21:25
2. BMG-niň oňyn kanunçylyk namasy – bütindünýä sebitinde hukuk döwletlerini berkarar etmekligiň kämil parlament esasy
Bütin ýer ýüzünde kämil parlament sistemasyna geçilmeginde, dünýä döwletleriniň ählisinde diýen ýaly oňyn hukuk binýadynyň kemala gelmeginde, täze garaşsyz döwletleriň döremeginde 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan bäri milletleriň oňyn halkara bileleşigi hökmünde işläp gelýän Birleşen Milletler Guramasynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki, bu halkara guramasynyň 1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy, 1950-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky «Adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň goragy hakyndaky» Ýewropa Konwensiýasy, 1960-njy ýylyň 14-nji dekabryndaky «Kolonial ýurtlara we halklara garaşsyzlyk bermek hakyndaky», 1963-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky «Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky», 1965-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky «Ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, halklaryň arasynda özara hormat we özara düşünişmek maksatlaryny ýaýratmak hakyndaky» jarnamalary, 1965-nji ýylyň 21-nji dekabryndaky «Jynsy kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky» halkara konwensiýasy / , 1966-njy ýylyň 19-njy dekabryndaky «Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky» hem-de «Raýatlar we syýasy hukuklar hakyndaky» halkara ylalaşyklary , 1971-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky «Akyl taýdan ösmedik şahslaryň hukuklary hakyndaky», 1975-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky «Maýyplaryň hukuklary hakyndaky» jarnamalary, 1979-njy ýylyň 17-nji dekabryndaky «Hukuk tertibini saklamak boýunça wezipeli adamlaryň özüni alyp barmagynyň» Kodeksi, 1979-njy ýylyň 18-nji dekabryndaky «Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky», 1984-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky «Gynamalaryň we çemeleşmegiň hem-de jezalandyrmagyň rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän görnüşlerine garşy» konwensiýalary, 1985-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky «Kämillik ýaşyna ýetmedikler babatynda adyl kazyýetliligi amala aşyrmak boýunça kadalarynyň» Minimal standartlary – Pekin kadalary, 1986-njy ýylyň 3-nji dekabryndaky «Çagalaryň goragy we abadançylygy, hususan-da, milli we halkara derejede çagalary terbiýelemäge we perzentlige bermek bilen baglanyşykly goragyň we abadançylygyň sosial we durmuş ýörelgeleri hakyndaky» jarnamasy, 1987-nji ýylyň 26-njy noýabryndaky «Gynamalaryň we çemeleşmeleriň hem-de rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän jezalandyrmalaryň öňüni almak boýunça» Ýewropa Konwensiýasy / hem-de 1989-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky «Çaganyň hukuklary hakyndaky» konwensiýasy ýaly birnäçe kanunçylyk namalarynyň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi, şeýle-de bu halkara hukuk kadalarynyň bu ýurtlaryň esasy kanunlary bolan Konstitusiýalarynyň düýp mazmun özenine ornaşdyrylmagy bütindünýä sebitinde kämil parlament sistemasynyň kemala gelmekligine, umumadamzat neslinde parahatçylyga, beýik ynsanperwerlige, özara hoşniýetli gatnaşyga, dost-doganlyk hyzmatdaşlyga bolan ymtylyşyň döremekligine ýardam etdi. Ýeri gelende aýtsak, Birleşen Milletler Guramasynyň 1960-njy ýylyň 14-nji dekabrynda sese goýan «Kolonial ýurtlara we halklara garaşsyzlyk bermek hakyndaky» jarnamasynyň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilmegi, edil şobada bolmasa-da bu kanunçylyk namasynyň mazmunynyň halklaryň aňynda goýalyp bişişmegi bilen ýer ýüzünde täze garaşsyz döwletleriň birnäçesi döredi. Bu barada Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2005-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy» atly kitapda: «50 ýyl mundan öň häzirki milli baýdaklaryň dörtden üç bölegi ýokdy. BMG-niň agzalary bolan özbaşdak döwletleriň sanynyň 2000-nji ýylda 51-den 188-e çenli artmagy bilen, täze töwletleriň ýüze çykmagynyň depgini hem üýtgedi. 1950 – 1990-njy ýyllary aralygynda her ýylda 2,2 täze döwlet döredi, 1945 – 1950-nji ýyllar aralygynda bolsa her ýylda 1,2 döwlet döräpdi. 1990-njy ýyldan soňky döwür durnuksyzlygy bilen has hem tapawutlandy. 1990 – 2000-nji ýyllar aralygynda her ýylda täze ýurtlaryň 3-si döredi» – diýlip örän jaýdar bellenilýär. Hut şu nukdaýnazaryň özi, ýagny 1945-nji ýylda BMG-e döräninden soňra täze döwletleriň ýylsaýyn artmagynyň özi, BMG-niň bu babatdaky tagallasynyň, «Kolonial ýurtlara we halklara garaşsyzlyk bermek hakyndaky» jarnamasynyň oňyn netije berendigini görkezýär. Türkmenistanyň Baş Arhiwiniň 1996-njy ýylda neşir eden kitabynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar ediliş prosesi halkara kanunçylygyna we SSSR-iň 1977-nji ýyldaky Konstitusiýasyna berk laýyklykda geçdi, şol Konstitusiýa bolsa bu hukugyň mehanizmini üpjün etmese-de, öz-özüni kesgitlemäge, hat-da Soýuzdan çykmaga hem Türkmenistana ygtyýar berýärdi.» – diýlip, 1998-nji ýylda çap eden kitabynda bolsa: «Türkmenistan halkara proseduralary saklamak arkaly we SSSR-iň 1977-nji ýyldaky her bir soýuz respublikasynyň bölünip aýrylmagyna hukuk berýän Konstitusiýasyna laýyklykda öz garaşsyzlygyny gazandy (Dogry, Konstitusiýada bölünip aýrylmagy nähili amala aşyrmalydygy görkezilmeýärdi).» – diýlip bellenilmegi hem BMG-niň 1960-njy ýylyň 14-nji dekabrynda güýje giren «Kolonial ýurtlara we halklara garaşsyzlyk bermek hakyndaky» jarnamasynyň, şol döwürlerde onuň agzasy bolan beýleki ýurtlar bilen bir hatarda SSSR-iňem 1977-nji ýylda kabul eden Konstitusiýasynyň düýp mazmunynda öz beýanyny tapandygyny görkezýär. Diýmek, BMG-e özüniň oňyn hukuknamalarynyň esasynda bütin ýer ýüzünde kämil parlamenti döretmeklik arkaly kämil döwletleri berkarar eden ýeke-täk halkara guramasydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Birleşen Milletler Guramasy kämil hukuk binýadynyň esasynda kämil umumadamzat jemgyýetini, howpsuz parahat dünýäni berkarar etmeklikde öz wagtynda döredilen, oňyn halkara guramasydyr. Bu halkara guramasynyň bütindünýä sebitinde alyp barýan şeýle oňyn işleri umumadamzat jemgyýetçiliginde kämil paýhasyň, berk hukuk binýadynyň, oňyn parlament sistemasynyň döremegine itergi berdi.

Baky NURMUHAMMEDOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň «Hukuk öwreniş» hünäriniň 3-nji ýyl talyby,
Toýly JÄNÄDOW.

Çeşme:
1. Baky Nurmuhammedow, Toýly Jänädow. «Parlamentiň taryhy nazaryýeti – döwlet berkararlygynyň kämil hukuk binýady» atly ylmy işiniň «BMG-niň oňyn kanunçylyk namasy – bütindünýä sebitinde hukuk döwletlerini berkarar etmekligiň kämil parlament esasy» atly ikinji baby.
2. Baky Nurmuhammedow, Toýly Jänädow. «BMG-niň oňyn kanunçylyk namasy – bütindünýä sebitinde hukuk döwletlerini berkarar etmekligiň kämil parlament esasy» atly makala.
3. Baky Nurmuhammedow, Toýly Jänädow. «BMG-niň oňyn kanunçylyk namasy – bütindünýä sebitinde hukuk döwletlerini berkarar etmekligiň kämil parlament esasy» atly makala.
Категория: Publisistika | Просмотров: 48 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow, Baky Nurmuhammedow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]