10:01
"Dostum, "soñky döwür görneñok" diýme..."

"DOSTUM, "SOÑKY DÖWÜR GÖRNEÑOK" DIÝME..."

Dostum, "soňky döwür görneňok" diýme,
"Gedaýçylyga-da gurp gerek " ahyr.
Şatlanyber, sen bir gam donuň geýme,
Umytsyz günlerim gutarar ahyr.

Onsaň öňküler deý ojak törüňe,
Ýylgyryp geçerin çagyrmasaňam.
Çöregiňi basyp hödür-şoruňa,
Ýatlamaryn ýürek agyrmasynam.

Ýene-de sagatlap söhbet ederis,
Tanaýanlarmyzy ýatlarys ýene,
Dünýämiziň dünýesine ýeteris,
Bir-birek mährinden gop berip tene.

Ynjalarsyň, görüp gara gözlermiň,
Gaýgysyz-ünjüsiz garaýanyny.
Samsyklaç däldigni eşdip sözlermiň,
Duýarsyň arsam-da armaýanymy.

Bilýän ýaly Allaň beren ýaşyny,
"Entekler ýol uzak" diýersiň hökman.
Häzir welin görüp eglen başymy,
Gürlemeli bolma ýüzüme bakman.

Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Allanazar | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 3
0
3 Gumlygelin   [Материал]
Allanazar aga,kimler gamly güni derdini paýlaşmak üçin dost küýseýä.A siz bolsa derdiñize gyýylyp dostluñyzyñ gamlanmagny islemeýäñiz...Galamyñyz kütelmesin agam.

0
2 Aksary   [Материал]
Gowy goşgy bolupdyr Allanazar kaka,ömrüñiz bolsun.

0
Hawalaý. Garyp bolup dogulmaly dünye dällay bi

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]