21:49
3. Garaşsyz Türkmenistanyň ýurt berkararlygy – dünýewi, hukuk, demokratik döwleti kemala getirmekligiň milli parlament usuly
Biziň hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hukuk taýdan berkidilip, bütindünýä jar edildi. Türkmen halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlan bu döwletli-döwranyna – milli Garaşsyzlygyna ýetmeklik üçin, ýurdumyzyň parlamentinde diýseň bimöçber işler amala aşyryldy. Bu bimöçber işleriň gözbaşy bolsa 1990-njy ýylyň 13-nji noýabryndan başlanýar. Çünki, şol gün Türkmenistanyň Baş Arhiwiniň 1996-njy ýylda neşir eden «Garaşsyzlygyň ynamly gadamlary» atly kitabynda bellenilişine görä, Türkmenistanyň parlamentinde bu kanun çykaryjy edaranyň komitetleriniň başlyklarynyň, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklygynda maslahat geçirilip, Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy hakyndaky Konsepsiýasynyň taslamalaryna garamaga aýratyn üns berildi we bu taslamalary halk köpçüligine ýetirip, olaryň pikiri esasynda giňden ara alyp maslahatlaşmaklyk üçn çap etmeklik karar edildi. Bu karara laýyklykda şol günüň ertesi – 14-nji awgustda Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň taslamasy. 15-nji awgustda bolsa Türkmenistanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy hakyndaky Konsepsiýasynyň taslamasy metbugatda çap edildi . Ine, şu taryhy resminamalaryň çap edilip halk köpçüligine ýetirileninden soň, türkmen parlamentiniň wekilleri halkyň arasynda bolup, Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy hakyndaky Konsepsiýasynyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini alyp bardylar . Türkmenistanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy hakyndaky Konsepsiýasynyň taslamasynyň metbugatda çap edilen güni, ýagny 1990-njy ýylyň 15-nji awgustynda bolsa Türkmenistanyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň özi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda duşuşyk geçirdi. Bu duşuşykda Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň we Türkmenistanyň ykdysady özygtyýarlygy hakyndaky Konsepsiýanyň işlenip düzülmegi bilen ýurdumyzyň sosial-ykdysady we medeni ösüşi üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şeýle-de, bu taryhy resminamalaryň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň territoriýasyndaky ähli ykdysady pudaklaryň Türkmenistanyň öz ygtyýaryna berilmegini üpjün etjekdigi we onuň öz tebigy baýlyklaryna özüniň doly erk etjekdigi, bazar ykdysadyýetine geçilende ýurtda goşmaça serişdeleri, şol sanda daşary ýurt walýutalaryndaky serişdeleri almaga täze mümkinçilikleriň açjakdygy, olaryň hem esli böleginiň ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdiriljekdigi barada aýdyldy .
Türkmen deputatlarynyň raýatlaryň arasynda bolup, metbugata çap edilip ilatyň dykgatyna ýetirilen Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy hakyndaky Konsepsiýasynyň taslamasynyň mazmunyny düşündirmekligi halk köpçüliginde uly seslenme döretdi. Netijede, Türkmenistanyň parlamentiniňraýatlardan gelip gowşan teklipleri öwrenip, halk islegini nazara alyp 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamany kabul edendigi hem-de 44 adamdan ybarat konstitusion topary döredendigi baradaTürkmenistanyň Baş Arhiwiniň 1996-njy ýylda neşir eden «Garaşsyzlygyň ynamly gadamlary» atly kitabynda bellenilýär. Bu mejlisde täze döredilen konstitusion topar Özygtyýarlyk hakyndaky Jarnamany hasaba almak bilen ýurdumyzyň milli Konstitusiýasyny işläp düzmeklik hem-de döwlet dolandyryşynyň prezidentlik funksiýasyna geçmeklik bilen baglanyşykly prezidentiň wezipelerini we borçlaryny, onuň saýlawlaryny kesgitleýän kanuny taýýarlamaklyk maksady esasynda döredilipdir. Bu konstitusion toparyň ilkinji mejlisi şol döwürde Türkmenistanyň Ýokary Soweti diýlip atlandyrylan türkmen parlamentiniň kanun çykaryjylyk, kanunylyk, hukuk düzgüni, raýatlaryň hukuklary we ýüzlenmeleri Komitetiniň mejlisi bilen bilelikde 1990-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda geçirilipdir. Oňa alymlar, döredijilik birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşypdyrlar. Mejlisde ýurdy edara etmegiň prezidentlik görnüşini girizmek hakyndaky Kanunyň taslamasyna we Türkmenistanyň şol döwürde hereket edýän Konstitusiýasyndaky üýtgetmeler bilen baglanyşykly meselelere seredilip, bu kanuny taslamalary parlamentiň indiki sessiýasynyň gün tertibine girizmeklik karar edilipdir . Netijede, Türkmenistanda dolandyryşyň prezidentlik formasyny döretmek hem-de bu babatda ýurdumyzyň şol döwürde hereket edýän esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny 1990-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda kabul edildi we bu kanunda görkezilen sene-de – şol ýylyň 27-nji oktýabrynda döwlet dolandyrylyşy ýurduň ählihalk tarapyndan saýlanylan Prezidenti tarapyndan amala aşyrylyp başlandy . Munuň özi bolsa, türkmen parlamentiniň irginsiz zähmeti, taýsyz tagallasy esasynda ýurdumyzda Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmeklikde döwlet Garaşsyzlygyna tarap ädilen ilkinji ädimdir.
1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda geçirilen parlament mejlisinde ilkinji gezek ara alnyp maslahatlaşylan Türkmenistanyň ykdysady özygtyýarlylygynyň we bazara geçmegiň Maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasyna şol ýylyň 12-nji oktýabrynda gaýtadan seredilip, üstünde ýene-de işlemeklik karar edilipdir we bu Konsepsiýanyň doly taýyn, gutarnykly taslamasy 1991-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda güýje girizilipdir .Munuň özi bolsa, türkmen parlamenti tarapyndan Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky jarnamasynyň esasynda mukaddes watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygyna baka ädilen ädimleriň ýene biridir.
1991-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlylyk jarnamasynyň kabul edilmeginiň şanly bir ýyllygy mynasybetli parlamentde geçirilen baýramçylyk mejlisinde ýurdumyzyň territoriýasynda ýerleşen soýuza tabyn kärhanalaryň we guramalaryň Türkmenistanyň ýuridiksiýasyna geçýändigi hakynda Permana hem-de «Türkmenistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar baradaky döwlet komitetiniň işi bilen baglanyşykly käbir meseleler hakynda» karara gol çekilipdir . Bu bolsa şol döwürde türkmen parlamentiniň Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlylyk Jarnamasynyň çäginde ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny bütin dünýä ykrar etmeklik ugrunda alyp barýan işiniň barha rowaçlyklara beslenýändigini görkezipdir.
Parlamentiň 1991-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilen mejlisinde«Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» beýannamasy kabul edilip, bu beýannamany güýje girizmeklikhem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygy baradaky mesele boýunça ýurdumyzyňählihalk sala-salşygyny 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda geçirmeklik hakynda karara gelindi. Şeýlelikde, 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygy hem-de «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» beýannamasy meselesi boýunça Türkmenistanyň ählihalk sala-salşygy bolup geçdi we onuň netijesinde ses bermäge gatnaşanlaryň 94,1% Türkmenistanda Kanuny esasda Garaşsyz demokratik döwletiň gurulmagyna razyçylyk berdi, 93,5%-i bolsa «Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty hakyndaky» beýannamany goldady. Ählihalk sala-salşygynyň ertesi güni – 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň parlamenti «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanuny we «Türkmenistanyň döwlet nyşanlary hakyndaky» karary biragyzdan kabul etdi. Ine şunuň özi hem, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýurdumyzyň parlamentinde berk hukuk binýady bilen bütindünýä jar edilendiginiň milli ykrarnamasydyr.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanunynda ýurdumyzyň şol döwürde hereket edýän Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň şu Konstitusion kanuna ters gelmeýän ýerleri Türkmenistanyň täze milli Konstitusiýasy we kanunlary kabul edilýänçä öz güýjüni saklaýar diýlip bellenilen. Türkmenistanyň täze milli Konstitusiýasyny işläp düzmeklik meselesi bolsa parlamentiň 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda geçiren mejlisinde Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen ýüze çykdy we bu babatda konstitusion topar döredildi. Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynda: «Şu jarnama Türkmenistanyň täze Konstitusiýasyny işläp taýýarlamak, döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek üçin esas bolup durýar.» – diýlip beýan edilýär. Munuň özi bolsa, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen esasy Kanumyzyň düýp mazmun özenini Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň düzýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanunyň başynda bolsa bu hukuknamasyny parlamentiň ählihalk sala-salşygynyň netijesidne Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmek maksady kabul edendigi bellenilýär. Diýmek,«Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanunynyň Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmeklik maksady bilen kabul edilmegi, täze milli Konstitusiýany işläp düzmeklik meselesiniň bolsa Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen ýüze çykmaklygy, bu üç sany taryhy resminamanyň – Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion Kanunynyň hemde Türkmenistanyň milli Konstitusiýasynyň many-mazmun taýdan biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bütewi gymmatlykdygyny aýan edýär. Hut şu nukdaýnazaryň özi, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen milli Konstitusiýamyzy işläp düzmeklik meselesiniň 1990-njy ýylyň 22-nji awgustyndan ýagny Türkmenistanyň döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen başlanandygyny görkezýär. Muňa hukuk ylymlarynyň doktory, professor Myrat Haýydowyň:«Döwletimiziň Esasy kanuny» atly ylmy makalasynda: «1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Mejlis tarapyndan kabul edileli bäri Türkmenistan öz döwletliligini pugtalandyrmaklyk ýoly bilen öňe tarap ýene bir ädim ädip, geljegiň syýasy strategiýasyny kesgitlemäge aýdyňlyk saldy. Konstitusiýa hukugyň rüstem bolmagy, bazar ykdysadyýeti baradaky prinsiplere esaslandyrylan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döretmäge tarap Türkmenistanyň hereket edýändigini görkezýär. Bu hereketiň başyny bolsa döwlet özygtyýarlygy barada 1990-njy ýylyň 22-nji awgustyndaky Deklarasiýa, Garaşsyzlyk hakyndaky 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabryndaky Referendum, birentek iňňän möhüm syýasy-hukuk kararlarynyň kabul edilmegi başlady.» – diýip bellän ylmy teswirlemesi hem güwä geçýär. Diýmek, Türkmenistanyň parlamenti milletimiziň milli Garaşsyz döwletini 1990-njy ýylyň 22-nji awgustyndan – 1992-nji ýylyň 18-nji maýyna çenli bolan 21 aýyň içinde şol döwrüň bütindünýä hukuk ylmynyň iň soňky gazananlarynyň iň kämil nusgalary bilen milli ýörelgeleri utgaşdyryp, berk kanuny binýatda döretdi. Muny ýene-de hukuk ylymlarynyň doktory, professor Myrat Haýydowyň«Döwletimiziň Esasy kanuny» atly ylmy makalasyndaky:«Her bir Konstitusiýanyň bolşy ýaly Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem öz zamanasynyň önümidir, ol konstitusionalizmiň häzirki zaman tejribesiniň oňat taraplary bilen birlikde, milli däpleri – dessurlary özünde jemleýän önümdir.» – diýen ylmy teswirleri anyk-aýdyň aýan edýär.
Ýurdumyzda hereket edýän häzirki milli Konstitusiýamyzyň ilkinji taslamasy konstitusion topar tarapyndan parlamentiň 1992-njy ýylyň 19-njy fewralynda geçen mejlisine hödürlenipdir . Şol ýylyň 19-njy martynda bolsa esasy kanunymyzyň bu taslamasy «Türkmenistan» gazetinde çap edilip, halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär. Şeýlelikde, milli Baş kanunymyzyň halk teklipleri we islegleri nazara alnyp taýýarlanylan doly gutarnykly taslamasy bolsa 1992-nji ýylyň 14-nji maýynda Ýaşulularyň Daşoguz welaýatynda geçen maslahatynda biragyzdan makullanylýar. Netije-de, Türkmenistanyň ähli halky tarapyndan makullanyp kabul edilen ýurdumyzyň milli Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda parlament tarapyndan güýje girizilýär. Şol ýylyň 19-njy maýynda bolsa Türkmenistanyň milli Konstitusiýa we «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny güýje girizmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň kanuny metbugatda çap edilip, halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi . Şol güne çenli Türkmenistanyň Ýokary Soweti diýlip atlandyrylan türkmen parlamenti milli Esasy Konstitusiýamyza laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi diýlip atlandyrylyp başlandy. 2020 ýylyň 25-nji sentýabrynda boljak Halk maslahatynda türkmen parlamentiniň iki palataly ulgama geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýeti Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýlip atlandyrylyp başlandy. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň milli parlamentiniň döwlet berkararlygymyzyň mizemejek mäkäm binýady bolup, onuň sütüniniň gün-günden has berkemegi üçin häzirki zaman parlamentarizm ylmynyň iň soňky gazananlarynyň kämil nusgalary esasynda döwrebap özgerýändigini görkezýär.

Baky NURMUHAMMEDOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Hukuk öwreniş» hünäriniň 3-nji ýyl talyby,
Toýly JÄNÄDOW.

Çeşme:
1. Baky Nurmuhammedow, Toýly Jänädow. «Parlamentiň taryhy nazaryýeti – döwlet berkararlygynyň kämil hukuk binýady» atly ylmy işiniň «Garaşsyz Türkmenistanyň ýurt berkararlygy – dünýewi, hukuk, demokratik döwleti kemala getirmekligiň milli parlament usuly» atly üçünji baby.
2. Baky Nurmuhammedow, Toýly Jänädow. «Garaşsyz Türkmenistanyň ýurt berkararlygy – dünýewi, hukuk, demokratik döwleti kemala getirmekligiň milli parlament usuly» atly makala.
Категория: Publisistika | Просмотров: 58 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow, Baky Nurmuhammedow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]