18:59
6. Garaşsyzlygyň aklyk pelsepewi lirikasy


(Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar)

Häzirkizaman türkmen edebiýatynyň ykdysady lirikasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady ösüşleri «aklyk» pelsepesi bilen aňladylýar. Bu pelsepäni «Sen ak atda, sen gyr atda, ganatda» atly goşgusynyň, «Ak güller», «Ak kepderi»atly uly göwrümli liriki poemalarynyň esasynda häzirki zaman türkmen edebiýatyna te-ma täzeçilligi hökmünde getiren ussat halypa şahyrymyz Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewadyr. Onuň ady agzalan ýokarky eserlerinde hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyryşda alyp barýan ýoly, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri milli Liderimiziň uly şahsyýeti tutuşlygyna aklyga beslenen, aklykdan gözbaş alan misilsiz ägirtlik hökmünde wasp edilýär, Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlar aýdylýar. Şahyr bu liriki poemalarynyň:
– Ak göwnüň deý ak kepderiň asmanda ,
– Ak gülleri yrym edensiň, Mähriban .
– Gülleriňden galkynýandyr günlerimiz ,
– Gül deý öwşün atdy ýerasty baýlyk – diýen setirlerinde göçme manyly sözleri, ritoriki ýüzlenmäni, meňzetmeleri ýerlikli peý-dalanyp eseriň çeperçiligini ýokarlandyrypdyr. Diýmek, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa häzirki ajaýyp döwrümiziň edebiýatynyň ykdysady li-rikasynda şu günüň ýüzüni şöhlelendirip, zamananyň beýik filosofiýasyny çeper özleşdirmek arkaly, edebiýata täze bir möhüm temany getirdi. Ol tema – beýik Arkadagymyzyň beýik ideologiýasy bilen baglanyşykly «aklyk» pelsepesidir. Bu pelsepe barada «Zenan kalby» žurnalynyň 2013-nji ýylyň awgust aýyndaky 8-nji sanynda neşir edilen «Ykbalyny söze baglan» atly, «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-njy awgustyndaky sanynda çap edilen «Arkadagymyzyň «ak ýol» pelsepesi» atly, ýene-de «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynda neşir edilen ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly, «Garagum» žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynda çap edilen «Ak zat alnyňa ýagşy» atly, «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynda neşir edilen «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makalalarda has giňişleýin beýan edilýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewadan zamanamyzyň şahyrlaryna tema täzeçilligi hökmünde jöwhermaýa gönezligi bolan «aklyk» pelsepesi tutuş ýurdy gaplap alan äpet bir ýagtylyk, ajaýyplyk bolup, ol edebiýatymyzyň ykdysady lirikasynyň dürli temalarda döredilen şygyrlaryna-da öz täsirini ýetirdi. Belli edebiýatçy alym Öde Abdyllaýewiň: «Çeper edebiýatda tebigatdaky zatlar, hadysalar suratlandyrylmak bilen adam durmuşyndaky şoňa çalym edýän zatlaryň, hadysalaryň aňladylýan – beýan edilýän wagtlary-da bolýar. Oňa simwol diýilýär.» – diýen ylmy pikir garaýyşlaryna esaslansak, «aklyk» pelsepesini – «aklyk»siwoly diýip atlandyryp bolar. «Aklyk» pelsepesiniň – «aklyk» siwoly hökmünde aňladylyşyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelerden söz açýan ykdysady lirikada has içgin göz ýetirmeklik bolýar. Muňa mysal hökmünde oba hojalygyna degişli ykdysady lirikada ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny doly gazanyp, özünden artan gallany daşarky bazarlara ýerleýändigine, öz öndüren pagtasyny özüniň senagat taýdan ösdürip, gaýtadan işleýändigine uly buýsanç hökmünde ýazylan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň«Bugdaý» atly şygrynyň:
Ine, indi ak ekinim – ak bagtym,
Türkmeniň abraýyn galdyrdy arşa.
Indi, türkmen arpa nana zar bolup,
Gitmez uzak ýola – gitmez argyşa– diýen, «Ak altynyň serpaýy» atlygoşgusynyň:
Ak pagta – ak bagta deňelen bagta,
Kuwwatydyr Garaşsyz ýurt biliniň.
Ak pagta – ak rysgal,baýlykdyr halka,
Baýlyklary öň hem az däl ilimiň – diýen, Akmyrat Re-jebowyň «Ak pagtanyň aýdymy» atly şygrynyň:
Aklyk bu meýdany gurşap alypdyr,
Kyrkçillede ýagan gunduz gar ýaly.
Daýhan bu aklykdan harman döredýär,
Depesinde ak gar ýatan dag ýaly.

Gözýetmez meýdana nur bolup ornan,
Ak pagta – ak günleň gönezligidir... – diýen, şahyr Süleýman Ilamanowyň«Bereket täji» poemasynyň:
... Ak bugdaýy, ak pagtasy – aklyk geljegiň seniň,
Bu aklyga rowaç berýär, Dana Gerçegiň seniň – diýen, «Altyn asyr»türkmen kölüne bagyşlap döreden «Altyn köl» atly şygrynyň:
...Suwa inýär ak ýoly:
Mülküm kölüm, mülküm köl“
«Altyn kölüm, altyn köl»– diýen, Akmyrat Rejebowyň «Altyn kölüň aýdymy» atly goşgusynyň:
Ak ýaýlama zynat berdi,
Ak arzuwa myrat berdi,
Ak ýollara ganat berdi,
«Altyn asyr» Türkmen köli – diýen setirlerinde,
Nebit-gaz pudagyna degişli ykdysady lirikada Nowruz Gurbanmyradowyň paýtagtymyz Aşgabatda 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» sammetine bagyşlap ýazan«Dünýä nazarynda ýene Aşgabat» atly şygrynyň:
...Arkadagym beýik başlangyjyňyz,
Adamzadyň bagty, Dünýäň ak ýoly – diýen, Ogultäç Oraztaganowanyň 2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda işe girizilen Gündogar – Günbatar gaz geçirijisine barada döreden «Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi» atly goşgusynyň:
«Ak ýol» bolar beýik ýoluň ýazgysy,
Göwnüň götär alkyşlaryň ýagmasy,
Watan şöhratynyň Göge galmasy,
Gündogar – Günbatar gaz geçirijisi – diýen setirlerin-de; ulag we aragatnaşyk ulgamyna degişli ykdysady lirikada paýtagtymyz Aşgabadyň durky düýpli täzelenen Çandybil şaýolyna bagyşlap döredilen Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Beýik ýoly bina kylan Arkadag» atly şygrynyň:
– Ak ýollaryň uly dünýä sarydyr,
– Ak ýollaryň, ak göwnüňe kybapdyr –diýen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Gutly bolsun ýollar ýollar saňa» atly goşgusynyň:
...Şowlap duran ak ýol – Çandybil ýoly
Bezeg berýär bu gün mermer paýtagta – diýen, «Ýol gurmak – sogap iş, ýol bereketdir» atly şygrynyň:
Täze ýollar gurýar Arkadagymyz,
Türkmen ak ýollardan ynamly barýar... – diýen, Süleýman Ilamanowyň «Arkadagyň ak ýollary – nurana» atly goşgusynyň:
...Watanyň, türkmeniň, dünýäň bagty bar,
Bu ak ýolda,bu owadan ýollarda.

... Täze ýüpek Ýolly, ýüpek Ýürekli,
Akbagta çagyrýar dünýäň ilini – diýen, Goçmyrat Orazberdiýewiň «Bu gün» atly goşgusynda:
Ak ýollary – setir, şygyrly mekan,
Saňa bakan göwün ganatly bu gün – setirlerinde; ýurdumyzyň milli syýahatçylyk ulgamyna degişli ykdysady lirikasynda Kakamyrat Rejebowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy barada ýazan «Synla, Arkadag» atly goşgusynyň:
Ynha, ak«Awazaň»!
Synla, Arkadag!
Dumly-duşda nurly köňlüň şuglasy!
Ylham tapan gijeleriň joşguny,
Akdaňlaryň gaýmak bolup çogmasy! – diýensetirlerinde; Söwda we hyzmatlar pudagyna degişli ykdysady lirikada Nowruz Gurbanmyradowyň paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän täze «Altyn asyr» Gündogar bazaryna bagyşlap ýazan «Aşgabadyň ak bazary» diýen şygrynyň:
Türkmen bazaryna«ak bazar» diýip,
Siňdiripdir aklygyny ýüregniň – diýen, ýurdumyzyň gurluşyk we binagärçilik pudagyna degişli ykdysady lirikasynda Akmyrat Rejebowyň paýtagtymyz Aşgabadyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän beýikligi we binagärlik keşbi boýunça gimnesiň rekordlar kitabyna giren «Älem» medeni dynç alyş merkezi barada döreden «Älemdedir – Älemde» atly goşgusynyň:
«Älem» medeni merkezin serpaý berdi Arkadag,
Türkmeniň ak ýollary,
Göterlen ykballary – ÄLEMDEDIR-ÄLEMDE – diýen, Lebap welaýatynda gurlan täze şäherçä hakynda ýazan «Garlyk galkynýar» atly şygrynyň:
...Arkadagyň beýik söýgüsi bardyr,
Ak ýollara ganatlanan Garlykda – diýen, Aýjemal Omarowanyň «Berkararlyk aýdymy» atly goşgusynyň:
Adyň Garlyk, sen – aklygyň şäheri,
Arkadagdan gülläp ösýän badyň bar...

Garlyk diýmek aňladýar ol aklygy,
Garlyk diýmek – rysgal, döwlet, bereket... – diýen setirlerini görkezmeklik bolar. Şahyr Aýjemal Omarowa «Berkararlyk aýdymy» atly bu şygrynda beýik ösüşleriň simwoly hökmünde aňladylan «aklyk» pelsepesiniň «rysgal, döwlet, bereket» diýen manylarynda ulanylýandygyny şahyrana dilde aýan edýär. Diýmek, ýokarky şygyrlarda-da «aklyk» pelsepesiniň – «aklyk» siwoly hökmünde aňladylyşyna gabat gelmeklik bolýar. Çünki, bu mysal getirilen şygyr setirlerindenem görnüşi ýaly, häzirkizaman türkmen edebiýatynda «aklyk» pelsepesi bilen baglanyşykly bolan «ak ýol», «ak Awaza», «ak daň», «ak bazar», «ak ekin», «ak bugdaý», «ak pagta», «ak bagt» ýaly çeper aňlatmalaram peýda bolupdyr. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Sen ak atda, sen ganatda, gyr atda» atly goşgusyny, «Ak güller», «Ak kepderi» poemalaryny okanyňda bolsa bu çeperçilik serişdeleriniň iň naýbaşyçysy hasaplanýan «ak at», «ak gül», «ak kepderi» diýen şahyrana aňlatmalara gabat gelmeklik bolýar. Milli Liderimiz özüniň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Häzirki döwürde «ak at», «ak gül», «ak kepderi», «ak ýol» aňlatmalary döwrüň täzeçe öwüşginini aňladyp gelýärler. Bu «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» nakylynyň manysyna laýyk teswirlenilip, dilimizde has işjeň häsiýete eýedir.» - diýip örän jaýdar belleýär. Ine, şundan hem görnüşi ýaly, häzirkizaman türkmen edebiýatynyň ykdysady lirikasynda tema täzeçilligi hökmünde peýda bolan «aklyk» pelsepesiniň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatlardaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary hem-de ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde teswirlenýändigini anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Ýeri gelende aýtsaň, döwrümiziň şahyrlarynyň şu günki günüň edebiýatynda has ýörgünlilik bilen peýda bolan «aklyk» pelsepe garaýyşlary, olaryň çeper döredijiliginde liriki mazmun dörediji serişde bolup hyzmat edipdir. Liriki mazmuny bolsa belli edebiýatçy alym Rahman Rejebow özüniň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» atly kitabynda has içgin düşündirmeklik bilen: «Liriki eseriň mazmuny şahyryň duýgusy bilen liriki ýaşaýyş tapan durmuşdyr. Liriki eserde durmuşy özünde janlandyryjy obýekti tapmak we ol obýektiň kesgitleýji taraplaryny saýgarmak, ähli şahyrlyk barlygyň bilen şol taraplara daýanmak lirikada obraz we obrazlylyk problemasy bilen aýrylmaz suratda baglydyr, liriki gahryman meselesi bilen aýrylmaz baglydyr. Başgaça aýdanyňda, liriki mazmuny, şonuň bilen-de lirikanyň düýp syry şu ýokarky taraplara obraz keşbini berip bilmekde, olary obraza salyp bilmekdedir. Olary işläp bilmek diýmek obrazlaşdyryp bilmek diýmekdir.» - diýip belleýär. Diýmek, «aklyk» pelsepesi zamanamyzyň şahyrlarynyň goşgularynda obraz derejesine çenli ösdürilipdir. Şunuň ýaly obraza edebiýaty öwreniş ylmynda simwoliki obraz diýilýändigini belli edebiýatçy alymymyz Öde Abdyllaýew: «Durmuşy şöhlelendirmek-de özboluşly häsiýete eýe bolan çeper obrazlaryň biri-de simwolik obrazdyr. Simwolik obrazda jemgyýetçilik gurluşyň ýa-da ondaky haýsydyr bir hadysanyň häsiýetli sypatlary şertli formada jemlenip görkezilýär.» – diýen setirlerinde aýan edýär. Diýmek, ýokarda getiren goşgularymyzyň hemmesinde ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň ählisinde amala aşyrylýan oňyn syýasy özgertmeler «aklyk» simwoly bilen aňladylyp, liriki obrazda beýan edilýär. Şonuň üçin bu simwoly başgaça «aklyk» simwolik obrazy diýip hem atlandyryp bolar. «Aklyk»simwolik obrazy şahyrlarymyzyň döredijiliginde iki manynda: göni we göçme manylarda işlenipdir. Oňa mysal hökmünde patagtymyz Aşgabat barada «Ak Aşgabat» temasynda döredilen goşgulary görkezmeklik bolar. Çünki «Ak Aşgabat» göçme manyda bagtyýarlygyň şäheri diýen manyny, göni manyda bolsa ykdysady taýdan kuwwatly şäher diýen manyny aňladýar. Ýeri gelende aýtsaň, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri ak mermer bilen örtülen şäher hökmünde gimnesiň rekordlar kitabyna girizildi . Munuň özi döwletimiziň halk hojalygynda ähli babatlarda öňegidişlige eýe bolunandygyny görkezýär. Çünki, başga hiç bir ýurtda biziň ýurdumyzdaky ýaly paýtagt şäheri ak mermerden bina edilen köşklere, jaýlara, desgalara duş gelmek asla mümkin däldir. Sebäbi ýurduň paýtagt şäherini tutuş ak mermere bürelen desgalar, jaýlar, köşkler bilen bina etjek bolsaň, döwletiň ykdysady taýdan kuwwatly, has ösen, beýik döwlet bolmagy gerek. Ine, şu nukdaýnazaryň özi hem, ak mermerebürelen paýtagty bolan ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň saýasynda ykdysady taýdan ösen kuwwatly döwlete öwrülenliginiň aýdyň subutnamasydyr. Hut şonuň üçin hem, paýtagtymyz Aşgabat hakynda döredilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Aşgabat» atly goşgusynyň:
Nazarlap barýarsyň ýagty geljegi,
Paýtagtym sen, ak bagtym sen, Aşgabat – diýen, «Ýeke günde ýedi bina» atly şygrynyň:
Ak guw ýaly bu ak jaýlar nyşany
Berkarar döwletiň, bagtyýar döwrüň – diýen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowanyň «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusynyň:
Ak binalaň başy asmana ýeten...
...Baş şäherim, ak şäherim Aşgabat – diýen, alym şahyr Ahmet Mämmedowyň «Aşgabadyň aşygy» atly şygrynyň:
Aýdymy ak – keşbi ak,
Alyslardan görünýär ak baýdak deý binalar... – diýen, Hudaýguly Gurbanowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusynyň:
Näçe waspyny etsem, waspyn edenňe deger,
Aziýanyň merjeni, ak mermerli Aşgabat – diýen, «Aşgabadym – nury didäm, ak bagtym» atly goşgusynyň:
...Aşgabadym – nury didäm, ak bagtym,
Ak bagtym dünýäme saçyp dur ýalkym – diýen, Ogulnabat Jumaýewanyň «Ak şäherim Aşgabat» atly şygrynyň:
...Ýerde dörän behişdim,
Ak mermerden lybasly – diýen, «Aşyklar şäheri – yşkyň güzeri» atly şygyrlar çemeninde:
...Ak guw deý galkyp dur keremli Ýerden,
Tylladandyr köşkleriniň syrçasy.

Säherlerde çümer ap-ak owuza –
Mermer binalaryň görki ajaýyp...

...Aşgabat – ak bagtyň mizemez köşgi,
Beýik simfoniýa – fontanlar şähri – diýen, Bibi Orazdurdyýewanyň «Bagt şäherim Aşgabat» atly goşgusynyň:
Aklyk alnyňa ýagşy, ak şäherim Aşgabat,
Ýaşyl baýdagym seniň berkden guşar biliňi...– diýen, Ýaban Saparowyň «Aşgabadym – ak şäherim» atly şygrynyň:
...Goýnuň doly ýagty nurdan,
Ömür ýoly ak şäherim – diýen, «Gülleýän şäher» atly şygrynyň:
Ak şäher beslenýär bagy-bossana,
Baş kendim Aşgabat – kentleriň şasy... – diýen, Akmyrat Rejebowyň «Aşgabat» atly goşgusynyň:
Ak gülleriň göwnümizi gülletdi,
Ak gülleriň ömrümizi gülletdi,
Ak ýollaryň döwrümizi gülletdi,
Ak şäherim, bagy-bossan, Aşgabat – diýen, Goçmyrat Orazberdiýewiň «Aşgabadym – ak bagtym» atly şygrynyň:
Ak şäher,
Binalar ak gar mysaly,
Olar gökden düşen meleklermikä?!
Ýa-da asmanynda uçan durnalaň,
Perinden gaçan ak ýeleklermikä?!

Gözel şäher, ak guwdanmy ganatyň?!
Ýollaryň ak – aklygy deý garlaryň.
Bilýärin men, diňe ýagşy zatlara –
Gözellige Hudaýyň hem ýardygyn.

Sen Arşdan zemine düşen bir ýyldyz,
Gijeleň – nur, gündizleriň gaýmakdyr.
Ak binalar şöhle saçar,
ho-ol Aýam
Seni görüp, perdesini aýrypdyr – diýen ajaýyp setirlerini ykdysady lirikada ýazylan goşgular diýip atlandyryp bolar. Ýeri gelende aýtsaň, beýleki bazar ykdysadyýetli ýurtlaryň häzirkizaman edebiýatynda ak bilen garanyň, ýagny haýyr bilen şeriň özara gutulgusyz ýiti göreşiniň beýany bolan çeper eserleriň agdyklyk edýän mahalynda, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiliginde diňe «aklyk» pelsepesiniň peýda bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl ykdysady syýasatynyň miwesidir. Çünki, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen raýatlarymyz 2019-njy ýyla çenli gazdan, elektrik togundan,suwdan, duzdan mugt peýdalandylar. 2019-njy ýyldan başlap bolsa 2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda geçen halk maslahatynda bütin halkymyzyň tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanyp, aýawly saklamaklyk baradaky teklibi nazara alnyp, ildeşlerimiz tebigy gazdan, elektrik togundan, suwdan, duzdan edil öňküsi ýaly mugt bolmasa-da mugtyň bäri ýanyndaky nyrhdan, örän elýeterli bahadan peýdalanyp başladylar. Milli Liderimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir»diýen şygaryna laýyklykda ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwlettarapyndan berilýän otuz ýyl möhletli, örän ýeňillikli karz pullaryň esasynda, ýaşamaklyk üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri bolan, aňrybaş edilip gurlan, ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge hukugy bar. Şu hukukdan peýdalanan raýatlarymyz maşgalalary bilen bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda sagdyn jemgyýet berkarar edildi. Ine, şunuň özi hem Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Barlygyňda arkaýyn biz Arkadag» atly poemasynyň:
Al reňk, ak reňk, gülhana Watan,
Mährem Ogluň ýaly eziz sen eziz – diýen, şahyr Orazdurdy Atahanowyň «Şu Watanda» atly şygrynyň:
Zemin tämiz, aklyk süýt bolup çogýar,
... Şu Watanda,şu Watanda, Watanda – diýen, Ýaban Saparowyň «Eziz Diýar» atly goşgusynyň:
Eziz Diýar! Gujak açýaň,
Ak inişli ýollar geldi – diýen ajaýyp setirlerinden we zamanamyzyň beýleki şahyrlarynyň döredijiliginden-de mälim bolşy ýaly edebiýatymyzda halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň yşaraty bolan «aklyk» pelsepesiniň kemala gelmeginiň esas özenidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagly zamanamyzyň edebiýatynyň ykdysady lirikasy hormatly Prezidentimiziň «aklyk» pelsepesinden uj alýan beýik-beýik işlerine, ak ýol bilen barýan Watanymyzyň ak ertelerine halkymyzda, okyjylarda, şygryýet muşdaklarynda guwanmak-buýsanmak duýgusyny has-da ösdürip, Watana, ak ertelere bolan çäksiz söýgüni oýarýan, şeýle gowy hyzmatlary ýerine ýetirýän örän täsin temadyr.

Toýly Jänädow

Çeşme:
1. Toýly Jänädow. «Ak reňk dürli döwletleriň dünýägaraýşynda» atly makala. «Biznes reklama» gazetiniň 2012-nji ýylyň 3-nji noýabryndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
2. Toýly Jänädow. «Ykbalyny söze baglan» atly makala. «Zenan kalby» žurnalynyň 2013-nji ýylyň awgust aýyndaky 8-nji sanynyň 9-njy sahypasy.
3. Toýly Jänädow. «Arkadagymyzyň «ak ýol» pelsepesi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-njy awgustyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
4. Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynyň 5-nji sahypasy.
5. Toýly Jänädow. «Ak zat alnyňa ýagşy» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 119 – 122-nji sahypalary
6. Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-njy ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.
7. Toýly Jänädow. «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
8. Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2016-nji ýylyň noýabr aýyndaky 11-njy sanynyň 125 – 128-nji sahypalary.




Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 44 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]