19:42
50 - 49 = 1
50 - 49 = 1

Bagşy märekäñ göwnünden turmasa, märeke bagşyñ ýanyndan turýar.

* * *

Durmuşda yz galdyrybilseñ, iru-giç ýüze çykarylýar.
Örän ujypsyzdygyna garamazdan, galdyrylan yzyjñ onuñkydygyny jenaýat agtaryş organlary subut etdi.

* * *

Dolduryp oturan anketañyzdaky "Ýaşaýan ýeri" diýlen punkta "Geçen asyr" diýse, onuñ öz iñ takyk adresini ýazdygy bolardy.

* * *

Ol ömrüni ylma bagyşlady: Şert döredilss, adamyñam haýwana öwrülibiljek ekendigini özünde synap, birkemsiz subut etdi.

* * *

"Bimahal aradan çykan adam" diýenlerinde, onuñ göz öñüne dynç alyş güni ýogalan adam gelýärdi.

* * *

Bütin ömrüni egri ýaşap, ahyrda dogry ölmäge synanyşdy.

* * *

Durmuşda-da esasy güýjüni finiş üçin aýap, yzrakdan ylgady.

* * *

Aglaýanyñam gözi ýaşarýar, gülýäniñem.

* * *

Ba-a, olmy?! Ol örän artykmaç adamdyr. Esasanam agram tarapdan.

* * *

Ol bütin ömründe ýekeje ýalñyş iş edipdir: dünýä inipdir.

* * *

Ol henize çenli adam aýagynyñ sekmedik ýerine ilkinji bolup aýak basmagy ýüregine düwüp, saçagyñ üstüne mündi.

* * *

Bu gezekki lotoreýa oýnunda onuñ paýyna iñ bagtly utuş düşdi: Bagta lotoreýadan garaşmaly däldigine göz ýetirdi.

@ Japbaklar. (JJ)

"Sowet edebiýaty" žurnaly, 1976 ý.





Категория: Sözler | Просмотров: 79 | Добавил: Haweran | Теги: Japbaklar jemgyýeti | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]