19:09
2. Azadynyň çeper pikirlenmesini kesgitlän dünýägaraýyş

AZADYNYÑ ÇEPER PIKIRLENMESINI KESGITLÄN DÜNÝÄGARAÝYŞ

a) Kämil hökümdar küýsegi.
b) Kämil raýat, kamil alym zerurlygy.
ç) Azadynyň azatlygy.


a) Kämil hökümdar küýsegi.

Döwletmämmet Azadynyň şygyrlaryndan we poemalaryndan mälim bolşy ýaly, onuň iň esasy arzuwy kämil hökümdar küýsegidir. Bu barada S.A.Garryýewiň (S.A.Garryýew. Türkmen edebiýatynyň taryhy, II tom, 1-nji kitap, XVIII asyr türkmen edebiýaty, Aşgabat, 1975, 42-nji sah.) pikirine görä, Azadynyň döredijiliginiň merkezi hasaplanylýan “Wagzy – Azat” poemasynyň birinji babynda aýratyn durlup geçilýär. Ýene-de, S.A.Garryýewiň (şol kitap, 43-nji sah.) bellemegine görä: “Azady tireleri birleşdirmek, bitewi döwlet gurmak barada pikir ýöredeninde ilkinji nobatda hemmä deň göz bilen garaýan adyl patyşanyň zerurdygyny nygtaýar” diýip aýdylýar. Elbetde, şahyr ilkinji nobatda Allanyň ýerdäki wekili bolan adyl şanyň gerekdigini nygtaýar we bu barada “Wagzy – Azat” poemasynyň birinji babynda:
Şa bolsa kim, bolsa adyly onuň,
Ýer ýüzünde saýasy ol Taňrynyň.

Adylyndan bolsa halaýyklar şat,
Dergähinde tapsalar, garypar myrat.

Hak tagalaň söwer bendesi biliň,
Resul ymmatynyň ýagşysy biliň.

Mähri onuň – Hak tagala mähridir,
Gahry onuň – Hak tagala gahrydyr.

Görme hökmün Taňry hökmünden yrak,
Ynanmasaň, gel-de bu aýata bak.

Kowluhu Tagala: “Eýnullaha we
etnur - resule we ulil – ämri - minküm”.

Eger gadam goýsa, adyl bir ýere,
Şol ýeriň halkyna, Hak rähmet berer.

Din öýüniň sakçysydyr patyşah,
Şoň üçin emrini tutuň diýr Allah.

Din ähliniň bir soltany bolmasa,
Meňzär ol il jany ýok bir surata.

Ýer ýüzüniň zynatydyr patyşah,
Halky – döwlet gymmatydyr patyşah – diýmek bilen, olaryň sopy-derwüşlere aýratyn üns bermelidiklerini, sopy-derwüşleriň doga-dileglerinden ýurtlarynyň has-da pajarlap ösjekdigini aýdyp, öz sözüni şu aşakdaky rowaýaty getirmek bilen berkidýär:
Diýdiler: Öten zaman şa bar imiş,
Adyl birle ýurdy nyzam eýlemiş.

Alym hem salyhlary, misginleri,
Jem kylarmyş öz köşgüne olary.

Berermiş yhsan edip her birine,
Hem halat, engam olaryň baryna.

Başga bir soltan oňa tagn eýlemiş,
Ýanyňa ýygna nöker diýip söýlemiş.

Haýyr-yhsan sen nökerge eýlegil,
Her ýylda olara donluk paýlagyl.

Duşmanyňy ýagny, dep etsin olar,
Nirä perman eýleseň, gitsin olar.

Diýdi bu şah: “Ol nökerler, eý kişi,
Dep eder duşmanyňdan bir ülüşi”

Gylyç bilen ýüz gary ýoldan ýene,
Ok bilen üç ýüz gary ýoldan ýene.

Terbiýet bersin, bu leşgere tamam,
Doga kylar, olar ertir-u agşam.

Ok gözüne, ok urar ol dogalar,
Ýer-gökde duşmanlam armanda galar.

Ol doga gylyçlar tygdan ýiti,
Almazy söker gider, ýedi gaty.

Ol dogaň naýzasy ýyldyza ýeter,
Leşgeri şeýtanlary weýran eder.

Men olaryň toparyna girmişem,
Hyzmatkär dek gullugynda durmuşam.

Mert oldur kim, olara engam eder,
Olaryň derkarlaýyn enjam eder.

Goý, olaryň köňli hiç daralmasyn,
Oglan-uşak gaýgysynda bolmasyn.

Herne kim älemde bolsa şa emir,
Saýasynda hoş bolsun, garyp-pakyr.

Diýmegil sen: “Şa olary saklaýar”
Her ki mömin bu sözümi hak diýer.

Hak diýenmiş bu sözlere ýaňky şah,
Derwüş dogasyndan taparlar penah.

Sen asla derwüşleri ýigrenmegil,
Işleriň bihudadyr diýip sanmagyl.

Bardyr derwüşlerde müň tiri doga,
Dogadan eýmener, belaýu – kaza.

Sen olaryň dogasyny alawer,
Maly – janyň, birle hyzmat kylawer.

Eger olar ölseler-de kylma har,
Her zerräniň Hak alnynda gadry bar.

Olarsyz bu jahan bozgunlyk tapar,
Mömin iller, bir-birin gurt dek çapar.

Ýyjylar asman, bozular ýedi ýer,
Galmagaý bir Taňry diýgen bir beşer.
Şahyr ýokardaky mesnewisinde öten zamanda ýaşap geçen iki şa barada gürrüň etmek bilen, bu poemany okan döwürdeşleriniň aňynda ebedilik galjak täze mazmuna eýe bolan düşünjäni berkidýär. Ol düşünje bolsa, sopy-derwüşler baradadyr. Pikir beriň: Yslam dini – musulmançylykda Allanyň Muhammet pygamberden başga ylahy güýji, ylahy gudraty ýaratmanlygyny aýdýar. Emma sufizm muny inkär edýär. Sufizm – musulmançylykda Allanyň Muhammet pygamberden başga ylahy güýji, ylahy gudraty sopy-derwüşleri ýaradandygyny düşündirýär. Şonuň üçin hem şahyr derwüşleriň Allanyň söýýän iň mähriban adamydygyny we olary şa goldasa olaryň Haka edýän dileg-dogalary, Hak dergähinde kabul bolup, ýurduň asuda, erkin ýagdaýda has-da pajarlap ösýändigini hem-de derwüşleriň Haka edýän dogasynyň bitirýän işini nökerleriň gylyjynyň hem başarmaýandygyny şol rowaýatyň üsti bilen öz ildeşlerine öwran-öwran nygtaýar. Şeýle-de şahyr bu dünýäde näçe gowy iş etseň, Hak alnynda onuň gadrynyň bardygyny aýdyp, hezreti Omar baradaky ýene br rowaýatyň üstünde durup geçmek bilen şeýle diýýär:
Resulyllah hadysyndan bilseňiz,
Ýardam beriň, halka kadyr bolsaňyz.

Patyşaga lazym oldu, eý, gözüm,
Barça mähribanlara budur sözüm.

Hak resula jana-jan erdi Omar,
Adyllyk bagyndan miweler iýer.

Rehm ederdi, barça möwjüdatlara,
Ýardam eýläp, barça mahlukatlara.

Aýak astyndaky garynjany-da,
Ynjytmady, basmady ol, panyda.

Jan berip dünýäde ol öten zaman,
Birewiň düýşüne girdi biguman.

“Taňry nä kyldy” diýip, sordy olar,
“Ýalkady” diýip, jogap eýledi Omar.

Ol kişi sordy onuň sebäbin,
Omar aýtdy, ol sowalyň jogabyn.

“Aýak astyndaky haýwanjyklara
Mähribanlyk eýlediň” diýip, bizlere.

Mähribanlyk eýledi ol Züljelal,
Uçmah içre berdi tagty bizowal.
Şahyr şu ýokardaky rowaýatyň içki mazmunyndan, baş ideýasyndan ugur alyp, patyşalara we baý-beglere ýüzlenip, şeýle diýýär:
Mähribanlyk etgin raýatlaryňa,
Ýardam etgin, halky-älem baryna.

Baýlygyň Hak artdyrar günden-güne,
Ýardam berseň barça adam kowmuna.

Taňry öz ýardamyna duş eýlär ony,
Kimse alsa bir musulman köňlüni.
Şahyryň “Wagzy – Azat” poemasyndan rehimdarlyga mysal hökmünde getiren bu setirlerimizi poemadaky başga bir rowaýatyň üsti bilen S.A.Garryýew öz (Türkmen edebiýatynyň taryhy, II tom, 1-nji kitap, XVIII asyr türkmen edebiýaty, Aşgabat, 1975-nji ýyl, 47-nji sah.) kitabynda tassyklap, şeýle diýýär: “Döwletmämmet Azady “Wagzy – Azat” kitabynda Söbükteginiň (977 – 997) we onuň ogly Mahmudyň (998 - 1030) obrazlarynyň üsti bilen patyşanyň köpçülige rehimli bolmalydygyny aýdýar. Ol “Söbüktegin barada bir rowaýat getirip, ony haýwanlara-da örän rehimli ynsan hökmünde suratlandyrýar. Şahyr beýleki patyşalar barada aýdyşy ýaly, bu rowaýatynda dini äheňde tamamlap, Söbükteginiň şeýle rehimliligi üçin dowzahdan azat boldy, hudaý tarapyn ýalkandy” diýip ýazýar.
Şeýle-de şahyr adamzat göwnüni görmegiň sogabyny has ýokary derejä çykarmak arkaly ýokarky şygryň örüsini giňeldip:
Käbe weýran etmeden müň mertebe,
Bir göwün ýykmak ýamandyr, eý, dede.

Köňül almak welileriň paýydyr,
Ony ýykmak – birehimler köýüdir.

Eger kim il köňlün ymarat etgeý,
Günäsinden dynyp, jennete ýetgeý.

Bir musulman köňlüni her kim alar,
Göýä ki ol bir togaby – haç kylar.

Köňül almak togap – sogap başydyr,
Köňül almak namazhonlar işidir – diýip belleýär we şu sözleri Allanyň ýerdäki bir wekili hökmünde özüniň aýdýandygyny şu aşakdaky:
Hak ýaratdy gözel ýüzli är meni,
Ýoldaş kylyp, maksada eltdim seni.

Ýagny, şol şatlyk men diýsem oňa,
Hak buşlugyn aýtdym, eý, mömin saňa – ýaly şygyr aňlatmasynyň düzümindäki sözleriň içki mazmunynda tekrarlaýar hem-de şahyr öz sözüniň dogrudygyny şu aşakdaky rowaýat bilen berkidýär:
Diýdiler: Öten zaman bir patyşaga,
Ýöregine düwdi gitmegi haja.

Üýşüp halk arz etdi: “Siz gitmäň” diýip,
“Bu raýatlary siz terk etmäň” diýip.

“Taşlap gitseň, sen bulary, eý, emir
Kynçylyga düşer, misginu-pakyr”

Ol sebäpden patyşa haj etmedi,
Ol raýatlaryny taşlap gitmedi.

“Haj sogaby hakda bilýän bir adam
tapyň” diýdi, buýruk boldy ol şadan.

Dosty diýdi: “Munda weli kişi bar,
Haj sogabyn etmiň ol altmyş sapar.

Meger onuň haj sogabyny bu dem
Satyn alsaň besdir, eý, aly – kerem!”

Bardy şah ol dem weliň ýanyna,
Haj sogabyn isteýip, öz şanyna.

Başdan-aýak ähli baýlygyny şa,
Bir gadam haj ýoluna kyldy baha.

Ol zaman şa: “Barça emlägim – diýdi,
Haj ýolunda bir gadama degmedi”

Bu sözden soň ol şa düşdi köp gama,
Zar kyldylar barça raýatlar-hemme.

Aýtdy derwüş: “Bu sözüm düzdür saňa
Kabul kylsaň gulak salgyn sen maňa”

Bir sagat adyllyk eýleseň eger,
Soň onuň sogabyn sen bizlere ber.

Şonda altmyş haj sogabyn men pakyr,
Bagş edeýin size şol dem, eý, emir.

Bir sagat adyllyk sogabyn haja,
Çalşyp bolmaz, Hak alnynda müň haja.

Adyllygyň sogabyna eý, kişi,
Engam ýetmez, oldur hajyň peşgeşi.
Bu ýokardaky rowaýatyň üsti bilen şahyr bir sagatlyk adyllyk sogabyny Hak alnynda müň haja çalşyp bomaýandygyny aýdýar we patyşalaryň adyllyk diýen düşünjäni durmuşdaky şahsy endikleriniň birine öwürmeklerini isleýär. Çünki adyllyk – rehimdarlyk, salykatlylyk, sahylyk, kiçi göwünlilik, ynsanperwerlilik ýaly düşünjeleriň özenini düzýär. Biziň bu aýdanlarymyzy tassyklar ýaly XVIII – XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler (Aşgabat, 1967-nji ýyl, A.Meredow, K.Jumaýew, T.Durdyýew we N.Aşyrow) diýen kitabyň 94-nji sahypasyndan: “Şahyr şalaryň adyl bolmagyny, olaryň öz raýatlarynyň aladasyny edýän adamlar bolmagyny talap edýär
Patyşa alsa ragaýat köňlüne,
Dost tutarlar, bes ragaýatlar ony
Azady “Göwün-göwünden suw içer, gamyş-bogundan” diýen nakyldan ugur alyp, halkyň göwnüni almaga şalary borçly edýär” diýen setirleri getirmegi makul bildik. Şeýle-de, Döwletmämmet Azady adyl patyşanyň her bir işde halk köpçüligi bilen geňeşmegini isläp, poemada şu aşakdaky:
Ok ýa naýza bilen bitmedik işi,
Geňeş birle bitirse bor, eý, kişi.

Geňe birle döwrüň akyldarlary,
Müşgil işi çözse il serdarlary.
Azaşar ýolbaşçy – rehbersiz bolsa,
Ýa ki dagar, leşger serdarsyz bolsa.

Göwre läş bolgaý, eger baş bolmasa,
Iş bitmez, Hak saňa ýoldaş bolmasa – ýaly setirleri getirýär. Bu setirlerde şahyr naýza bilen bitirip bolmaýan işi geňeş bilen bitirse bolýandygyny aýtmak arkaly, “geňeş” diýen düşünjäniň özenini agzybirlik, asudalyk, jebislik ýaly ideologiýany kesgitleýändigini düşündirýär. Şeýlelikde bu poema esasynda biziň bu bellänlerimizi tassyklar ýaly ýene-de XVIII – XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler (Aşgabat, 1967-nji ýyl, A.Meredow, K.Jumaýew, T.Durdyýew we N.Aşyrow) diýen kitabyň 95-nji sahypasyndaky: “ “Wagzy-Azat” kitabynda şahyryň öňe süren pikirleriniň biri-de, şalaryň halk bilen her işde maslahatlaşmakdan, halk köpçüliginiň ykbalyny kesgitlemekde, olar bilen döwletiň arasynda ylalaşygy ýola goýmak prinsipini orta atmakdan ybaratdyr. Bu pikiri köpçülige ýaýratmagyň özi XVIII asyrda türkmen halkynyň ýaşaýyş şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki: “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýlip, halk nakyllarynda tötänden aýdylmandyr” diýen setirleri getirdik. Döwletmämmet Azadynyň bu çuň manyly ideologiýasy Garaşsyzlyk eýýamynyň Täze Galkynyşlar döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda amala aşyryldy. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň döwlet arhiwi tarapyndan hormatly Prezidentimize bagyşlanyp, “Ata arzuwyny amala aşyran agtyk” atly kitap 2009-njy ýylda çapdan çykaryldy.

b) Kämil raýat, kamil alym zerurlygy.

Döwletmämmet Azady “Wagzy-Azat” poemasynyň ikinji babyny halk köpçüligine we olaryň ýaşaýyş durmuşyna bagyşlap ýazypdyr. Şahyr halk köpçüligi barada gürrüň edeninde ilki bilen sahylyk diýen düşünjäniň üstünde durup geçýär. Bu barada XVIII – XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler (Aşgabat, 1967-nji ýyl, A.Meredow, K.Jumaýew, T.Durdyýew we N.Aşyrow) atly kitabyň 102-nji sahypasynda: “Şahyr özüniň “Wagzy-Azat” kitabynyň ikinji bölüminde goly giň ýigitleriň, jomart-sahy adamlaryň sanyny köpeltmek üçin çalyşýar, olaryň garyp-gasarlara kömek etmeklerini talap edýär” diýlip aýdylýar. Dogrudan-da, şahyr sahy, ile-güne sadaka, zekat berýän adamyň Hak tarapyndan ýalkanýandygyny, şunuň ýaly adamlaryň köp namaz okaýan adamlardan hem sogabynyň köpdügini aýtmak bilen şeýle diýýär:
Resulyllah hadys aýdyp geçipdir,
Diňle çyndan aýdanlary niçikdir?

Köp namaz, köp ruza birle kimsäni,
Jennet ähli diýip bolmaz, bil muny.

Dört iş bilen bolar adam jenneti,
Hak fazlydyr çek sen ondan minneti.

Ikinjisi yhsan eýle barçaga,
Hem tagamyň Hak ýoluna sadaka.

Dördünji kalby päklikdir, biliň,
Uçmah ili diýdi bulary Kerim.
Şeýle-de, şahyr Allatagalanyň dört kişige jenneti eçilýändigini şu aşakdaky:
Okagyl pygamber sözi bu kelam,
Dört kişige jennet eçiler Allam.

Biri oldur – kim doýursa bir ajy,
Biri oldur – örtse bir ýalaňajy.

Oraza tutgandyr – oň üçünjisi,
Hak kelamyn okan – oň dördünjisi – ýaly setirlerde görkezmek bilen sahy adamlaryň hemişe Hak tarapyndan ýalkawlydygyny aýdýar we Hak tagalanyň Kurandaky aýdan sözlerine salgylanyp, öz sözüni şu aşakdaky setirlerde has-da berkidýär:
Bu sözler gelipdir Hak Resulyndan,
Diňlemese kim ony – jahylu-nadan.

Bes sahylyk bilgil, imandan bolar,
Hem iman-jenneti ryzwandan bolar.

Hak oňa rähmet nazar birle bakar,
Gije-gündiz içre ol ýetmiş sapar.

Jennet içre bir agaçdyr bu saha,
Gadry onuň bolar barçadan agla.

Kim sahy bolsa onuň golun tutar,
Bir pursat eglenmän Syratdan öter.

Hak jennete elter şeki ýokdur bes,
Uçmahdakylaryň iň ýegi ol kes.

Hem halaýyk, Resul, hem Perwerdigär
Ähli sahylary ýürekden söýer.
Bu ýokardaky mesnewi görnüşinde ýazylan şygyr bentlerinde şahyr Allatagalanyň günde 70 sapar sahylara rehmet nazary bilen bakýandygyny hem-de jennetden iň ýeg ýeri (oňat ýeri) sahylara bagş edýändigini nygtaýar. Döwletmämmet Azady öz bu pikiriniň şu poemada has düşnükli bolmaklygy üçin bir rowaýat hem getirýär. Ynha şol rowaýat:
Diýdi ki pygamber: “Magraç gijesi
Seýran etdim jenneti hem dowzahy”

Dowzahyň keşbini görmäne bardym,
Bir otdan ýasalan tabydy gördüm.

Tabyt içre hoş ýatypdyr bir kişi,
Işbu oduň onuň birle işi ýok.

Bar onuň ýanynda hem iki melek,
Yssy, sowuk ony eýlemez heläk.

Ýagny ataş yssysy ýetmez oňa,
Işbu işi görüp galdym haýrana.

Jebraýyla diýdim: “Kimdir bu jenap”
“Hatamtaý Arap” diýip, berdiler jogap.

Küfri ony dowzah içre oklady,
Sahylygy otdan aman saklady.

Sahylygy ol käpire nep boldy,
Şeýdip ondan dowzah ody dep boldy.
Şeýlelikde, şahyr dowzah odunyň-da täsin etmeýän adamlary bolan sahy adamlaryň bagtlylygyny aýratynlykda beýan etmek bilen şeýle diýýär:
Ol Resuly – Hak diýdi, işbu sözi,
Açylar, tutsaň gulak, köňül gözi.

Kimse hormat eýleýip Subhanyny,
Berse zadyndan zekatlyk malyny.

Sahy diýip at biýrler, başky asmanda,
Ikinji-de – jomart diýerler onda.
Üçünji asmanda tagat ediji,
Ýagny, Taňry emrini rast tutujy.

At bererler dördünji asman era,
Hossarlyk ediji eziz gullara.

Bäşinji asmanyň gezegi geler,
Özgä zat harçlaýan kişi diýerler.

Altynjy asman era ol kimseýe,
Bereketli adam diýerler, eý, uýa.

Ýedinjide meşhur diýip aýdylar,
Ýagny, Taňry ýalkady diýmek bolar.

Bu sypat bir kimsegä at bereler,
Magşar güni gorkusyz bolgaý olar.

Taňryny razy kylan maly biler,
Jennete girer Resul ýany biler.
Şahyr sahylaryň mertebesini, at-abraýyny, olaryň gazanan sogaplaryny şular ýaly ajaýyp jümleler bilen şöhlelendirýär. Şeýle-de ol sahy sözüniň garşydaş manysyndaky sözi hasaplanýan bahyllar baradaky pikirlerini sufistik akyma baş goşan derwüşleriň dilinde düşündirmek üçin şu poemada “Bahyllaryň betbagtlylygynyň beýany” diýen nama ýazýar. Ol namada şahyr:
Bermese kimse zekaty-malyny,
Diňlegil sen ol kişiniň halyny.

Bu asmanda oňa bahyl diýerler,
Ikinji-de husyt adyny goýarlar.

Üçünjiden nebsewürdir ady oň,
Ýygar – düýrer – ile bermez zady ol.

Dördünji asmanda ady betgylyk,
Ýagny, etmez hiç kimsäge ýagşylyk.

Bäşinji asman içinde turşy ýüz,
At goýarlar aýny ol kimsä ýowuz.

Bereketsiz diýer altynjy sema,
Ýagny diýrler bereket ýokdur oňa.

Hem dagy hasrat diýrler ol guly,
Razy bolmaz ondan öz ýagşy ili.

Ýedinji asmanda bilip goý, eý, är,
Ol kesiň adyna diýrler murdar.

Okan namazy hem ýüzüne urlar,
Magşar güni bar zat ondan soralar – ýaly şygyr setirlerini aýratyn getirmek bilen bahyl adamlaryň o dünýädäki gözgyny ýagdaýyny şeýle içgin suratlandyrypdyr we bahyllaryň öz nebsine buýrup bilmese oraza tutmak arkaly ýaşy ýola gönükmeklerini teklip edip, şeýle diýýär:
Oraza tutmagyň sogaby köpdür,
Bu hakda Resulyň aýdany köpdür.

Oraza tutmakdyr ybadatyň başy,
Bolmasa ger, göwre çaşar, eý, kişi.

Oraza aýş-eşret öýün syndyrar,
Bendelerni Hak tarapa dönderer.

Oraza tutmak teniň zekaty bolar,
Kim tutsa Hak ýanynda yhsan alar.

Oraza tutmak birle päk bolar kişi,
Hem günäden aýrylar içi-daşy.

Oraza tutmak enbiýalar işidir,
Berjaý kylan tagatlylar başydyr.

Tutan äriň oraza nebsin öldürer,
Magryfet nuruny içe doldurar.

Taňry berer orazadaryň muzduny,
Bihasabu-bimöçber maşgar güni.

Dogasy kabuldyr oraza tutanyň,
Hak ýanyndan ýüzi perdesiz onuň.
Hem hadys içinde diýmişler şuny:
Oraza tutsa Hak üçin kim bir güni.

Dowzahyň odundan ýetmiş ýyllyk ýol,
Yrak goýar ony Kadyr-Züljelal.

Aýan bolar ýedi ahwal, eý, dede
Dowzah birle orazadar arasyda.

Gel, eşitgil, niçik bolar ol ahwal,
Muny bilgil, bolar bäş ýüz ýyllyk ýol.

Orazadardan dowzah ataşy gaçar,
Howzy-köwserden ol şerbetler içer.

Orazadara din, behişt içre Huda,
Ýer taýynlap goýdy, eý, kethuda.

Ýagşy gullaryndan indär ol ony,
Uzzaty-ykram bile göndär ony.

Hem ýakyn kylgaý ony özüne Hak,
Lutfy köp, yhsany köp kylgaý atak.

Çünki nebis arzuwyny bermedi,
Dünýäň nygmatyny kän iýdirmedi.

Şol sebäpden eziz kyldy Hak özi,
Ýagty boldy dolan aý dek oň ýüzi.

Orazadaryň ysy Taňryň ýanynda,
Müşk ysyndan ýagşy bolar, eý, dede.

Hoş gelermiş Haka tagatyň ysy,
Razy bolgaý işbu işden eýesi.

Has guludyr razy kylan eýesin,
Tapar ol gul arşda Hakyň saýasyn.

Orazadar ol günde gabryndan turar,
Taňrynyň hormatyn, sylagyn görer.
Bu ýokarky şygyr bentlerinde oraza tutmaklygyň ybadatyň başydygyny we onuň sogabynyň köpdügini aýtmak bilen Azady, ynsanlaryň päklenip Haka tarap gönükýändgini, oraza olaryň nebsini öldürip, içi-daşyny bar günäden saplaýandygyny, hem-de dowzah odundan ýetmiş ýyllap azatdygyny, olara Hudaý tagalanyň öz ýanyndan ýer taýynlap goýandygyny sufistik dünýägaraýyşyň esasynda düşündirýär. Şeýle-de şahyr orazadaryň ysynyň Hak ýanynda müşk ysyndan-da ýagşy görülýändigini, ýagny ol tagatyň ysynyň Haka hoş gelýändigini hem-de orazadaryň arşda Hakyň saýasyny tapýandygyny we ol gün olar gabryndan turup, Taňrynyň sylag-hormatyna mynasyp bolýandygyny aýdýar. Hut şu orazadaryň kalbyny Azady şu aşakdaky:
Görer olar Hudany kalp öýünde,
Hudadan gaýry ýok olaň köýünde.

Nazar dikip durar olar Hudaga,
Özlerini tutar jebir-jepaga.

Pikri-zikri olaň Hakyň özüdir,
Nama ýazsa Hak iberen sözüdir.

Eýesin islär olar jany birle,
Birikmiş jan ile janany birle.

Howa köprüsinden olar geçipdir,
Hudanyň yşgynda şerbet içipdir.

Yşgyndan mes bolup, aňmaz jahany,
Garamaz jennetu hüýri-jenany.

Düýpsüz dünýä deňzinden ol gullar,
Ötüp derwüş bolan – ol ähli diller.

Hudaga tabşyryp, ol barça kärin
Dilär jan öýünde öz Biribaryn.

Pikirde yşk deňzin seýil ederler,
Bolar çendan bu derýada güzerler.

Tapyp hakykaty ol işbu ýolda,
Gulak salmaz sese, ol sagu-solda.
Owaz berer asmanda Perwerdigär,
Aryf bolup, bolsa ondan habardar.

Haku-nähak ýagşy-ýaman saçarlar,
Gizlin ylymlardan söhbet açarlar – ýaly setirlerinde açyp görkezipdir we olaryň ýüreginde Hudaýdan başga zadyň ýokdugyny, olaryň bar pikri-zikriniň diňe Hudaýdygyny aýdýar. Şeýle-de, şahyr olaryň düýpsüz dünýä deňzinden ötüp derwüş bolýandyklaryny we Hudaýyň yşgynda mes bolup jahany aňmaýandyklaryny hem-de Hudaýa bar kärlerini tabşyryp, gizlin ylymlardan söhbet açýandyklaryny sufistik äheňde düşündirýär. Ýöne Azady şular ýaly arassa, päk adam boljak bolsaň ata-enäň, garyndaşlaryň, garyp-gasarlaryň öňündäki borçlaryň hem bardygyny ýatdan çykarmaly däldigini duýdurýar. Ol aýratyn-da ata-ene barada şu aşakdaky:
Gel, ata birle eneňňi kyl ryza,
Razy bolar şübhesiz senden Huda.

Hak ryzasy diýmiş ol şahu jahan,
Ata-enäň razylygy ýokk güman.

Bu ikew perzendinden bolsa ryza,
Razydyr Hak ol kişiden asyl-ha.

Islemez Taňry berenniň öwezine,
Bendelikden başga zady özüne.

Perzendinden hem ata birle ene,
Ömür berip, müzd islemez deregine.

Ata birle eneňdir göz röwşeniň,
Olaň haky bardyr boýnuňda seniň.

Olaň haky ýene Taňry Haky bar,
Hemmesi-de seniň boýnuňda durýar.

Bolsa Taňry haky parzdan eda,
Ene-ata haky kyrkdyr dünýede.

Berjaý eýle ata-enäň kyrk borjun,
Haktagala dergähine bol ýakyn – ýaly setirlerini aýtmak bilen ata-ene hakynyň Taňry hakydygyny we ata-enäniň öňünde perzendiň kyrk borjunyň bardygyny hem olary perzendiň hökman ýerine ýetirmelidigini şeýle-de, Hudaýyň öz bendesinden, ata-enäniň bolsa öz perzendinden ummasyz zat tamakin däldigini, şol kyrk borjy berjäý etseň, Hak dergähine ýakyn bolýandygyny sufistik äheňde düşündirýär. Biz bu aýdanlarymyzy tassyklatmak üçin “Edebiýat 8” okuw kitabynyň (M.Kösäýew, B.Şamyradow, O.Ýazymow, N.Çaryýew, Aşgabat, 1985) 106-njy sahypasyndaky: “Şahyr ata-enä mähriban bolmaklygy, hormat goýmaklygy, ak ýürekden hyzmat etmekligi, her bir perzendiň öňünde mukaddes borç edip goýýar. Azady bu borjy dört topara, her topary bolsa 10-a bölýär. Azady her kim, her çaga özüniň perzentlik borjuny berjaý edip, ata-enäni razy etmek islese, onda şu kyrk wezipäni hökman ýerine ýetirmeli diýen talaby öňe sürýär. Azadynyň ata-enäni hormatlamak, sylamak barada perzentden edýän talaby durmuşda – ýaşaýyşda jemlenen gowy duýgulara esaslanýar” diýen ýaly setirlere ýüzlenýäris. Döwletmämmet Azady perzendiň ata-enäniň öňündäki kyrk borjy baradaky ajaýyp jümleleri bilen ynsan kalbyny özüne örklemek arkaly ynsan aňyýetinde täze ideýany emele getirýär. Hut şonuň üçin hem perzendiň ata-ene öňündäki şol kyrk bojy barada şahyryň aýdan sözlerini tutuşlygyna şu makalada getirmegi mäkul bildik. Çünki Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýew beýik akyldaryň bu poemasyny terjime edeninden soň, poemadan bölekler alyp, düşündiriş bermegiň zerurlygy ýok. Ine, perzendiň ata-enäniň öňündäki kyrk borjy:
Ten biledir on haky, ýene ony,
Dile degişlidir sen bilgil muny.

Onusy köňül biledir, ony–mal,
Barçasyn hyzmatda kylgyl paýymal.

Diňle indi tendäki haky onuň,
Biri–hyzmat, biri hormatdyr biliň.

Biri–emri-permanyny, tutmakdyr,
Biri–gadagandan yrak durmakdyr.

Biri–sapar etme razy bolmasa,
Birisi–garşy al nireden gelse.

Ýedinji–ýoldaş bol, ol ýola barsa,
Sekizinji–tiz ýet, eger çagyrsa.

Dokuzynjy, onunjy–möhümin onuň,
Gijä goýman örän basym bitirgin.
Ýene on haky bar degişli dile,
Bolsa ataň-eneň sen indi diňle.

Birisi owazyndan öz owazyny,
Belent kylma sen götergil näzini.

Ýene biri edepsiz söz diýmegil,
Birisi–adyn tutup çagyrmagyl.

Söz diýmäni oňa gadagan etme,
Göz-göni ýüzüne bakyp söz aýtma.

Sözüň aýtgyl, hoşluk, ýumşaklyk bile,
“Et” diýip, “Etme” diýip, hiç sözleme.

Ýüzüne garşy onuň tüýkürmegin,
Hem ýanynda gülmegin, pyňkyrmagyn.

Indiki köňlüne degişli haklar,
Köňlün bar mährin ber – hoş bolsun olar.

Ikinjisi bolsa dost tutmak ony,
Biler ony bu köňülniň soltany.

Şadymanlyk kylsaň şat bolar olar,
Gaýgyly bolsaň tukat bolar olar.

Köp sözi birle onuň dar bolmagaý,
Hem jepalar etse, gahry gelmegeý.

Derdi birle hem onuň derdi bolar,
Ynjydyr diýip iýnine gorku salar.

Sözüne, pyglyna garşy gitmegil,
Ýa köňülde şeýle niýet etmegil.

Garrap ata bolsa her näçe ejiz,
Barybir uzak ýaş dile, eý, eziz.

Malyň birle bagly haklary hakda,
Aýtsam men diňle hem ýadyňda sakla.

Biri budur – ol atanyň geýmini,
Özüňkiden ýagşy kylgyl bil muny.

Her tagamy taýýar eýlegil ýagşy,
Pes köňül birle uzat nany-aşy.

Her hili arzuwy bar bolsa onuň,
Gijä goýman sen serenjam eýlegil.

Ýaşaýyşda zerur zatlaryn onuň,
Jan edip tapmak gerekdir, eý, ogul.

Maly dünýäň onuň ugruna saçyp,
Gollaryňny hem oňa kylgyn açyk.

Bes razy bolsun olaryň dostlary,
Ak ýürekden myhman alar olary.

Hasta bolsa islegil sagatlygyn,
Doga birle sadakalar eýlegin.

Işbu kyrkdan biri bolmasa berjaý,
Hiç kabul kylmaz sogabyňny Hudaý.
Şahyr bu ýokardaky nesihatlarynyň örüsini giňeldip, özüniň garyndaşar baradaky wesýetini aýtmak bilen şeýle diýýär:
Indi gel, diňle, garyndaş halyny,
Olara rehm eýlemek ahwalyny.

Garyndaşa rehm eýlemek wajyp erer,
Ömrüň birle ryskyňy hem artdyrar.

Goňşa hem garyndaşlara rehm eýlegil,
Merhemet kyl, ýagşy sözler söýlegil.

Bulardan kim ýüzün dönderse eger,
Hak rehim-şepagat ýüzün döndürer.

Rehm etmegi bes eýlese kim-de kim,
Üzer, keser Taňry ondan rähmetin.

Bigüman nogsan tapar, maly onuň,
Hem perişan bolar ahwaly onuň.

Hadysy-kudasda bu söz diýilmiş,
Haktagala: “Men ki Rahmanam”diýmiş.

Rehim sözünden bilgin muny,
Rähmete wasyl kylar men kylgany.
Azady bu şygryň üsti bilen garyndaşlara, goňşy-golama rehim şepagatly bolmalydygyny, olara kim rehim-şepagat etmese, Hudaý hem olara rehim-şepagat etmekden ýüz döndürýändigini aýdýar. Hut öz garyndaşlaryňa rehim şepagat edişiň ýaly, garyp-gasarlara-da rehim-şepagat etmelidigini tekrarlamak bilen Azady onuň azabyny we sogabyny şu poemada ýerleşdirilen dürdäne şygyr jümleleri bilen düşündirýär. Ine şol şygyr jümlesi:
Bir kişi bir kimsäge kyksa sütem,
Zor bilen elinden alsa bir dirhem.

Ýa ogurlyk birle alsa dirhemi,
Ursa, salsa köňlüne ýene gamy.

Ol kyýamat güni geler şeksiz biliň,
Dilde ykrar kalp bile bawer kylyň.

Bu halaýyk barça şonda diriler,
Haýyr hem şer o şol günde soralar.

Hemmäge deň bakar Hudanyň gözi,
Ötmegeý bir kişä özgäniň sözi.

Hak üçin diňle bu sözüm, eý, selim.
Ýalňyş bolmaz bu sözi diýse dilim.

Jebri-zulmy, pişe kylma özüňe,
Magşar güni çirk getirme ýüzüňe.

Toba gelgin, kylmyşyňdan tobaga,
Toba kylsaň Taňrydan rähmet ýaga.

Dünýä matasyndan ýok saňa wepa,
Jepa çekmek hebesdir bu biwepa.

Her kişide bolsa imandan nyşan,
Onda ondan agyrmaz bir musulman.

Ger goluňdan gelse kylgyl eýgilik,
Bolarsyň sen Hak alnynda söýgülik.

Ýardam bergil, ýaran bolgul olara,
Hak ýardyr garyba, ýar bolanlara.

Eger olaň kimse aýbyny ýapar,
Taňrydan ol herne islänin tapar.

Kim aňsat bitirse olaň işini,
Müşgil işden Hak gutarar başyny.

Olaryň her kimse kim iýse gamyn,
Hak berer derdine däri-melhemin.

Olaryň kim hajatyny bitirer,
Ýetmiş iki hajatyn Hak ýetirer.

Haýyr-ýardam eýlemek parzdyr saňa,
Her zaman kömek ber, golaý dur oňa.

Ulug günäkärdir kylmagan ýardam,
Gutulmaz dowzahdan, jebri-azardan.

Hak üçin hiç mömüni ynjytmagyl,
Hak ady mömündedir har tutmagyl.

Hak agyrlap goşmuş adyn olara,
Jepa beren hor bolar mömünlere.
Bu ýokarky şygyr bentlerinde şahyr Hak üçin mömüni hiç haçan ynjytmaly däldigini, çünki Hak adynyň mömündedigini, Hak olary agyrlap, öz adyny goşandygyny aýdýar. Şeýle-de, olara sütem-jepa berenlere dowzahyň jebri azaryndan gutulma ýokdugyny düşündirýär hem-de oraza tutup, Hak ýoluna düşen adamy bu wesýetleri ak ýürekden berjaý etjekdigine ynanyp, şeýle diýýär:
Taňry yşgyna bişen hiç dänmegeý,
Magşar güni dowzah içre ýanmagaý.
Ýeri geleninde aýtsaň, Döwletmämmet Azadynyň ýazan “Wagzy-Azat” poemasynyň tutuş özeninden eriş-argaç bolup geçýän baş ideýa – halky dogry ýola gönükdirmek ýaly prinsipden ugur alýar. Hut şu jähtden hem şahyr bu poemany sufizmiň inçe tilsimlerini ulanyp ýazýar we onuň mazmunyna özboluşly bir ideýa öwüşginini çaýýar. Çünki Azady sufizm akymynyň ynsan dünýägaraýşynya täsirlidigine ynanýar. Şonuň üçin hem ol bu poemadaky wagyz-nesihatlaryny Alla we onuň Kurandaky wesýetleri bilen baglanyşdyryp, adamzady dowzah onuň gurluşy we görnüşi bilen tanyşdyrmak arkaly, olaryň bet gylyklaryny terk edip, köňüllerinde ýagşy gylyklara orun bermelidiklerini wesýet edýär. Şeýle-de olary Allanyň özüne ýakyn hasaplaýan adamlarynyň, ýagny päk, arassa adamlaryň geçen ýoly bilen tanyşdyrýar we olaryň geçen ýoluny dowam etdirip bilse, päklenip, Allanyň didaryna aralaşýandygyny hem-de özleriniň ýalkanýandygyny sufizm akymyna baş goşan sopy-derwüşleriň dilinde düşündirýär. Şahyr sufizmiň şular ýaly inçe tilsimlerini poemadaky rowaýatlarda ulanmak arkaly öz sözüni has-da berkitmek bilen adamlary Taňry yşgynda bişişdirmek isleýär-de olaryň aňyna şu aşakdaky:
Taňry yşgyna bişen hiç dänmegeý,
Magşar güni dowzah içre ýanmagaý – ýaly şygyr setirlerini berkitmegi ýüregine düwýär.
Bu ýokarky şygyr bendinde tekrarlanylyşy ýaly, şahyr halkyň aňyna bu poemanyň üsti bilen sufizm diýen dünýägaraýşy özüniň aralaşdyryp biläýen ýagdaýynda olaryň Haktagala yşgy üçin hemme zada kaýyl boljakdyklaryny nygtaýar. Beýle diýmek bilen Azady halky Haktagalanyň yşgyna bişişdirip, derwüş bolmaga çagyranok. Ol şeýle diýmek bilen diňe – adamzat aňynda adamkärçiligiň beýik nusgasy hasaplanylýan ynsanperwerlik, kiçigöwünlilik, salyhatlylyk ýaly ahlak gymmatlygy bolan ideologiýany oýarmak isleýär. Azadynyň bu pikiri barada belli edebiýatşynas alym Mäti Kösäýew: “Döwletmämmet Azady öz döwri, öz ýurdy üçin sowatly, ahlaklya adamlary ýetişdirmek ýaly niýetleri ýüreginde besläpdir” (“Türkmen edebiýaty 8” okuw gollanmasy, Aşgabat, 1995, M.Kösäýew, B.Şamyradow, O.Ýazymow, N.Çaryýew dagy bilelikde) diýip belleýär. Şonuň üçin hem şahyr adamkärçiligiň beýik nusgasy hasaplaýan bu ideologiýasyny halkyň aňyny oýarmakda şol döwrüň kämil alymlary bolan sopy-derwüşleriň zerur gerekdigini nygtaýar hem-de olary şu aşakdaky şygyr setirlerinde şeýle görnüşde häsiýetlendirýär:
Alym oldur, ylmyndan ägäh bolar,
Jan öýünde zikri-yllallah bolar.
Ýa-da
Haýsy zady görse öz ylmy bile,
Ol ylymdan salar özün Hak ýola.

Din ylmyndan köňli doludyr mydam,
Ylmyndan nep alar, bu halky-jahan.
Ýa-da
Ylym isläne dadymlyk berse ony,
Lezzet alar şübhesiz jany-teni.
Şahyr alymlar barada öz pikirini giňişleýin aýan etmek bilen, alym bilen alymyň arasynda uly tapawudyň bardygyny hem kesgitleýär we az bilip, köp zat wagyz edýän alymyň hakyky alymdygyny hem-de onuň ylmynyň barha özgerýändigini düşündirip, şeýle diýýär:
Az bilip, kim ylmyna kylsa amal,
Barça alym, alymydyr ýok jedel.

Hak gaşynda söýgülidir ol kişi,
Çünki bar köňlünde oň din teşwüşi.
Bu ýokardaky mesnewi görnüşdäki şygyrlaryň ideasy barada S.A.Garryýew şol kitabynyň (Türkmen edebiýatynyň taryhy, II tom, 1-nji kitap, XVIII asyr türkmen edebiýaty, Aşgabat, 1975) 65-nji sahypasynda: “Azadynyň pikiriçe alym öwrenen ylmyny durmuşda ulanmagy oňarmaly. Şeýle edýän alym az bilse-de, gürrüňsiz, hakyky alymdyr. Sebäbi ol öz bilýänini unutmaýar, gaýtam gitdigiçe köp zady özleşdirýär. Alym köpçülige bilýän zadyny öwredip durmaly, ondan arasyny açmaly däl. Şahyr şu hili alymlary gowy adamlar diýip hasaplaýar” diýip belleýär. Alymyň aýdyşy ýaly, şahyr şu hili gowy alymlar barada öz döwürdeş raýatlarynyň elde baryny etmelidigini, çünki bu hili gowy alymlaryň juda seýrekdigini we olary tapmagyň örän kyndygyny nygtamak bilen şu aşakdaky:
Bes, ony tapmak gerek pikir eýleýip,
Tapandan soň hyzmat et, şükür eýleýip.

Hasap eýle tapdyň jahan beýgini,
Dada ýetýän Hydyr bilgil sen ony.

Ýa pygamber dosty-ýaryn tapdym diý,
Aly eshaplarnyň baryn tapdym diý.

Hak resulynyň ornunda görgün ony,
Dürs kyl yhlasyňny hem bolgun göni.

Aýak tozun sürt gözüňe, bende bol,
Pes pälli bol, öň ýolunda kölge bol.
Iýdir, içir, haýry-yhsan eýlegil,
Janyňy yşgynda gurban eýlegil.

Emrini wajyp bilip, etgil kabul.
Göýä, Hak tarapyn gelen ol resul.

Ylmyn öwren, gelse ajap garşyla,
Hem Hudadan oňa köp ömür dile – ýaly şygyr setirlerinde öz pikirini has-da aýdyňlaşdyrýar we Azadynyň bu pikiri barada S.A.Garryýew özüniň şol kitabynyň (Türkmen edebiýatynyň taryhy, II tom, 1-nji kitap, XVIII asyr türkmen edebiýaty, Aşgabat, 1975) 67-nji sahypasynda şeýle diýýär: “Azady ylym we alymlar barada öz pikirini aýan edeninde ilatyň olara nähili garamalydygyny hem aýdýar. Onuň pikiriçe adamlar özlerine ylym öwredýän alym bilen peýdasyz alymyň parhyny bilmelidirler. Olaryň ikisine-de deň-derejede garamaly däldirler.”
Şeýle-de Azady kämil alym hökmünde häsiýetlendirýän adamlarynda dört nyşanyň bolýandygyny aýtmak bilen şu aşakdaky:
Beýle alymlarda bolar dört nyşan,
Işbu demde bolşun edeýin beýan.

Birisi berhizdir olar gorkuly,
Köňli mydam Taňry howpundan doly.

Ikinji pespäl ol, hem göwni kiçi,
Hak üçin oturar, turar ol kişi.

Hem olarda tekepbirlik bolmagaý,
Synasynda men-menlik hem galmagaý.

Enbiýalar mirasdary özleri,
Halk içre wagzy-nesihat sözleri.

Sopulyk bolgaý üçülenç oň hüýi,
Ylmy bilen mal ýygmak däldir küýi.

Ýagny köňli baryndan azat bolar,
Ylym birle jan öýi abat bolar.

Dördünji jahyt – çalyşgan ol weli,
Jäht tutar elmydam ol Hak ýoluny – ýaly şygyr setirlerinde öz pikirini has-da aýdyňlaşdyrýar we öz kämil alym hökmünde häsiýetlendirýän adamlarynyň sopuçylykdan hem başy çykýandygyny buýsanç bilen belleýär. Şeýle-de şahyr şu hili sopy alymlardan ylym öwrenmek arkaly öz raýatlarynyň nadanlykdan saplanmagyny isleýär, hem-de halkyň bir ýerde üýşüp ylym almagy üçin barly adamlaryň metjit saldyrmagyny ündeýär. Bu barada S.A.Garryýew şol kitabynyň (Türkmen edebiýatynyň taryhy, II tom, 1-nji kitap, XVIII asyr türkmen edebiýaty, Aşgabat, 1975) 52-nji sahypasynda: “Şahyr şeýle pikirleri bilen birlikde barly adamlaryň hasabyna metjit gurmaly diýen wagzyny-da dowam etdirýär. Halkyň nadanlykda saplanmagynyň ýurt üçin uly zyýandygyna düşünen Azady türkmenleriň arasyna ylmyň ýaýradylmagyny isleýär. Şahyryň bu ýerde köpçülige ündeýäni dini kadalar bilen baglanyşykly ylym” diýen ýaly setirleri belleýär. Alymyň aýdyşy ýaly, şahyr sopy alymlaryň öz dini kadalar bilen baglanyşykly sufistik ylymlaryny – Alla we onuň Kurandaky wesýetleri esasynda halkyň aňyna beýik ideologiýany ýagny, adamkärçiligiň beýik nusgasy hasaplanýan ynsanperwerlik, salyhatlylyk, kiçigöwünlilik ýaly düşünjeleri döretmegini isleýär. Hut şu jähtden Döwletmämmet Azady sopy alymlaryň halkyň aňyna öz dünýägaraýyşlaryny gurşap alan şu aşakdaky:
Dost arada baglanyşyk bir perdedir,
Kim üzse, birikdi ol her ýerdedir.

Özüň ýyrt perdäni özgeden gizlin,
Hiç şeki ýokdur, görer sen dost ýüzün.

Pynhan dosty istegen baryn kowar,
Adaty dostuň budur – hylwat söýer.

Isleseň onuň ryzasyn gözle, bar,
Ähli duşmandan syryňny gizle, bar.

Söýeniňi tutsaň berer söýgeniň,
Hak öýünden gurar ol jaýyň seniň.

Bu hijap-perdeden özüň üz habyp,
Ýogsa dost didary bolmagaý nesip.

Ýagny özlük perdesinden üz özüň,
Şonda görer dost didaryn jan gözüň.

Jan gulagy diňlär dostuň owazyn,
Seýr içinde gurar dost saňa sazyn.

Ondan alar wasyl ysyn burny jan,
Bu habary aňyp – köňül eýläp pygan – ýaly şygyr bentlerindäki pikirleri ornaşdyrmak bilen olary Hak yşgyna has-da içgin tutaşdyryp, hakykat ýoluna gönükdirmeklerini ündeýär. Şahyr adamkärçiligiň we sowatlylygyň beýik ideologiýasyny öz içki mazmunynda jemleýän “Wagzy-Azat” kitabyny ýazmakda – Oraz aganyň belleýşi ýaly, Gündogaryň Firdöwsi, Nyzamy, Sagdy, Nowaýy ýaly beýik şahyrlarynyň wagyz-nesihat beriji “Şanama”, “Syrlar hazynasy”, “Gülüstan”, “Bostan”, “Haýratul-ebrar” kimin traktatlaryndan, poemalaryndan görelde alypdyr, olary döredijilikli özleşdiripdir (Magtymgulynama, Aşgabat, 1992, 26-njy sahypa) we sufizmi eseriň özenine siňdirip ýazmakda bolsa halypasy Bahawetdin Nagyşbendiden nusga alypdyr. Ýöne Döwletmämmet Azadynyň ýokarda belläp geçen ideologiýamyzy öz içki mazmunyna siňdirip ýazan poemasy oňat çyksa-da, näme üçin bu eser halkyň aňyna ornaşmadyka?
Ýeri gelende aýtsaň, bu poema öz üstünden üç ýarym asyry geçirse-de, häzirki hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Galkynyşlar döwrüniň okyjylarynyň aňynda hem, ynsanperwerlik, kiçigöwünlilik, salyhatlylyk ýaly adamkärçiligiň iň beýik nusgasyny oýarýar we olary şoňa ymtylmaga itergi berýär. Ýeri onsoň, bu poemada öz döwrüniň okyjylarynyň aňynda näme üçindir bular ýaly duýgyny we ymtylyşy döretmedikä? Ýogsam şol döwürde birnäçe edebiýatşynas alymlaryň (Oraz Ýagmyr, Saýlaw Myradow, Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew, Rahman Rejebow) aýdyşyna görä, oba mekdepleri bolupdyr ahyryn. Şonuň üçin hem biziň pikirimize görä, Döwletmämmet Azady öz iliniň geňeş tutýan söýgüli mollasy bolansoň, şol mekdeplerde Wepaýynyň “Rownakyl Yslam” poemasy ýaly mollalar tarapyndan “Wagzy-Azat” poemasy hem okadylyp, dilden-dile geçip, halk köpçüligine ýaýraýjak ýaly. Çünki bu poema içki mazmuny we baş ideýasy taýdan Wepaýynyň “Rownakyl Yslam” poemasyndan ýokary derejede bolmasa pes däl, ahyryn. Şonuň üçin hem bu poemanyň halk arasyna ýaýramanlygynyň bir emmasy hökman bolaýmaly. Onuň emmasy bolsa köpleri özüne çekip, çuňňur oýlandyrýan mesele. Şeýlelikde, bu sowalyň düýp sebäbi, ýagny emmasy Döwletmämmet Azadynyň öz eserlerini kitaby stilde ýazanlygyndadyr. Şonuň üçin bu eserlere, şu aşakdaky:
Ylym öwreden ussat kyblam pederdir,
Ýa-da
Magtymguly gizlin syryň bar içde,
Kämil tapsaň kyl gullugyn serişde.
Kyýamat gün elbet girer behişde,
Kimse çyndan bolsa dosty atamyň – ýaly şygyrlary kalbynda mukaddes saýyp saklaýan, Azadynyň ýürek parçasyndan dörän şägirdi Magtymguly düşünäýmese, şol döwürde başga hiç kesiň bu eseriň içki mazmunyna, gozgaýan baş ideýasyna asyl-ha düşünjek gümany ýok. Çünki bu poema halky dilde ýazylan däl. Onuň (Azadynyň) şahyr ogly Magtymgulam ýöne ýerik: “Bu syrlardan jahan halky ýat gezer” diýen däldir. Ol muny hut şonuň üçin diýendir.

ç) Azadynyň azatlygy

Şahyr Döwletmämmet Azadynyň azatlygy barada gürrüň etmezden ozal, “azat” sözüniň manysyna düşünmek gerek. Onuň üçin XVIII – XIX asyr türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler (A.Meredow, K.Jumaýew, T.Durdyýew we N.Aşyrow, Aşgabat, 1967) diýen kitabyň 87-nji sahypasyndaky: “Şahyryň ady Döwletmämmet bolup, Azady onuň edebi lakamydyr. Ol köp ýerde öz edebi lakamyny “Azady” diýip getiripdir. Emma käbir eserlerinde “Azat” diýip hem ulanypdyr. Şahyr “Dad, heý” diýen gazalynda hem “Wagzy-Azat” kitabynda bolşy ýaly, “Azat” sözüni ulanypdyr:
Rähmeti-derýasyna paýany – het, ýok, eý, Azat
Bolmasa nowmut her kişi, jürüm geçilmes, dad, heý” – diýen setirlere ýüzlenmek bilen ondaky pikirleri has-da aýdyňlaşdyryp, täze bir ideýany öňe sürýän ikinji bir alym Oraz Ýagmyryň: (Magtymgulynama, Aşgabat, 1992-nji ýyl, 13-nji sah.) “Döwletmämmet durmuşyň bir gyrasyndan girip ugranda, durmuşyň gözenekleri ony barha gysyp başlanynda, ol erkana duýgularynyň ynsan hukugynyň mukaddesligini tassyklaýan hökmünde, üstesine-de, Döwletmämmediň bir gije düýşünie Muhammet pygamber girip, “Sen dowzahdan azat” diýenmiş, şol sebäpli hem ol “Azady” lakamyny alypdyr” diýen setirlerini getirmegi makul bildik. Çünki Oraz aga şahyryň döredijilik ylhamyna täsir edýän erkana duýgularyny ynsan hukugynyň mukaddesligini tassyklaýan güýç hökümnde görkezýär. Alymyň muny beýle görkezmeginde-de bir esas bar. Ýagny, Döwletmämmet Azady ynsan hukugynyň mukaddesligini ündemek bilen ol onuň eldegrilmesiz berk binýadyny adyl şanyň höküm sürýän asuda, erkin, parahat ýurdunda görüpdir. Şonuň üçin şahyr ýurdunda asudalyk, erkinlik, parahatlyk isläp, şol döwrüň dagynyklyk durmuşyndan öz halkyny azat etmek maksady bilen öz döredijiliginde sopuçylyk taglymatyny öňe sürýär. Çünki ol sopuçylyk taglymatynyň, ýagny sufizmiň adamzat milletini dogry ýola gönükdirmekde örän täsirli bir dünýägaraýyşdygyna ynanýar we halypasy Bahawetdin Nagyşbendiniň döredijiliginden tälim almak bilen sufizmi öz döredijiliginde progressiw taraplar üçin ulanýar. Çünki Azady sufizmde progressiw başlangyçlary görüpdir we bu taglymatdaky diňe položitel sypatlary açyp görkezipdir. Şeýle-de şahyr özüniň şu işiniň netijesinde öz maksat-myradyna ýetmek üçin Alladan ýardam diläp:
Barça gamdan azat – diýgil- sen, azat,
Iki dünýä içre ber maksat-myrat – diýen ýaly setirleri gursagyndan çykarýar. Diýmek şu mesnewi setirinden hem görnüşi ýaly, şahyryň Azady lakamy taglymatyna baş goşupdyr. Şeýlelikde ol sopuçylyk taglymatynyň täsirini jemgyýeti kämilleşdirmekde peýdalanmagy ýüregine düwüpdir. Ýeri geleninde aýtsaň, Döwletmämmet Azady sufistik mazmunly çeper-döredijiligi bilen Beýik Magtymgulynyň döredijiliginde ýüze çykjak sufistik hyjuwlara we pikir ýöretmelere esas taýýarlapdyr hem-de Magtymgulynyň ylym kyblasyna öwrülipdir. Şeýlelikde Azadynyň azatlygy Magtymgula hem täsir edipdir. Ýagny Döwletmämmet Azadynyň ýürek parçasyndan dörän şägirdi, özüniň çagaka:
Aýra düşüp käbeden, Pyraky goýdum adyma – diýip, ejesinden aýra düşüp, özüne pars sözünde lakam edip alan (Gandym Gurbanow bilen Nazar Gullaýewiň bellemgine görä) “Pyraky” sözüni “Paryg” diýen (Muhammetnazar Annamuhammedowyň bellemegine görä) arap sözi bilen çalşypdyr we ataly-ogul ikisini bir dünýägaraýyş özüne birleşdiripdir. Ýagny, “paryg” sözi arapçada Azadynyň lakamynyň manysyny berýär. Diýmek, Azady pars sözünden ogly arap sözünden sufistik dünýägaraýyş esasynda lakam edinipdir.

Toýly Jänädow

Çeşme:
1. Toýly Jänädowyň 2009-2010-njy ýyllarda ýazan "Döwletmämmet Azadynyň çeper pikirlenmesinde sufizm jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdiriji ideal güýç hökmünde" atly ylmy işiniň "Azadynyň çeper pikirlenmesini kesgitlän dünýägaraýyş" atly ikinji baby.

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 26 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]