19:20
3. Azadynyň eserlerinde sufizm we progressiw taraplar

AZADYNYÑ ESERLERINDE SUFIZM WE PROGRESSIW TARAPLAR

Ilki bilen esasy bir düşünjä pikir beriň:
Aslynda sufizm diýen zat näme? Şeýle-de Döwletmämmet Azadyny sufizme iteren dünýägaraýyş näme?
Bu iki sowaly sada dilde şeýleräk düşündirsek, has ýerlikli bolar. Türkmen taryhynda yz goýan beýleki beýik sufistik şahsyýetler ýaly Döwletmämmet Azadyny hem sufizme iteren dünýägaraýyş, öz döwrüniň syýasy, ykdysady, sosial-durmuşy ýagdaýy bolupdyr. Öz ykbalyny sufizme baglan şahsyýetleriň aňyny, şol sanda Döwletmämmet Azadynyň hem aňyny: “Dünýe we adam. Şeýle sazlaşykly utgaşyp üýtgeşik bir ideýany özünde jemleýän bu aňlatma nämekä? Dünýe we adam diýen şu özboluşly aňlatma adaty durmuşdaky, adaty bir düşünje bolýan bolsa onda näme üçin adamlar bu bäş günlük pany ýalançyda kösenip ýaşaýarkalar? Alla öz ýaradan bendeleriniň arasyndaky adalatsyzlygy görmez ýaly, – Alla niredekä?” diýen düşünjeler gurşap alypdyr we şol düşünjeler esasynda olar Allanyň gözlegine çykmak üçin sufizmiň inçe tilsimleri bilen meşgullanyp, sopuçylygyň şol akymyna ykballaryny baglamak arkaly ömürlerini beripdirler. (Sufizm barada şu aýdanlarymyzy tassyklaýan maglumatlara Muhammetnazar Annamuhammedowyň “Magtymguly gizlin syryň bar içde” diýen kitabynda gabat gelmek bolýar.) Hut şu jähtdenem, ol (şahyr) musulmanlaryň aňynda bekän, ähli barlygy ýaradyjy Alla, Gudraty güýçli bilen gyzyklanyp başlaýar. Şahyryň aňynda hem ýokarda bellän sowallarymyz peýda bolmak bilen, ol özüniň sufizmiň bir kenarynda ätlänini-de duýman galýar. Çünki Azada öz döwrüniň dagynyk ýagdaýda dowam eden hasratly durmuşyndan mundan başga (sufizmden başga) çykalga ýokdy. Şeýlelik bilen Döwletmämmet Azady – Mäne baba, Ýumus Emre, Hojaýusup Hemedany, Nesimi, Omar Haýýam, Jelaletdin Rumy, Gulsüleýman, Bahawetdin Nagyşbendi ýaly beýik sufistleriň döredijilikli ýolundan tälim arkaly Allanyň ýoluna düşüp, (Allanyň dünýäsine aralaşyp) başlaýar. Ýagny sufistleriň dünýägaraýşynda päkize we hapysa dünýä diýen iki sany düşünje bolupdyr. Şeýlelikde bu dünýä (öz döwürleriniň syýasy, ykdysady, sosial-durmuş ýagdaýlary we adamlaryň bet gylyk häsiýetleri babatdaky düşünjelerini özünde jemleýän dünýä) hapysa dünýe, o dünýä, ýagny Allatagalanyň dünýäsine bolsa päkize dünýe diýlip atlandyrylypdyr. Sopularyň düşünjelerine görä, sufistler päkize dünýä barmak üçin (Allanyň didaryna aralaşmak üçin) sufizmiň dört basgançagyny (dört älemini) geçmelimiş. Garry molla diýlip atlandyrylýan şahyryň ýürek parçasyndan dörän şägirdi:
Jebrut äleminde, Jelil syryna,
Gelip özüň garap, görgül, diýidiler – diýip belleýişi ýaly, iň soňky dördünji basgançagy bolan Jebrut älemini geçeniňden soň, Allanyň didaryna aralaşyp, päklenýärmişiň. Hut şonuň üçin hem Allatagalanyň dünýäsi bolan o dünýä “päkize dünýä, päk dünýä” diýlip atlandyrylypdyr. Şeýlelikde sufistik akymyna baş goşan sufistler (sopular) bu dünýäni terk edip, o dünýä ýetmek üçin jan çekipdirler (Sufizm barada şu aýdanlarymyzy tassyklaýan maglumatlara Muhammetnazar Annamuhammedowyň “Magtymguly gizlin syryň bar içde” diýen kitabynda gabat gelmek bolýar).
Döwletmämmet Azadynyň hem dünýägaraýşynyň o dünýä bilen birigendigini, onuň şu aşakdaky:
Kim ýansa yşk oduna,
Dünýäden elin üzer – diýen setirlerde tassyklaýar. Ýöne biz: “Şahyr bu dünýäden umydyny ömürlik üzüpdir” diýsek ýalňyşarys. Ony onuň şu aşakdaky:
Jany dilden Haka gulluk etmedim,
Ýagşylar bolgan derejä ýetmedim – ýaly setirlerinde hem görmek bolýar. Bu ýokardaky şygyr aňlatmasynyň üsti bilen şahyr “ýagşylar” diýip atlandyrýan Mäne baba, Ýumus Emre, Hojaýusup Hemedany, Nesimi, Omar Haýýam, Jelaletdin Rumy, Gulsüleýman, Bahawetdin Nagyşbendi ýaly beýik sufistik şahsyýetleriň derejesine ýetip bilmändigini aýdýar. Onuň sebäbini bolsa şu aşakdaky:
Eý ýaranlar neýteýin... bu hal ile,
Tüşmedim bir ähli dilge, men bu şum ykbal ile.

Uçmah istär dalmunub, köňlüm guşy maksat sary,
Ýaýylyb ýel almady, narlab bu synuk bal ile.

Ýyglarym, kim galmyşam, dermende içre garky waý,
Ömrümi ötgermişem bihuda mahu-sal ile.
Her zaman her demde ýüz müň çenlunur köňlüm guşy,
Tapmady ugrun henuz, oňmady bed kal ile – diýen setirlerinde düşündirmek bilen, şahyr öz köňül guşunyň öz öňünde goýan maksadyna sary dalmynyp uçmak isleýändigini, şeýle-de köňlünde ýüz müň hyýalyň bardygyny, ýöne heniz ugruny tapmaýandygyny nygtaýar. Bulardan başga-da, şahyr şol şygryň:
Men diýdim asta-asta köňlüme dünýäni goý,
Kyl kanagat, lukma birle, kähne esgi şal ile.

Maksadyň görmek (bu gün) mümkin imes şeýda köňül,
Bu ogul-gyz, jemgyýet, esbab, mülk-mal ile – diýen setirlerinde öz köňlünde bu dünýä baradaky aladanyň bardygyny we öz esgi (öňki) durmuşyna kanagat kylmalydygyny, şeýle-de ol şeýda köňlündäki maksadyny bu gün görmek islese-de, öz döwrüniň syýasy jemgyýeti, sosial-durmuşy bilen mümkin bolmajakdygyny, ýagny gyzylbaşlar tarapyndan talanýan öz ýurdunyň maly-mülküni görmezden gelmejekdigini aýdýar. Şeýle-de şahyr şol pikirleriniň üstüni ýetirmek üçin:
Eý Azady bol tejerrud barydan maksat tile,
Hiç tapan tapgan imesdur, ýogsa kylu-kal ile – diýen murapbag görnüşindäki şygyr aňlatmasyny ýazýar. Bu ýokarky murapbag bendinde şahyr, türkmençilikde aýdylýan “Oňňut bilen oňmak” ýaly düşünjeden ugur alyp, baryndan mydar eýläp, musulmançylygyň bäş parzy bilen bolmak diýen ýaly nesihaty özüne bermek bilen, bu şygyryň öwezini “Hiç tapan tapgan imesdur” diýen baş ideýany ýaňzytmak bilen doldurýar.
Pikir beriň: şu ýerde köpleriň aňastaňyny özüne çekip, çuňňur oýlanmaga sezewar edýän “Hiç tapan tapgan imesdur, ýogsa kylu-kal ile” diýen baş ideýa bar. Bular ýaly çuňňur mazmuny özünde jemleýän baş ideýany Döwletmämmet Azady näme üçin gozgadyka? Belki-de, şahyr bu ideýany sufistik äheňde Alla bilen baglanyşdyryp aýdan bolmaly. Çünki sufistleriň üýtgeşik bir dünýägaraýşa sezewar bolan aňynda: “Allatagala birikmek” diýen ýaly çuň manyly düşünjäni öz içine alýan baş ideýa ýatyr. Şeýlelikde olar Alla, ýagny Gudraty güýçli bilen birikmek üçin öz ykballaryny sufistik akyma baglamak arkaly ömürlerini beripdirler. Onsoň näme üçin Döwletmämmet Azady “Ykbal ile” atly murapbagynyň iň soňky bendinde “Hiç tapan tapgan imesdur” diýen ideýasyny ýaňzydyp goýberdikä?
Pikir beriň: Şahyryň beýleki eserlerine seredeniňde-de, esasan-da onuň “Wagzy-Azat” poemasynda ýerleşdirilen şu aşakdaky:
Dost arada baglanyşykdyr, bir perdedir,
Kim üzse, birikdi ol her ýerdedir.

Özüň ýyrt perdäni özgeden gizlin,
Hiç şeki ýokdur görer sen dost ýüzün.

Ýa-da
Bu hijap-perdeden özüň üz habyp,
Ýogsa dost didary bolmagaý nesip.

Ýagny özlük perdesinden üz özüň,
Şonda görer dost didaryn jan gözüň – diýen mesnewilerinde-de, ol Allatagala bilen öz arasyndaky bar baglanyşygyň bir perdedigini, ol perdäni üzse, özüniň Alla bilen birikýändigini aýdýar. Ýer onsoň, ol (şahyr) ýokardaky pikiri (Hiç tapan tapgan imesdur diýen pikiri) näme üçin aýtdyka? Belki-de ol (şahyr) ol setirlerinde Alla bilen özüniň arasyndaky perdäni üzmegiň kyndygyny, şeýlelikde Allanyň nirdedigini (bileniňde-de) tapanyňda-da şol perdäni üzüp bilmeseň, ýagny Allanyň didaryny görüp bilmeseň, ol tapanyňdan tapdyk bolmaýandygyny aýdandyr. Şeýle-de bu pikiri Azady “Hiç tapan tapgan imesdur” diýip, sufistik akymyna baş goşan beýik şahsyýetlere ýüzlenip aýdandyr. Döwletmämmet Azady öz-özüne: “Eý Azady bol tejerrud, baryndan maksat tile” diýmek bilen özüniň, bu garagöz türkmen milletiniň hasratly durmuşyndan üzňe bolup bilmejegini makullapdyr we öz durmuşynda dowam eden sufistik akymyndan ýüz öwrüpdir. Ýeri gelende aýtsaň, şahyryň öz ýürek parçasyndan dörän şägirdiniň:
Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,
Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň – diýmesi, ýöne ýerik däldir. Çünki ony ol (Magtymguly) atasy Azadynyň sufistik akymyndan ýüz döndereni üçin diýendir. Döwletmämmet Azady öz dünýägaraýşyna täsir eden sufistik akymyndan el çekse-de, öz döredijiliginde ol akymdan el çekmändir. Çünki ol şu sufistik akymyň örän tasirlidigine, Allatagalanyň yşgyna mynasyp bolmak üçin ähli gowy gylyk-häsiýetleriň hötdesinden gelmeli bolýandygyna çuňňur ynanýar we döredijiliginde bu akymy progressiw taraplar üçin ulanýar. Hut şu sufistik akymyň täsiri esasynda şahyr halky dogry ýola gönükdirmek isleýär we özüniň “Wagzy-Azat” ýagny, “Azadydan wagyz-nesihat” diýen poemasyny ýazýar. Azady şu sufistik akymyň täsiri bilen ildeşlerini, tutuş musulman milletini dogry ýola gönükdirmek ýaly şeýle ajaýyp işi amala aşyrýan bolsa-da, ol özüniň şol akyma aralaşyp – beýik sufistik şahsyýetler bolan Mäne baba, Ýumus Emre, Hojaýusup Hemedany, Nesimi, Omar Haýýam, Jelaletdin Rumy, Gulsüleýman, Bahawetdin Nagyşbendi ýaly şahsyýetleriň derejesine ýetip bilmänligi üçin özüni Allatagalanyň öňünde şeýle günäkär hasaplaýar. Ony Döwletmämmet Azadynyň:
Çünki bir ulug günäli bende men,
Men söýlär men bularny her kanda men.
Ýa-da
Ýüz şükür kim ymmat bolduk ol äre,
Ýüzi gara bolsak-da biz biçäre.
Ýa-da
Dünýäni pysky-pyjur edenleri,
Ýagşy bilip, dost tutundym olary,

Ýagşylaryň hyzmatynda durmadym,
Aýak tozlaryny ýüze sürmedim.

Jany-dilden Haka gulluk etmedim,
Ýagşylar bolgan derejä ýetmedim – ýaly setirlerinde görmek bolýar. Hut şonuň üçin hem şahyryň:
Taýy bolup aýtsam Haka salawat,
Hak yşkynda bolar maksadym myrat – diýmek bilen özüniň günäleriniň geçilmegini haýyş edip, Haka ýalbarmak arkaly dileg-doga edendigini onuň şu aşakdaky:
Ýalkagyl, eý, Hudawende sen bizi,
Açyk sende rahmet deňziniň gözi.

Ata bilen enelermiz hakyna
Ussadymyz – pygamberimiz hakyna.

Ýalka şyhlar – meşaýyhlar hakyna,
Haky söýen halaýyklar hakyna.

Ýalkagyl sen barça mömin gullary,
Ähli iman, ähli yslam illeri.

Bolmasa hem gulluga laýyk ýerim,
Hetden aşdym, bes ki köp günälerim.

Bes ýaman küýli guluň men, Biribar,
Köp ynjytdym seni, eý, Perwerdigär.
Ýa-da
Kylmadym bir zerre laýyk bendelik,
Günäkär men çekýän köp şermendelik.

Ýandym-u söndümm saňa, eý, Züljelal,
Eý, halaýyk eýesi, mülki bizowal.

Her hal keremiňden umyt eýlärmen,
Boýnuma asy ýüp düşse neýlärmen.

Akdyryp geldim gözümden ýaş bu dem,
Müň bir tobam bilen eýa, Zülkerem.

Derýa deý rahmetden umyt etdim men,
Rehim eteginden mäkäm tutdum men.

Senden özge gitmäge ýokdur ýerim,
Goýmuşam ýoluňda bu jan, bu serim.

Üzme umydym, umytly bende men,
Ýoldan azdym, it kibi dermende men.

Aýaty “Lataknatuny” gördüm, ah,
Işigňe gara ýüz getirdim, ah.

Ýalka imdi sen jahan awarasyn,
Hem ýene barça jigerler parasyn.

Boş eýleme, takwa ylmyndan ýene,
Magşar gününe çen bizi Rebbena.

Dergähine dogry kylgyn ýollarym,
Zikr aýtmaga rowa eýle dillerim – ýaly setirleri-de tassyklaýar. Bu ýokarky şygyr bentlerinden hem mälim bolşy ýaly, onuň Allatagalnyň öz günäsini geçip, ömür tanapy üzülen çagy hem Allatagalanyň özüne nur-iman ýoldaş etmegini we ýanyna eltip myhman hökmünde hezzetlemegini haýyş edenligini aşakdaky:
Ömür tanapymyz üzülen çagy,
Ýoldaş etgin bize nury-imany.

Günäm geçip, eltgil meni ýanyňa,
Hezzet eýle bu garyp myhmanyňa – ýaly setirlerinde görmek bolýar. Şeýle-de ol:
Ol ýakyn gullar içre tutgul meni,
Şolar birle turuz sen magşar güni.

Barça gamdan azat – diýgil – sen azat,
Iki dünýä içre ber maksat-myrat – diýmek bilen, özüni Allanyň ýakyn hasaplaýan gullarynyň hatarynda tutmagyny, şolar bilen deň-derejede özüni magşar güni turuzmagyny hem-de Allanyň özüne ýakyn hasaplaýan gullaryna diýşi ýaly, özüne-de barça gamdan azat diýip, iki dünýä üçin maksat-myrat bermegini dileg edipdir. Mundan başga-da, şahyr şu aşakdaky şygyryň:
Resulalla, goňşulygy kyl nesip,
Sopy-derwüşler bilen bolsam men garyp.

Bagş eýle didaryň ol gün, ýa, Jelil,
Didarsyz nygmatyň neýlär dost-Halyl.

Ýa Reb, ol didaryňy berseň maňa,
Ylahy ýüzüňi rowa görseň maňa.

Janymy müň jan edip, gurban bolam,
Perwana dek özüm otlara salam.

Jan içinde belki gurbanyň seniň,
Barça agza bende-permanyň seniň.

Dertdeş bolsaň, diňle meni aşygyň,
Didar görlen gün aşyga ýagşy gün.

Barçaga rowa gör öz didaryňy,
Säherler tobaly men bidaryňy – ýaly setirlerde şahyr ömür tanapy üzülen çagy, özüne Resulalla goňşulygy nesip etse, özüniň sopy-derwüşler bilen bolasy gelýändigini, şeýle-de şol sopy-derwüşleriň derejesine ýetmese-de, şolaryň arzuw edişi ýaly Allanyň didaryny görmegi arzuw edýändigini, Ylahy ýüzüni rowa görse, didaryny görmek iseýändigini, şol didary görmek üçin janyny müň jan edip, gurban kylyp, özüni perwana dek otlara saljakdygyny aýdýar. Şeýle-de şahyr Allanyň özüni dertdeş bolup, diňlemegini we ylahy ýüzüni birje gezek görse, Hak aşyk üçin ýagşy gün boljakdygyny aýdýar. Diýmek, Döwletmämmet Azady sopuçylygyň sufistik akymyndan el çeken ýaly bolsa-da, onuň beýnisi şol akymyň täsirinden sowaşybermändir. Allanyň yşgyna mynasyp bolmak üçin ynsanlary bet gylygy terk edip, gowy gylyklary özünde jemlemäge iterýän bu akym, halky hakykat ýoluna gönükdirmekde-de, ýurdy asuda saklamakda-da, şahyryň pikirine görä iň bir täsirli ýollaryň biri bolup galypdyr. Şonuň üçin hem ol sufistik akymyň inçe tilsimlerini “Wagzy-Azat” poemasynda ulanyp, erbet hetli adamlary dowzah, we onuň görnüşi bilen tanyşdyryp, olaryň dogry ýola gönükdirilmegi üçin öň durmuşda ýaşap geçen ýagşy küýli şahsyýetleriň Allatarapyn ýalkanyşlary baradaky rowaýatlary getirmek bilen öz pikirini has-da berkidýär. Ol (şahyr) birinji nobatda adamzat milletini dogry ýola gönükdirmekde zerur zat hökmünde Allanyň ýerdäki wekili bolan adyl şanyň gerekdigini nygtaýar we olaryň ýurtdaky progressiw taraplara ünsli garamagyny isleýär. Hut şonuň üçin hem ol (şahyr) şalaryň ýurtda köpri we howuz gurdurmagyny, metjit saldyrmagyny, bag ekdirmegini, sopy-rewüşleri goldamagyny, şeýle-de raýatlaryna rehimdar bolmagyny ündäpdir. Azadynyň köpri gurmak baradaky ideýasyny oňlamak bilen S.A.Garryýew özüniň şol kitabynyň (Türkmen edebiýatynyň taryhy, II tom, 1-nji kitap, XVIII asyr türkmen edebiýaty, Aşgabat, 1975) 52-nji sahypasynda şeýle diýýär: “Azadynyň köpri salmak baradaky aýdan pikiri hem söwda, medeni aragatnaşyklar bilen baglanyşykly. Köpri obalaryň, şäherleriň arasyndaky gatnawy üpjün edýär. Halkyň zerur zatlaryna göz aýlan şahyryň bu meseläni orta atmagy örän ýerliklidir.” Alymyň şu setirlerinden hem görnüşi ýaly, Azady sufizmiň progressiw taraplaryny öz döredijiliginde ulanmak bilen halkyň bagtly gelejegi baradaky baş ideýany gozgaýar we ony durmuşda şöhlelendirmegiň ýollaryny halkyň aňyna ornaşdyrmakda – sufizmi – ideal güýç hökmünde görýändigini nygtaýar.

Netije. Işiň ylmy täzelikleri.
1. Azady sufizm taglymatyny çeper pikirlenmesiniň esasy mazmunyna öwüren şahyrdyr. Ol sufizme uýupdyr. Onuň Azady lakamy hem sufizmden gelip çykýar.
2. Azady öz döredijiliginde sufizmi sosial bähbitleri gorap çykyş etmäge hyzmat etdiripdir. Sufizmiň uly täsirini jemgyýeti kämilleşdirmekde peýdalanmak isläpdir.
3. Azady çeper döredijiliginde sufizm taglymatyny öz döwrüniň sosiologiýasy hökmünde teswirläpdir.
4. Azady diňe bir liriki goşgularynda däl, eýsem, jemgyýetçilik mazmuny uly liro-epiki eser bolan “Wagzy-Azat” poemasynda hem boýdan başa sufizm taglymatyny teswirläpdir we ondan goldanypdyr.
5. Azady sufizmde progressiw başlangyçlary görüpdir we onuň şol taraplaryndan çeper döredijiliginde başarnykly peýdalanypdyr. Şunlukda bu taglymatdaky diňe položitel sypatlary we taraplary goldanypdyr.
6. Döwletmämmet Azady sufistik mazmunly çeper döredijiligi bilen beýik Magtymgulynyň döredijiliginde ýüze çykjak sufistik hyjuwlara we pikir ýöretmelere esas taýýarlapdyr. Ol Magtymgulynyň ylym kyblasyna öwrülipdir.


Toýly JÄNÄDOW.

• Çeşme:

1. Toýly Jänädowyň 2009-2010-njy ýyllarda ýazan "Döwletmämmet Azadynyň çeper pikirlenmesinde sufizm jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdiriji ideal güýç hökmünde" atly ylmy işiniň "Azadynyň eserlerinde sufizm we progressiw taraplar" atly üçünji baby.

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 27 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]