Tupan" (1859), "Degişgenler” (1859), "Gyzgyn ýürek” (1869), "Zehinler we muşdaklar” (1881), "Günäsiz günäkärler” (1884) pýesalarynyň sana çykarylmagy rus dramaturgiýasynda we teatrynda uly öwrülişik bolup hyzmat edipdir. "Tupanda” baş keşbi döreden A.N.Ostrowskiniň aýtmagyna görä, juda oňat Katerinasyny L.P.Kosiskaýanyň, Tihony S.W.Wasilýewiň, Kabanihany S.P.Akimowanyň keşplerini döretmekleri aktýorlaryň ussatlyklary-nyň uly mekdebine öwrülipdir. "Tupanyň” Aleksandrinskiý teatrynda sahna çykarylmagynda Tihonyň keşbini döreden A.Ý.Martinowyň tragik aktýor bolup ýetişmeginde onuň çuňňur zehinini açypdyr. "Tupanda” Kabanihanyň, Katerinanyň keşlerini ýerine ýetiren Ý.N.Linskaýanyň, F.A.Snetkowanyň (olar keşpleri çalşyp döredipdirler) döredijilik durmuşlarynyň ýokary göterilmegine getiripdir. A.N.Ostrowskiniň "Tupanyndaky” Prow Mihaýlowiçiň, Mihail Prowiçiň, Olga Osipownanyň keşplerini döretmek bilen Sadowskileriň aktýorlar maşgalasam terbiýelenip meşhurlyga ýetipdirler. Bu pýesada aktýorlar S.P.Wasilýew, L.P.Kosiskaýa, Ý.N.Wasilýewa we beýlekiler çykyş edip ussatlyklaryny görkezipdirler. Onuň pýesalarynda hereket eden iň oňat keşpler hasaplanan Naginany M.N.Ýermolawa, Katerinany P.A.Strepetowa, Kruçininany G.N.Fedotowa, Nesçastliwsewleri (bagtsyzlary) N.H. we K.N.Rybakowlar, Larisany W.F.Komissaržewskaýa döredipdir.
A.N.Ostrowskiý ýaş aktýorlary realistik ugra ýykgyn edip terbiýelemekde režisýor hökmünde-de çykyş edipdir. Ol Kiçi teatrda sahna çykarylýan ähli pýesalaryna gatnaşmak bilen: "Men bar güýjüm aktýorlara golaýlaşyp,olara bilimimi, ukybymy siňdirmegi göz öňünde tutdym. Sahnadaky wakalary tebigy beýan edijilik mekdebi ilkinji bolup, Moskwanyň truppalarynda, soň bolsa Martynowyň wekilçilik edýän Peterburg truppalarynda emele gelip şöhratlanyp ugrady. Şol bir wagtyň özünde meniň ilkinji komediýalarym men gatnaşmazymdan sahnada peýda bolupdy”- diýip, ýazypdyr. (Eserler ýygyndysy, 12-nji tom, Moskwa, 1952-ýyl, 66-sahypa.)
A.N.Ostrowskiniň aýtmagyna görä, hakyky, nusgawy, görelde alarlyk teatr öz çeperçiligi bilen hakyky durmuşy sahnada beýan edip, özüne çekijiligi gazanmalydyr. Şol bir wagtyň özünde naturalizme garşy durup, sahna realizmini wagyz etmelidigini, hakyky nusga alarlyk çeperçiligi ösdürip aktýorlar ansamblyny döretmelidigini belläpdir. Özi dogrusynda aýdanda bolsa, men Kiçi teatr üçin ýazýaryn, Kiçi teatr meniň öýüm, ondaky zehinli aktýorlaram öz adamlarym diýip, hasaplapdyr. A.N.Ostrowskiý pesany ýazanda her aktýory göz öňünde tutup, şol keşbi onuň bilen aýratynlykda işläpdir. Ol şeýle etmek arkaly täzelikçi režissýor hökmünde-de çykyş edipdir. A.N.Ostrowskiý täzelikçi režissýor hökmünde çykyş etmek bilen pýesalaryň sahna çözgüdini açyp, olardaky sosial-estetiki meseläni yzygiderli aýdyňlaşdyrmagy we olary keşpleriň üsti bilen bermegi öňe sürüpdir. Şol wagtyň özünde pýesasyň "diline we häsiýetine” aktýoryň berlip bilmegini ündäpdir. Ol aktýor dogrusyndaky şeýle düşünjeleri öňe sürmekde edebiýat we teatr-sahna sungatynyň ösüş derejesini kesgitläp W.G.Beilinskiniň, 60-njy ýyllardan soň, I.M.Seçenýewiň makalalaryny tejribe hökmünde ulanypdyr. A.N.Ostrowskiý sahnada pýesanyň içine alýan wagtyny, döwrüni personažlaryň geýýän egin-eşikleriniň we sahna bezeginiň üsti durmuş hakykatyny açmaklygy ýeke bir aýtman, öz pýesalary sahna çykarylanda spektakly goýujylardan talap edipdir. Ol şol bir wagtyň özünde naturalistik sahna bezeglerini, sosial-gurmuşy, taryhy we beýleki ýagdaýlaryň surata alynan ýaly gaýta-gaýta gabat gelýän göçyrmeliginden daşda bolmaklygy aýgytly kesgitläpdir. A.N.Ostrowskiniň Kiçi teatrda pýesalarynyň goýulmagyna özüniň gatnaşmagy, şol döwürde ýurduň uly teatry bolan Aleksandrinskiý teatrynyň sahna çeperçiliginden ýokarda bolupdyr. Bu barada döwrüň tanymal teatr tankytçylarynyň biri bolan A.A.Pleşeýew: "Kiçi teatrda oýun oýnanokdylar, ol ýerde nähilidir keramatly hereketler peýda bolýardy. Bu spektakl däl-de, özüne çekiji bir jadyly konsertdi”- diýip, ýazypdyr.
A.N.Ostrowskiniň pýesalary teatrlaryň we teatr wekilleriniň arasynda gahar-gazaply jedelleriň peýda bolmagynada getiripdir. Şeýle gahar-gazaplylyk diňe bir Imperatorçylyk teatrynyň direksiýasy tarapyndan döremän, aristokratyk gatlagyň wekilleri we şol bir meňzeş göçürmeleri (ştamplary) özlerine nusga edinen aktýorlar tarapyndanam döräpdir. Şol sebäplem A.N.Ostrowskiý edebiýat-teatr döredijiliginiň ähli babatlarynda özüniň realistik tutumlaryny goramak göreşine sarp edipdir. Onuň hut özüniň gatnaşmagynda sahna çykarylan pýesalary beýleki awtorlaryň pýesalaryndan tomaşaçylar tarapyndan has ýokary derejede garşylanypdyr.
A.N.Ostrowskiý 1869-njy ýyldan başlap, Imperatorçylyk teatrynyň direksiýasyna we köşk ministrligine köp sanly we yzygiderli hat ýazmaga başlaýar. Hatlaryň esasy mazmuny spektakllaryň ideýa-mazmunlaryny, repertuarlaryň derejesini ýokarlandyrmak, teatrlary sahna ussatlarynyň eline bermek, truppalary bilimli aktýorlaryň hasabyna doldurmak, teatrlaryň ýanynda drama klaslaryny döretmek, höwesjeň toparlardan bolan zehinli ýaşlary teatrlara çekmekden ybarat bolupdyr. Onuň teatr babatdaky bu tagallalary onuň özüniň Imperatorçylyk teatryna gulluga barmagyna getiripdir. Ol 1886-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Moskwa teatrlarynyň repertuar bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirmäge girişýär. Onuň işe başlamagy bilen Kiçi teatrda spektakllary taýýarlamagyň häsiýetleri düýpgöter üýtgäpdir. Kiçi teatrda pýesalary bütin topar bolup okamak, olary yzygiderli gaýtalamak we baş repetisiýalary sahna egin-eşiginde köp sapar yzygiderli ýerine ýetirmek, režissurany ýokarlandyrmak düzgüni başlanypdyr. A.N.Ostrowskiý Kiçi teatrda repertuaryň tiz-tizden çalşylyp, üýtgedilip durmagy üçin repertuar toparyny (sowetini) döredip, oňa döwrüň meşhur edebiýatçylaryny, teatr işgälerini, taryhçylaryny, tankytçylaryny çekipdir. Ol ýaş aktýorlary spektaklda çykyş edýän meşhur aktýorlaryň ýok wagtlary olaryň ýerine ulanmaklygam (dublýor hökmünde) ýola göýupdyr. Teatrda synag spektakllaryny (ýapyk synanyşyklary - debýutlary) yzygiderli alyp barypdyr. Esasan teatrda drama mekdebini döretmeklige uly üns beripdir. A.N.Ostrowskiý özüniň ajaýyp göz öňünde tutmalaryny doly gutarman aradan çykypdyr.
A.N.Ostrowskiý ajaýyp dramaturg, öz pýesalarynyň režissýory, meşhur aktýorlaryň terbiýeçisi bolmak bilen beýik jemgyýetçilik işgäri hökmünde taryha girdi. 1865-nji ýylda A.N.Ostrowskiý, N.G.Rubinşteýin, ýazyjy W.F.Odoýewskiý, aktýor P.M.Sadowskiý "Artistler kružogyny" döredýärler. Bu kružokda öwrenji aktýorlaryň hasabyna örän köp zehinli aktýorlaryň ösüp ýetişmegini gazandylar. Şol bir wagtyň özünde merkezden uzakdaky ki-çijik teatrlarynyň aktýorlarynyň "Aktýorlar kružogynda” yzygiderli çykyşlarynam gurapdyrlar. Şol "Aktýorlar kružogynda” tälim alan M.P.Sadowskiý, O.O.Sadowskaýa, W.A.Makşeýew, A.M.Maksimow, A.A.Dýubýuk, P.A.Strepetowa, M.I.Pisarýew, N.H.Rybakow, N.K.Miloslawskiý meşhur aktýorlar bolup ýetişdiler. Umuman jemgyýetçilik guramasy bolan bu "Aktýorçylyk kružok” rus aktýorlarynyň sallancagy hasaplandy. Şu "Aktýorlar kružogynda” Moskwada filormonoýa jemgyýetini, ýazyjylaryň drama jemgyýetini, şahsy teatrlary döretmek pikirlerem emele gelip, olaryň döremegine ýol açdy. 1870-nji ýylda rus drama ýazyjylarynyň, opera kompozitorlarynyň "Ýygnagy” emele geýär. A.N.Ostrowskiý 1874-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli şol "Ýygnaga” ýolbaşçylyk edipdir. Onuň bar pikiri-aladasy "Jemgyýetçilik guramalarynyň” üsti bilen milli dramaturgiýany,sahna sungatyny ösdürmekden ybarat bolupdyr. Drama eserlerine berilýän galam hakyny galdyrtmagam, ýylyň iň oňat pýesasy üçin her ýylky berilýän A.S.Griboýedow adyndaky baýragy döretme-gem, pýesalar üçin professional kitaphanany gurnamagam A.N.Ostrowskiniň ady bilen aýrylmaz baglylygynda galýar. Onuň Moskwada halk teatrlaryny döretmek we başgada birnäçe arzuwlarynyň amala aşyrylmandygyny döwürdeşleri uly gynanç wakalaryň biri hökmünde kabul edipdiler.
A.N.Ostrowskiniň durmuş ýoly ýeňil bolmandyr. Ol pýesalaryny ýazýan
wagtlary elmydama ýetmezçilik çekipdir. Pýesalaryny sahna çykarmakda-da köp garşylyklara, esasanam döwlet gadaganlyklary höküm sürüpdir. Diňe onuň rugsat edilen "Düşewüntli orun“, "Terbiýelenen gyz”, "Koma Minin” pýesalary Imperatorçylyk teatrynda sahna çykarylypdyr. Konserwatiw we oňa golaý buržuaz bähbitlerini goraýan liberal tankyt onuň pýesalaryny duşmançylykly garşylapdyrlar. Bu kynçylyklara garamazdan döwrüň öňde baryjy tankydy, jemgyýetçilik intelligensiýasy tarapyndan heniz A.N.Ostrowskiniň diri wagtynda ýurdy söýmekde, watançylyk duýgulary ösdürmekde nusgalyk dramaturgiýa hökmünde kabul edilipdir. Onuň pýesalaryndaky beýik hakykat, nusgalyk keşpleriň üsti bilen berilýän çeperçilik, demokratik mazmun, hemmeler üçin düşnükli bolan dil baýlygy onuň ussat dramaturglygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.
A.N.Ostrowskiniň eserleri esasynda döredilen kompozitorlar Kaşperowyň "Tupan” (1867 ý., librettosy Ostrowskiniňki), Çaýkowskiniň "Goşun başlygy” (1869) Serowyň "Duşmanyň güýji” (1871), Ýaneçekiň "Garpamyk” (1882), "Katýa Kabanowa” (1921) operalary şu günlerem sahnadan düşmän gelýär.
A.N.Ostrowskiý köp taraplaýyn bilimli adam bolmak bilen ol, terjimeçi
hökmünde-de çykyş edipdir. Ol daşary ýurt dramaturglary U.Şekspiriň, K.Goldoniniň, Džakomettiniň, hindi dramasy "Dewadasy” ("Baýaderka”) at bilen, G.F.Kwitki-Osnowýanenkonyň ukraýyn dramasy "Şiraň söýgüsini” ("Hakyky söýgi, ýa-da Janam sen bagtymdanam eziz") ady bilen sahna çykarypdyr. A.N.Ostrowskiniň döredijiligi sowet döwrüniň sahna sungatyna-da öz uly täsirini ýetirdi.Onuň pýesalary Sowetler ýurdunyň ähli teatrlarynda diýen ýaly sahna çykaryldy. Onuň iň oňat hasaplanýan pýesalary ilki bilen Kiçi teatryň sahnasyny bezedi. Olardan "Ähli akyldarlara mahsus sadalyk” (1935), "Jeňňel” (1937), "Hakykat oňat, bagtlylyk ondanam ýagşy” (1941), "Möjekler we goýunlar” (1944), "Garyplyk aýyp däl” (1946) pýesalary dürli pežissýorlar tarapyndan Kiçi teatrda sahna ýykaryldy. A.N.Ostrowskiniň "Gyzgyn ýüregi” (1926) K.S.Stanislawskiý tarapyndan MHAT-yň sahnasyna çykarylýar. Bu spektakl teatr durmuşynda uly waka hökmünde kabul edilipdir. MHAT teatrynda A.N.Ostrowskiniň oňat pýesalary bolan "Soňky pida” (1944), "Jeňňel” (1948), "Giç gelen söýgi” (1949) pýesalaram sahna çykarylypdyr. Moskwanyň Ýermolow adyndaky teatrynda "Guduzlan puly” (1945), Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky teatrynda "Puçinasy” (1955) sahnada goýlupdyr. Onuň pýesalaryndaky baş personažlaryň keşpleri döwrüň ajaýyp aktýorlary tarapyndan döredilipdir. "Gyzgyn ýürekde” Hlynowy I.M.Moskwin, Gradoboýewi M.M.Tarhanow, "Gerek ýerindäki dogumlylykda” Ýewgeniýany W.N.Paşennaýa, Sçastliwsewi B.A.Gorin-Gorýanow, Tihony B.G.Dobronrawow, Gurmyžskaýany W.A.Miçurina-Samoýlowa, "Jeňňeldäki” Ulitany Ý.P.Korçagia-Aleksandrowskaýa bilen W.N.Ryžowa, Bulanowy N.K.Çerkasow, "Düşewüntli orundaky” Ýusowy D.N.Orlow, Polinany M.I.Babanowa, Şmaga bilen Hlinowy Ý.W.Toubybeýew, "Galyňsyzdaky” Karandyşýewi S.A.Martinson, "Guduzlan puldaky” Koçumowy W.S.Ýakut, onuň käbir personažlary bolan Katerina we Larisany W.N.Popowa, Katerina we Larisany F.Kadri, Katerinany S.Işantöräýewa we B.Kydykeýewa, Larisany L.O.Grisenko ussatlyk bilen
döredipdirler. A.N.Ostrowskiniň pýesalarynyň örüsi dünýä teatrlarynyň ähli ýerlerine ýaýramagyny döwam etdirip ýör.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.





Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 48 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]