05:30
"Hawa, sen bugdaýreñk owadan bir gyz..."
"HAWA, SEN BUGDAÝREÑK OWADAN BIR GYZ..."

Hawa, sen bugdaýreňk owadan bir gyz,
Bolsa, sensiň Ferdöws iýmişin dadan.
Başga bir dünýäden inensiň öýder,
Dünýäň bir däldigne ynanýan adam.

Hüýrsypat syratyň uçjaga meňzäp,
Bir näzijek galdyraňda tolgunyp,
Goşulasym gelýär galdyraýşyňa
Golum bilen inçe bile tor gurup.

Saçyňdan, gaşyňdan ysgasym gelýär,
Ykjasym gelýär meň bolup gulpagyň.
Ýakalasym gelýär yhlasym bilen,
Näbelli güýç ýaryp barýar gursagym.

Ýüzüňden, gözüňden sypasym gelýär,
Ellerin galgadyp, göýä birini
Sermeläp tanajak bolýan kör ýaly.
Sen halas etmeseň edersiň heläk,
Meni beýle örtäp maksadyň näme?!
Men igläp barýaryn sen seretmeseň.
Nazaryňy i:nim duýsa jümşüldäp,
Tenim tikeneklär, eý melekbeden!

Şoň üçinem sen bar gyzdan saýlanýaň,
Şoň üçinem sen bar gyzdan owadan.
Ygtyýarmy gyz näziňe ýugrupsyň.
Görküň üçin söýmedim men,
maňlaýma
ähli gyzdan sen owadan doglupsyň.

Yns bolsaň yhlasym myratsyz galmaz,
Hüýr bolsaňam hüýli başym egýärin.
Behiştde bir seni görmek üçinem
Dünýäň keýpi-sapasyndan el çekip,
Sopy deýin ýaşanyma degýänsiň!

Seýitmyrat GELDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 74 | Добавил: Aksary | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 1.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Seýrek nusga / Goşgular - 20.02.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Ýeňil goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Yşk hem aýralyk / Goşgular - 08.02.2021
Öz dünýäme giderin / Goşgular - 17.03.2021



Всего комментариев: 7
0
7 mango   [Материал]
biraz uzynrak wasply hasap etmeseň soňky kuplet betinden bolupdyr.
soňky bent - güýçli.
---
"Görküň üçin söýmedim men" diýse diýýärem welin, goşgusyny ol görki wasp etmekden başlaýar: "...sen bugdaýreňk owadan bir gyz", "...sensiň Ferdöws iýmişin dadan", "Hüýrsypat syratyň..."
diýmek, söýgüsünde görküň paýam bar ýaly...
---
seýitmyrat gowy şahyr.
üstünlikler.

0
5 Aksary   [Материал]
Yzynda "meñ üçinjigem" goýaýmaly ekeniñiz

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Taryhçy daýy, meniñ Kakamyradyñ,
Seýitmyradyñ, Nobatguly agañ poeziýasyndan has köp lezzet almaga hakym bardyr-a. Munam aýdyp bilerin-ä. Ýa hemme kişi siziñ halaýan goşgularyñyzy halamalymy?

0
6 Taryhçy   [Материал]
Men bularyñ olardanam müñ esse gowudygyny we siziñ lezzzzzet alşyñyz ýaly meniñem lezzet alýandygymy ýañzytmak isledim. Siziñ alýan lezzzzetiñiz bilen işim ýok.

0
3 Taryhçy   [Материал]
Hudaýberdi Söhbetowyñ, Allamyrat Rahymowyñ goşgulary bulardan kän esse gowy.

0
2 Aksary   [Материал]
Ýokla maña da ugratýalar. Adyn ugratmandyrlar ýöne

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Düýn bir saýtdaky teswirlerde okapdym. Goýjak bolup ýördüm. Öñürtiläpsiñiz. Ýogsa-da sizem şo ýerden aldyñyzmy?
Goşgy barada aýtsam gaty gowy. Ine-de poeziýa diýip okap oturan ýeriñden zowladyp gygyryberesim gelýär. "Goşgusyny tapsam çörek iýmän okajak" diýýän şahyrlarymdan biri.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]