14:13
Her telpekli kişä diýmäñler erkek
HER TELPEKLI KIŞÄ DIÝMÄÑLER ERKEK

Beýle telpek bolýar az-az adamda,
Samyr derisinden geýipsiñ telpek.
Ýöne sen, gardaşym, sakla ýadyñda:
Her telpekli kişä diýlenok erkek.

Erkekler bolýarlar orden-medally,
Order, medalsyz hem bolýandyr erkek.
Ýöne erkek bolmalydyr mejally,
Mejaldan başga-da akyl-añ gerek.

Bir gün awtobusda dik durdy kempir,
Sen bolsa otyrdyñ ýaýrap, baýar dek.
Erkek däldir (özüñ edip gör pikir)
Garrylara hormat goýmaýan erkek.

Köçede goh etdi bir gün bir pýan,
Ile "doñuz" diýdi hem diýdi "köpek",
Sen ol gohly ýerden çekildiñ bir ýan,
Çem gelen biweçden gorkarmy erkek?!

Özüñden ejize bermeseñ ýardam,
Ýüz görse, erbede diýmese erbet,
Onda erkek däldir telpekli adam.
Mydam erkek bolup ýaşasyn erkek.

Ömür boýy gördüñ il-günden haýyr,
Emma senden haýyr gören ýok entek.
Sen bir üsti ajy çaýyrly baýyr.
Entek saña hiç kim diýenok erkek.

Gyşyna otyrsyñ peje ýaplanyp.
Kölegä gaçýarsyñ, öwüsse epgek.
Polat ýaly otda-suwda taplanyp,
Adamyñ balasy bolýandyr erkek.

Allaberdi HAÝYDOW.

"Tokmak" žurnaly, 1991.
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Haweran | Теги: Allaberdi Haýydow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]