13:48
Garahassa keseliniñ lukmanlary nämüçin çüñkli maskalary dakýardylar?
GARAHASSA KESELINIŇ LUKMANLARY NÄMÜÇIN ÇÜŇKLI MASKALARY DAKÝARDYLAR?

XVII asyrda adamlar şeýle görnüşdäki eşigiň zäherli howany arassalaýandygyna ynanýardylar. Ýöne bu dogry däldi.
XVII asyryň Ýewropasynda ýaýran köpçülikleýin ýokanç kesel döwründe lukmanlar kesellerden goranmak üçin çüňkli maskalary (ýüz örtüklerini), deriden edilen ellikleri we syýy uzyn paltolary (plaşlary) geýýärdiler.


Garahassa (çuma) keseli bir mahallar dünýäniň iň gorkunç keseli bolup durýardy. Bu kesel öňüni alyp bolmajak sebitleýin kesellerde ýüz millionlarça adamyň ýoguna ýanyp, pidalaryny agyryly çişe, mäz tokgalaryna, garalşan hama we beýleki gorkunç simptomlara sezewar edip bilýärdi.
XVII asyryň Ýewropasynda garahassanyň pidalaryna sereden lukmanlar şol wagtdan bäri ýakymsyz keşbe bürenen eşik geýipdirler: olar boýdan başa endamyňy ýapyp duran eşigiň üstünden guşuň çüňküne meňzeş çüňki bolan maska dakypdyrlar. Garahassadan goranmak üçin çüňkli maskalary dakmak – bu howply keseliň döreýşi baradaky ýalňyş pikirden gelip çykýardy.
Bu döwürde hyýarjymak garahassa ýokanjynyň ýaýran oba-şäherleri baýlardyr garyplar üçin ýörite garahassa keseliniň lukmanlaryna iş tapyp berdi. Bu lukmanlar goraýjy dürüşdeleri ulanmagy we garahassany dep edip biläýjek em-ýomlary maslahat berýärdiler, ölüm ýassygynda ýatan näsaglaryň iň soňky wesýetlerine şaýat boldular, ekspertiza seljermelerini geçirdiler. Käbirleri bularyň üstünde işlände çüňkli maskalary ulandy.
Eşigiň XVII asyrda birnäçe Ýewropa korollygynyň medisina üpjünçiligine sereden lukman Şarl de Lormäniň taýýarlandygy aýdylýar. Şol korol maşgalalarynyň arasynda Luis XIII-niň we Mariýa de Mediçiniň ogly Gaston d’Orleans hem bardy.
Lormäniň suratlandyryşyna görä, bu eşik: ysly ary balynyň mumyýasy çalnan penjekden, aýakgaba baglanan balakdan, dar köýnekden, geçi derisinden edilen şypyrtma we ellikden ybarat. Şeýle-de, garahassa keseliniň lukmanlary ýanlarynda kesele uçranlary dürtgülemäge (ýa-da bulaýlap özünden daşlaşdyrmaga) kömek edýän uzyn taýagam göteripdir.
Ýöne kellä geýilýän zatlar welin täsindi: lukmanlar äýnek we tumşugy 15 santimetre ýetýän çüňkli, burun deşikleriniň gabadynda iki deşigi atyr bilen doldurylan maska dakypdyr. Emma bu maska dem almaga we ot-çöpleriň ysyny howa bilen almaga ýeterlik bolupdyr.
Ýewropadaky garahassa keseliniň lukmanlarynyň şeýle eşikleri geýendigine garamazdan, Italiýada şeýle bir ikonikdi welin, “garrahassa lukmany” italýanlaryň “commedia dell’arte” we karnawal çäreleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi, hatda artistlere häli-häzirlerem şeýle eşigi geýmek ýoňa öwrülen däp bolmagynda galýar.


Wenesiýalylar şäher karnawallaryna gatnaşmak üçin garrahassa lukmanlary ýaly geýinýärler. Şu ýyl koronawirus bilen baglanşykly ýagdaýlar sebäpli şeýle medeni çäreleriň soňky iki güni geçirilmän galdy.
Bu gorkunç eşik diňe ölüm howply modany aňlatmaýardy: eşik lukmany hapa howadan goramak üçin taýýarlanypdy. Kesel ýolukdyryjy mikrob teoriýasyndan öňki döwürlerde lukmanlar adamyň hüý-häsiýetinde ýa-da onuň endamyndan bölünip çykýan suwuklyklarda bulaşyklyk döredýän zäherli yslaryň howa arkaly ýaýraýandygyna ynanýardylar. Hoşboý we ýiti ysly atyrlaryň garahassa keseliniň ýaýran ýerini dezinfeksiýa edýär we burny goraýar diýip düşünýärdiler. Güller, hoşboý ysly ot-çöpleri tütetmek we beýleki atyr önümleri şol döwürde giňden ýaýrapdyr.
Garahassa keseliniň lukmanlary maskalaryny elli bäşdenem köp ösümlikden, alahöwren (гадюк) ýylanyň etiniň külkesinden, tarçyndan (корица), mirradan we bal ýaly başga-da birnäçe zatlaryň goşundysyndan ýasalan mäjümdan doldurýardylar. Lorme maskanyň çüňk şekliniň lukmanlaryň burun deşiklerine we öýkenine girmezden owal howany goraýjy ösümlikleriň ysynyň tutmagy üçin ýeterlik wagt berjekdigini oýlapdyr.
Aslynda garahassa haýwanlardan adamlara, bit-büre çakmagy netijesinde ýa-da asgyrmadyr üsgülewük ýoly arkaly ýolugyp bilýän bakteriýasy “Yersinia pestis”-den ýaýrapdyr.
Keseliň düýp sebäbi, ýüze çykma alamatlary bilinmänkä üç gorkunç garahassa epidemiýasy adamzadyň taryhynda howpurgadyjy tejribeleri başdan geçirtdi: biziň eýýamymyzdan öňki 561-nji ýyllarda günde 10 müň adamyň ganyna galan ýustinian garahassasy, 1334-1372-nji ýyllarda ýewropalylaryň üçden birine çenli ýok eden we 1879-njy ýyla çenli arakesmeli epidemiýalar bilen dowam eden “Gara ölüm” we 1894-1959-njy ýyllarda Aziýa ilatynyň aglaba bölegini gyran üçünji pandemiýa tolkuny.
Netijede garahassa lukmanlarynyň ýörite eşikleriniň we ulanan tilsimleriniň üýtgeşik beren peýdasynyň bolmandygyny aýdyp bileris Garahassa keseliniň lukmanlary adamlaryň arasynda çalt tanalanam bolsa, keseli dörediji mikrob teoriýasynyň we zamanabap antibiotikleriň ösüşine çenli olaryň eşikleri kesele garşy hakyky goragy üpjün edip bilmedi.

# National Geographic.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Категория: Medisina | Просмотров: 83 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Garahassa keseli biziñ halkymyzyñ başyndanam sowlup geçmedik ýowuz apat bolupdyr. Bu kesel geçen asyryñ kyrkynjy ýyllarynda urşuñ gahatçylygynyñ üstüne halky gyrgyna salandygy barada gynançly faktlar bar, garrylarymyz ýañy-ýañylaram 10-15 çagaly uly maşgalalara bu keseliñ degip uçdantutma gyrlandygyny ýa-da özleriniñ şolar ýaly maşgalalardan bir gudrat bilen diri galan ýeke adamdygyny nowjuwan ýaşda guma garylan doganlaryny hasrat b.n ýatlap gür berýärdiler.

"Kyrk dördünji ýylyň başynda Çary Baýryýew garahassa keseliniň öňüni almak üçin Çohpetde obasyna iberilýär.
Bu ýerde adamlar köpçülikleýin garahassa bilen keselläpdirler. Medisina işgärleriniň kyrkysy onuň garamagyna berilýär. Ol «NKWD» kolhozynyň başlygy Jumaguly Mähremowdan at sorap alyp, obama-oba aýlanmaly bolupdyr."
http://kitapcy.com/news/2020-07-13-3443

Şolar ýaly bir sebäp bilen ölmän galan şahsyýetlerimiziñ biri barada şeýle täsin maglumat bar:

"Seýidesen on ýaşladyndaka ilat arasyna agyr garahassalyk keseli ýaýraýar. Bu elhenç kesel köp adamyñ ganyna galýar. Nyýazmuhammet hojanyñ dört ogly, iki gyzy bu kesel zerarly aradan çykýar. Seýidesen bilen ondan kiçisi Ymamesen (Ymamhasan) welin ýowuz keselden aman galýar.
Şeýle-de bolsa, Seýidesen bu kesel bilen üç ýyllap düşekde ýatýar. Ol syrkaw ýatyrka bir günläp özüni bilmän ýatýar. Ata-enesi onuñ başujuny saklaýarlar. Şol ahyr halda Seýidesen düýşünde bir ahwala duş bolýar. Bolup geçen ahwal şeýleräk gürrüñ berilýär: adama meñzeş gara bethaýbat bir zat gelip: "Men seniñ janyñy almaga geldim" diýip ony aldym-berdime salyp başlaýar. Edil şol wagtam bugdaýreñk, ak sakgally, ýüzi nurana biri gelip ol bethaýbaty hasasy bilen 3-4 gezek urup ýere ýykýar. Ol gelen nurana kişi: "Meniñ adym Täçmuhammet. Size kömek bermäge geldim. Size ýeñseki ýapdan añyrdaky ymaratda bir peri garaşyp otyr" diýip, gözden gaýyp bolýar. Seýidesen şol ýapdan geçip, aýdylan ymarata barýar. Binanyñ içinde dörtburç päkize, owadan jaý bar. Şol jaýa girse, birtopar sopy tegelenip doga okamak (zikru-sema) bilen meşgullanyp otyr. Töweregi hem perdeden dolumyşyn. Seýidesen baryp olara goşulýar. Sopularyñ biri onuñ elinden tutup, perdeleriñ birini galdyrýar. Perdeleriñ añyrsyndan bir peri ör turup: "Saña garaşyp otyryn" diýip, Seýideseniñ boýnuna gol salanyndan, kybladan bir gapy açylýar we ýañky Täçmuhammet diýen kişi peýda bolýar. Ol: "Eý, oglum, bu peri mübärek bolsun. Şu pyýala suwy içip, peri bilen boluñ" diýip ýene gaýyp bolýar. Seýidesen şol pyýala suwy içende kybla tarapdaky işikden hoşboý şemal ýüzüne urup, gözüni açýar. Bir görse, ata-enesi aglaşyp, agzyna pagta bilen suw damdyryp oturanmyşlar..."
http://kitapcy.com/news/2019-10-20-592

Şeýle-de, 1933-nji ýylda Şaja Batyrowyñ hem garahassa keseline ýolugyp hassahanada ýatandygy aýdylýar:
http://kitapcy.com/news/2018-10-29-3010

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]