19:13
7. Garaşsyzlyk taryhy – edebiýatyň tarypy
(Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar)

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ajaýyp kitabynyň VI tomunda ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni düýpli öwrenmegiň zerurdygyny, häzirkizaman türkmen edebiýatyny giňden wagyz etmekligiň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýratyn belläp geçýär. Garaşsyzlyk döwrüniň taryhy bolsa, häzirki zaman türkmen edebiýatynyň «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserleriniň baý many-mazmunynyň düýp özen esasyny düzýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Garaşsyzlyk zamanasynyň şygryýeti ýurdumyzda soňky 30 ýylyň içinde gazanylylan döwletli-döwranyň, henize çenli görlüp-eşidilmedik ägirt uly taryhy özgertmeleriň, ýetilen beýik sepgitleriň taryhylygyny özünde jemleýär.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk zamanasynyň ilkinji günlerinde ýazylan Süleýman Ilamanowyň «Geçiş döwri» atly goşgusynyň mazmunynda ýurdumyzyň döwlet özygtyýarlygyna eýe bolan dessine özboluşly bir milli ösüş ýoluny – bazar ykdysady gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin geçiş usulyny saýlap alandygy baradaky taryhy hakykat beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda tassyklanylan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» görä, biziň ýurdumyzda bazar ykdysady gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin geçiş döwri 2030-njy ýylda tamamlanýar .
Şahyr Süleýman Ilamanowyň «Geçiş döwri» atly goşgusynda beýan edişi ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyzyň özboluşly bir milli ösüş ýolunyň – bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn geçiş usulynyň edebi dilde «Geçiş döwri» diýlip atlandyrylýandygyna «Türkmeniň ruhy beýikligi» atly kitapda-da gabat gelmeklik bolýar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2004-nji ýylda neşir edilen «Türkmeniň ruhy beýikligi» atly kitapda: «Biziň döwrümiz geçiş döwrüdir. Geçiş döwri, onda-da onuň başlangyç ýyllary durnuksyzlyk döwrüdir» - diýlip beýan edilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn geçiş döwrüniň ilkinji döwrüni – durnuksyzlyk döwrüni durnukly ýagdaýa eltip, ýurdumyzda ägirt uly ösüşleriň rowaçlanýan Beýik Galkynyş eýýamyny esaslandyran Beýik Ynsan Gahryman Arkadagymyzdyr.
Milli Liderimiziň döwlet Garaşsyzlygymyzyň bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin geçiş döwrüniň ilkinji döwrüniň – durnuksyzlyk döwrüniň adyny syýasy taýdan medeniýetleşdirip, «Berkarar bolmak döwri» diýip atlandyran Beýik Şahsyýetdigini, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir» atly kitabyndaky: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» - diýen parasatly taglymy aýan edýär.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn geçiş döwrüniň her bir döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady-syýasy özgertmeler häzirki zaman türkmen edebiýatynda özüniň çeper beýanyny tapýar. Çünki, ata Watanymyz Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, bazar ykdysady gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn geçip başlamagy bilen häzirki zaman türkmen edebiýaty hem durmuş bilen aýakdaş gidip, durmuş bilen deň-derejede özgerdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen edebiýatynyň «Gadymy türkmen edebiýaty», «Orta asyrlar türkmen edebiýaty», «XVIII asyr türkmen edebiýaty», «XIX asyr türkmen edebiýaty», «XX asyr türkmen edebiýaty», «Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýaty» diýip döwürlere bölünişi ýaly, Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýatyny hem öz içinde üç döwre – «Garaşsyzlygyň berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty», «Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty», «Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty» diýen döwürlere bölmeklik bolýar. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin geçmeklikde esaslandyrylan şu üç döwrüň öz öňünde goýan belent maksatlarynyň bolsa, Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmeklikde, ykdysady kuwwatyny artdyrmaklykda diýseň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu döwürleriň her haýsynyň «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserleri hem aýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda bazar gatnaşyklaryna ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin usulda geçmeklikde esaslandyrylan üç döwrüň her haýsynyň edebiýatynyň taryhylygy barada milli döwletliligimiziň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän günlerinde aýratyn durup geçsek, örän ýerlikli bolar.
Garaşsyzlygymyzyň berkarar bolmak döwrüniň edebiýatynyň «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserlerinde milli döwletliligimiziň ilkinji ýyllarynda – 1992-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Halk maslahaty tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni-syýasy taýdan düýpgöter özgertmeklik maksady esasynda kabul edilen «Müň gün» hem-de «On ýyl abadançylyk» maksatnamalarynyň taryhy ähmiýetiniň örän çeper mazmun bilen beýan edilýändigine Berdinazar Hudaýnazarowyň «Garaşsyzlygyň müň güni» , Atamyrat Atabaýewiň «Goldaýan «Müň günlük» maksatnamany» , Süleýman Ilamanowyň «Baldan zyýada» , Näzik Annatyýewanyň «Ýaşyl tuguň tolkuny» atly goşgulary bilen Ýylgaý Durdyýewiň «Maksatnama» , Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly publisistik poemalarynyň mysalynda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.
Garaşsyzlygymyň ilkinji ýyllarynda «Müň gün» bilen «On ýyl abadançylyk» maksatnamalaryny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde, dört ýylyň içinde, ýagny 1992 – 1996-njy ýyllarda «Tejen – Sarahs – Maşat» demir ýoly gurlup ulanylmaga berildi. Bu demir ýol barada Sona Ýazowa aýdyma öwrülen «Türkmeniň mahmal ýoly», Hudaýguly Gurbanow «Tejen – Sarahs – Maşat» , Ilmyrat Pudakow «Polat ýollar» atly taryhy mazmunly şygyrlaryny döretdiler.
Garaşsyzlygymyzyň berkarar bolmak döwründe «Müň gün» hem-de «On ýyl abadançylyk» maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Kaýum Taňrygulyýewiň 1993-nji ýylda ýazan «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly şygrynyň baý many-mazmunynyň adaty bir durmuş hakykatydygyny aýan edýär.
Mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň milli ösüş ýoluna laýyklykda ýurdumyzda bazar ykdysady gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmeklikde iki sany eşretli döwür – Beýik Galkynyş eýýamy bilen Bagtyýarlyk döwri esaslandyryldy. Bu ajaýyp döwürler döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny mäkäm berkidip, ykdysady kuwwatyny has ýokary derejelere çykardy. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu döwürleriň her haýsynyň «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserleriniň anyk taryhy mazmuna diýseň baý bolmaklygy ýöne ýerden däldir. Çünki, milli Liderimiziň ýurdumyzyň halk hojalygynyň haýsy hem bolsa bir pudagynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň mundan buýana-da ilerlemegi, ösüp-özgermegi, şeýle-de ildeşlerimiziň birnäçesiniň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanyp, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary babatda diýseň ähmiýetli bolan desgalaryň düýbüniň tutulyş ýa-da açylyş dabaralaryna ak pata bermeklik üçin şa gadamyny basan künjekleri – zamanamyzyň şahyr halky üçin ylham ýaýlasyna öwrüldi. Şahyrlarymyzyň şeýle taryhy pursatlardan täsirlenip, bolup geçýän beýik özgerişliklere bolan ýürek buýsançlaryndan ýaňa gursaklaryndan syzlyp çykan şahyrana setirleriniň baý many-mazmuny döwrümiziň beýik ykdysady galkynyşlarynyň aýnasy bolup, ajaýyp zamanamyzyň ýüzüni anyk-aýdyň açyp görkezýär. Bu hili liriki eserlere edebiýaty öwreniş ylmynda «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserler diýilýändigini belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebowyň «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly kitabynda: «Taryhy žanr – taryhy wakalary we şol taryhy wakalaryň içinde hereket edýän taryhy şahslary ýazyp görkezýän dürli žanrdaky eserlerdir. Taryhy temany işlemeklik üçin, awtor ilki şol döwrüň ykdysady we syýasy ýagdaýyny miras galan resminamalaryň üsti bilen pugta öwrenmelidir ýa-da onuň özüniň görkezýän taryhy hadysalarynyň gatnaşyjysy bolmagy gerek. Şu esasda ýazylan taryhy eseriň uly öwredijilik ähmiýeti bar.» - diýip bellän ylmy nazaryýeti hem aýan edýär.
Garaşsyzlygymyzyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty bilen Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynda «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserler şu aşakdaky üç pursatda döreýär diýsek hakykatdan daş düşmeris.
1. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň haýsy hem bolsa bir pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmek barada Karara gol çeken ýa-da daşary ýurtly kärdeşleri bilen ylalaşyk gazanan mahalynda:Muňa mysal hökmünde şahyr Süleýman Ilamanowyň hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň maý aýynda Hindistan respublikasyna bolan resmi iş saparynyň taryhy ähmiýetini gyzgyny bilen bada-bat halka ýetirmegi maksat edinip, şol pursatda döredip, metbugatda neşir etdiren «Arkadagyň nurly paýhas ummany» atly uly göwrümli şygryny görkezmeklik bolar. Şahyr bu goşgusynda Gahryman Arkadagymyzyň Hindistan respublikasyna bolan şol iş saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna täzeden seredilendigi we bu babatda resmi ylalaşyk gazanylyp taryhy Karara gol çekilendigi baradaky durmuş hakykatyny iki halkyň öz Liderleriniň adyna aýdýan alkyş sözleriniň esasynda uly buýsanç bilen beýan edip:
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow,
Premýer ministr Manmohan Singh
Türkmen gazyna – dünýä ýüzüne ak ýol,
Açdylar, göterler iki dost ykbal –
Gazyň baý ojagy – bu Türkmenistan!
Baý bazarly – gençli bolar Hindistan! – diýen ajaýyp şahyrana setirlerini dile getirýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Döwletli diýarym, baýlygym barym», alym şahyr Ahmet Mämmedowyň «Mawy gazym lowurda» atly goşgulary hem hormatly Prezidentimiziň Hindistana bolan şol resmi saparyndan soň, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň dörediljekdigi hakyndaky taryhy Karara çäksiz buýsanjyň esasynda 2010-njy ýylda ýazylan şygyrlardyr. Şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň «Dünýäň nazarynda ýene Aşgabat» atly goşgusy bolsa Aşgabatda geçirilen Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan sammitiniň mejlisiniň çäginde dört döwletiň hökümetleriniň arasynda «TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky Hökümetara Ylalaşyga», şeýle hem«Taslama gatnaşýan ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda gaz geçirijisi hakyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga» gol çekilmegi bilen baglanyşykly wakanyň ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda bolup geçen iň täsirli ýatda galyjy taryhy wakalaryň biridigini uly buýsanç bilen çeper beýan edýän ajaýyp şygyrdyr.
2. Milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň ykdysady ösüşi üçin diýseň ähmiýetli bolan haýsy hem bolsa bir desgany gurmaklyk işine ak pata berlip, düýbüniň tutulyş dabarasynda: Muňa mysal hökmünde 2011-nji ýylda Garlyk şäherçesiniň gurluşygyna başlanan pillesinde Akmyrat Rejebowyň «Garlyk galkynýar», Tagangül Taganowanyň «Mähribanlyk», Bäşim Ataýewiň «Il bile»atly şygyrlarynyň, şol ýyl häzirki ajaýyp zamanamyzda «Bagtyýarlyk» şäherçesi diýip döwrebap ada eýe bolan Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesiniň durkuny döwrebaplaşdyrmaklyk işine badalga berlen mahalynda Süleýman Ilamanowyň «Şa gadamyň gudraty», Nowruz Gurbanmyradowyň «Şa gadamyň bagt eçilýär, Arkadag» atly goşgularynyň, 2013-nji ýylyň dekabrynda Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyry bilen Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanan taryhy gününde Ogultäç Oraztaganowanyň ýazan ««Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryna»,«Rysgal-baýlyk tapsyn, mydam goý mundan», Atamyrat Şagulyýewiň «TOPH gaz geçirijisi» atly şygyrlarynyň neşir edilmegi hem aýdyň subutnamadyr.
3. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda täze gurlan desganyň ak pata berlip işe girizilen wagtynda: Muňa mysal hökmünde Atamyrat Atabaýewiň 2011-nji ýylyň aprel aýynyň birine ýedisi birlikde ulanylmaga berlen ministrlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalarynyň açylyş dabarasyndaky taryhy pursatda kalbyny gurşap alan ýürek buýsanjyny beýan edip döreden «Ýeke günde ýedi bina» atly goşgusynyň:
1-nji aprelde Arkadagymyz
Ýeke günde açdy ýedi binany... – diýen ajaýyp setirlerinde «Taryhylyk» diýen ylmy terminiň liriki eserlerde anyk sene bilen getirilişine anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Mundan başga-da, 2014-nji ýylda oktýabr aýynda Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesiniň durky täzelenip, ulanylmaga berlende «Bagtyýarlyk» diýen döwrebap ada eýe bolan taryhy pursaty barada şahyr Süleýman Ilamanow «Bagtyýar il joşýar – Bagtyýarlykda» atly, 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmen emeli hemrasynyň äleme çykarylan taryhy gününe bolan buýsanjy hakynda Orazdurdy Atahanow «Buýsançnama» atly, 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabat Halkara howa menziliniň işe girizilen güni barada Atamyrat Atabaýew «Uçara – ganat, gonara – perman» atly, Akmyrat Rejebow bolsa «Laçyn bolup ganat ýaýýar ak uçar» atly goşgularyny döretdiler. Ine, şunuň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, şa gadamyny basan ýerleriniň zamanamyzyň şahyr halkynyň ylham ýaýlasyna öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şahyrlarymyzyň ylhamyndan dörän liriki eserleriniň anyk taryhy mazmuny bolsa döwrümiziň ägirt uly ösüşleriniň, galkynyşlarynyň, bagtyýar durmuşynyň ýüzüni diýseň düýpli, anyk-aýdyň edip görkezýän aýna mysalydyr. Diýmek, Garaşsyzlyk zamanasynda halkymyzyň ýeten beýik sepgitlerini, arzyly ýeňişlerini şygyr dilinde ylham, hyjuw, joşgun bilen beýan etmegiň özüniň şahyr üçin ruhy lezzeti, şeýle hem ony okyjylar köpçüligine ýetirmegiň bolsa terbiýeçilik we öwredijilik ähmiýeti aýdyp-diýeniň çeninden-çakyndan has uludyr.

Toýly Jänädow


Çeşme:
1. Toýly Jänädow. «Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynynyň 2-nji sahypasy.
2. Toýly Jänädow. «Neneň ýürek joşmasyn» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2012-nji ýylyň mart aýyndaky 3-nji sanynynyň 99 – 101-nji sahypalary, şeýle hem bu žurnalyň maý aýyndaky 5-nji sanynyň 47 – 49-njy sahypalary.
3. Toýly Jänädow. «Berkarar döwletimiziň şygryýeti» atly makala. «Türkmen dili» gazetiniň 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasy.
4. Toýly Jänädow. «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylyň iýun aýyndaky sanynyň 39 – 42-nji sahypalary.
5. Toýly Jänädow. «Ykbalyny söze baglan» atly makala. «Zenan kalby» žurnalynyň 2013-nji ýylyň awgust aýyndaky 8-nji sanynyň 9-njy sahypasy.
6. Toýly Jänädow. «Arkadagymyzyň «ak ýol» pelsepesi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-njy awgustyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
7. Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynyň 5-nji sahypasy.
Toýly Jänädow. «Ak zat alnyňa ýagşy» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 119 – 122-nji sahypalary
8. Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-njy ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.
9. Toýly Jänädow. «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
10. Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2016-nji ýylyň noýabr aýyndaky 11-njy sanynyň 125 – 128-nji sahypalary
11. Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 92 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 mango   [Материал]
7. Garaşsyzlyk taryhy – edebiýatyň tarypy
Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin geçmeklikde esaslandyrylan şu üç döwrüň öz öňünde goýan belent maksatlarynyň bolsa, Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmeklikde, ykdysady kuwwatyny artdyrmaklykda diýseň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu döwürleriň her haýsynyň «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserleri hem aýan edýär.

1. Garaşsyzlyk edebiýaty – ruhy galkynşyň binýady
Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin geçmeklikde esaslandyrylan şu üç döwrüň öz öňünde goýan belent maksatlarynyň bolsa, Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmeklikde, ykdysady kuwwatyny artdyrmaklykda diýseň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu döwürleriň her haýsynyň «ykdysady lirikada» ýazylan liriki eserleri hem aýan edýär.

0
2 mango   [Материал]
7. Garaşsyzlyk taryhy – edebiýatyň tarypy

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ajaýyp kitabynyň VI tomunda ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni düýpli öwrenmegiň zerurdygyny, häzirkizaman türkmen edebiýatyny giňden wagyz etmekligiň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýratyn belläp geçýär.

——-

3. Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ajaýyp kitabynyň VI tomunda ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň Garaşsyzlyk döwrüni, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny düýpli öwrenmegiň zerurdygyny, häzirkizaman türkmen edebiýatyny giňden wagyz etmekligiň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýratyn belläp geçýär .

—-

0
3 Bagabat   [Материал]
Tötänden kopiýalanyýypdyr öýdýän.

0
4 mango   [Материал]
bir gazet bardy.
häzirem bar.
şolaram bir taýýar şablon teksti taýýarlap, her baýramçylykda diňe baýramçylygyň adyny çalyşyp berer otyrardylar.....
menem şoňada janymy ýakar ýörerdim... kopýala-ýelmelä bu zatlar diýip....

ýanwarda.
şablon sözler, sözler, sözler täze ýyl baýramy bilen şablon sözler, sözler, sözler gutlaýarys.

martda.
şablon sözler, sözler, sözler zenanlar güni bilen şablon sözler, sözler, sözler gutlaýarys.

oktýabrda (sentýabrda).
şablon sözler, sözler, sözler garaşsyzlyk baýramy bilen şablon sözler, sözler, sözler gutlaýarys.

dekabrda.
şablon sözler, sözler, sözler bitaraplyk baýramy bilen şablon sözler, sözler, sözler gutlaýarys.

0
1 Tumarly   [Материал]
Çok luzumsuz şeyler

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]