11:45
Dünýä neneñ gözel
DÜNÝÄ NENEÑ GÖZEL

"Dünýä neneň kirli, niçiksi hapa..."
Has TÜRKMEN.

Dünýä neneň gözel, niçiksi tämiz,
Hatda toprak göwünlerden arassa.
Ýöne dünýä demimizden bogulýar,
Adamlar däl, aslynda ol neresse.

Arassa suw ýa-da bolsun bulançak,
Ýalan däldir, ol şeýlebir görmegeý.
Baky alaw ykballary ýakmasyn,
Goý, ýylatsyn, Allahym köp görmegeý!

Barlyk şeýle ümsüm hem-de asuda,
Tykyrdy ýok, herekediň keşbi bar.
Dünýä şeýle gohly, şeýle şadyýan,
Heýjan edýän Biribaryň yşgy bar.

Dünýä örän giňiş köňül deý ylla,
Ýöne welin, adam bilen daraldy.
Barlyk juda päkizedi... ýönesi!
Ah, el degdi, ana soňra garaldy.

Ahmet ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 115 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021



Всего комментариев: 6
1
6 Mähriban   [Материал]
Okyjy hökmünde pikirimi paýlaşmak isleýän:
Ahmet, jigim, goşgyňyzy haladym. Täze howadan dem alan ýaly... Optimistik pikirler. Dünýäň gözelligini görmek... Onuň üçin diňe iki sany gözüň görmegi ýeterlikmikä ýa-da köňül gözüň (üçünji gözmükä şol) açyk bolmalymyka? Biz üçin agyr bolup görnen ýagdaýlaň, wakalaň, hadysalaň hemmesi hakykatdanam erbetmikä?!.... (Ýene kän-kän pikir geldi sere....)
Şeýle pikirleri döredeniňiz üçin sag boluň! Nämüçindir goşgularyňyzy seýrek paýlaşýarsyňyz. Ýöne meniň pikirimçe yzygiderli ýazýan awtor bolmaly siz. Eşidişime görä, mugallymçylyk institutynda gowy şahyr mugallymlar, güýçli edebiýatçylar bar bolmaly. Pursat barka öwrenmek gerek. Wagtyň tizligi ýagtylygyň tizligindenem ýokary öýdýän. Akyl satýar diýmäweriň, ýöne mugallym bolsaň (hatda ykdysadyýet mugallymy bolsaňam, söz sungaty günüňe goýmasa, diňe söz sungatam däl, her bir ynsanyň bir ykbal, bir älemdigi hakyndaky pikirler gije-gündiz böwrüňi byjyklap dursa (Bagyşlaň, hernäçe pafosly görünse-de)), ýaş oglan-gyzlary göreňde olaryň seň wagtynda biparh geçen zatlaň deňinden has parhly, has ünsli geçmegini isleýär ekeniň (barybir geçýäni üçin). Köp okaň, dil öwrenmek mümkinçiligiňiz bar bolsa (öňem käbir dilleri öwrenýändigiňiz goşgularyňyzdan görünýär) hökman-hökman öwreniň, hatda poliglot bolmasaňyzam. Ömrüňiz uzak we haýyrly, janyňyz sag bolsun! Dostlaryňyz ýagşylyklar, gözellikler, üstünlikler..... bolsun!

-1
3 Aksary   [Материал]
Baky ot nämekä!?

Goşgy elbetde gowy.
Ahmet kaka şahsy hat alyşmak mümkinçiligi bar wagty ýekeje sorag beripdim jogapsyz galypdy, o soragam şundan üýtgeşik däl, ýagny özüñiz barada gysgajyk biografiýa galdyraýsañyz şu ýerde.

1
4 Ahmet   [Материал]
Aý, men şahsy hat aalyşmak barada bilmänligim sebäpli jogap ýazan däldirin. Biografiýam barada aýtsam: Daşaguz welaýatyň Köneürgenç etrabyndan, 1999 ýyl. Häzir S.Seýdide okaýan...

0
5 Aksary   [Материал]
...

0
2 Ahmet   [Материал]
Minnetdar! Başga bellikler ýokmyka?!

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Goşguñ adyny okap "Has Türkmeniñ negatiw garaýşyna pozitiw bir zatlar goşjag-ow Ahmet awtor diýip begenjek boldym. Soñam okadygymça-da başgaçarak netijelere tarap ýol aldym. Aýdýan pikriñiz gaty çuñ pikir. Menem bu pikriñiz bilen ylalaşýan.
Iki ýekeje bellikler: Demimizden bogulýar. Biziñ demimizden däl-de zawod fabrikleñ tüssesinden bogulýan bolaýmasyn diýesiñ gelýär. Ýogsam, biziñ demimiz hapa däldir-läý.
Jemleme-de gowy. Üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]