03:24
"Saglygym - baş baýlygym"
SAGLYGYM BAŞ BAÝLYGYM

Türkmenbaşy şäheriniñ Awaza etrabynda, deňiz kenarynda  2018-nji ýylyñ 21-nji iýulynda 9 gatly,  200 orunlyk "Awaza" şypahana binasy gurulyp ulanylmaga berilipdi.



Hazar deñzinden ýörite turbalar çekilip Deñiz suwly howuzlar, çuñlugy 600 metrlikden burawlanan düzüminde  hlor, gidrokarbonat, magniý we natriýli ýod bromly minerál suwy bolan dík guýy bilen üpjün edilen şypahana sanlyja ýylyñ  içinde millionlarça raýatlaryñ Saglygyny dikeltmekde uly hyzmatlary ýerine ýetirdi. Diñe ýurdumyzyñ çäginden däl, eýsem dünýä ýurtlaryndan gelýän jahankeşdeleriñ arasynda hem lukmançylyk hyzmatlary bilen  meşhurlyk gazanmagy başardy.

"Awaza" şypahanasynyñ bejeriş aýratynlygy  lukmançylyk usullaryny Deñiz howasy bilen utgaşdyryp, ýagny, fizioterapiýany, galioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwy, ýod-bromly wannalary, aeroterapiýany, algoterapiýany (deňiz suwotulary) ýaly görnüşler ulanylyp, Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleri öndürýän kompaniýalarynyň önümleri bilen üpjün edilen bejeriş anyklaýyş bölümleriniñ hyzmatlary bilen ynsan Saglygyny goramaklykda netijeliligi ýokary.



Şypahana esasan:

1. Nerw (merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalary, newroz, wegeto-damar distoniýasy, dowamly ýadawlyk sindromy, çetki nerw ulgamynyň keselleri osteohondroz, newralgiýa, neýropatiýalary),

2. Ýürek-damar (gipertoniýa keseli, ýüregiň işemiýa keseli, infarktdan soňky kardioskleroz, ýüregiň we kelle beýnisiniň damarlarynyň aterosklerozy, wena damarlarynyň warikoz giňelmesi), daýanç-hereket ediş (artritler, poliartritler)

3. endokrin (semizlik, galkan şekilli mäziň bozulmalary, süýjüli diabet, gipofizar ýetmezçilik),

4. dem alyş (bronhial dem gysmanyň ýeňil we orta agyrlyk derejesiniň beterleşmedik döwründe, allergik we asmatoidli dowamly bronhitler, dowamly faringit, laringit, rinit, sinusit, pollinozlar, allergik rinosinusitler, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri),

5.deri (neýrodermit, ekzema, iteşen gaýtgyn döwründe),

6.peşew çykaryjy (piýelonefrit, uretritler we sistitler, peşew daş keseli)

7. jyns agzalarynyň kesellerinde (endometrit, erkeklik mäziniň adenomasy, prostatitler) ulgamlaryň işjeň dikeldiş çärelerini geçirmekde
we raýatlarymyzyň saglygyny berkitmeklige we niýetlenilen.


Zemin gatynda - mineral suw bilen bejeriş (balneoteraoiýa we palçyk, Mollagara we wulkan palçyklaryndan ýapgylar, ýod-bromly mineral suwly wannalara howa akymy bilen, dürli yşyklar bilen yşyklandyrylan wannalar, galwanik wanna we dürli görnüşli duşlar), kalonaterapiýa bejeriş hyzmatlary edilýär.

Birinji gatynda: Deñiz suwly  howuz, ýod bromly howuz, Spa kapsula, galoterapiýa, aramoterapiýa, akwoowkalamalar, el bilen owkalamalar, stounterapiýa (daş bilen owkalama) türk hammamlary, saunalar (infragyzyl şöhleli, gury, bugly) işledilýär.
Şeýle-de bu gatda kabul ediş bölümi, aptek restoran, naharhana, dükan ýerleşýär.

Ikinji gatynda anyklaýyş-maslahat beriş bölümi ýerleşip bu bölümde anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň rentgen anyklaýyşy, ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, barlaghana, stomotalog, aýal keselleri, iç keselleri, newrolog, kardiolog, dermatolog, göz keselleri, gulak-burun we bokurdak lukmanlarynyň otaglary bilen üpjün edilmegi, raýatlary doly lukmançylyk barlaglardan geçirilmegine ýardam edýär. Şeýle-de bu gatda ozonoterapiýa usuly ýola goýulan

Üçinji gatynda: - Fizioterapiýa. (elektroterapiýa, mehanoterapiýa, ergoterapiýa, iňňerefleksoterapiýa, «Sling» terapiýa, , pressoterapiýa, lazerterapiýa, ergoterapiýa, klineziterapiýa otaglar, bejeriş bedenterbiýesi we Sport,  Fitnes zaly ýerleşen.
Ýokarky gatlarynda raýatlaryñ rahat dynç almaklyklary üçin ähli amatlyklar döredilen otaglar ýerleşen. Şeýle- de  şypahananyñ Ýokarky gatlarynda fitobar, Internetkafeler, Kitaphana, bilýard, Tennis oýunlar otaglary raýatlaryñ hyzmatyna gönükdirilen.


Şypahananyñ daşky howuzy, sport meýdançalalary ulanyşda. Awazanyñ tämiz howasynda tigirli ýörüş etmek, Gözel tebigatda gezelenç etmek, kenarda dynç almak ýola goýulýan.

"Awaza" şypahanasy ýylyñ ähli pasylynda-da  işleýär.

Bejergi almak üçin gerekli resminamalar:
Raýatlyk pasporty.
Kovid-19-a garşy sanjym alanlygynyñ görkezmesi,
Ýerli saglyk öýünden Şypahana kartasy
Kovid-19-a test barlagy.
Saglyk ätiýaçlandyrmasy (eğer bar bolsa)
Rugsatnama


e-mail salgy: Awaza@online.tm
Ýerleşýän salgysy:
Balkan welaýatynyñ Türkmenbaşy şäheri, Awaza etrabynyñ Oğuzhan şaýoly. telefon belgileri:  8-00-243-5-78-19, 8-00-243-5-78-20,
Faks: 800-243-5-77-68
Категория: Medisina | Просмотров: 68 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 2
0
1 Revo   [Mowzuga geç]
"Türkmenbaşy şäheriniñ Awaza etrabynda, deňiz kenarynda 2018-nji ýylyñ 21-nji iýulynda 9 gatly, 200 orunlyk "Awaza" şypahana binasy gurulyp ulanylmaga berilipdi.
Hazar deñzinden ýörite turbalar çekilip Deñiz suwly howuzlar, çuñlugy 600 metrlikden burawlanan düzüminde hlor, gidrokarbonat, magniý we natriýli ýod bromly minerál suwy bolan dík guýy bilen üpjün edilen şypahana sanlyja ýylyñ içinde millionlarça raýatlaryñ Saglygyny dikeltmekde uly hyzmatlary ýerine ýetirdi. Diñe ýurdumyzyñ çäginden däl, eýsem dünýä ýurtlaryndan gelýän jahankeşdeleriñ arasynda hem lukmançylyk hyzmatlary bilen meşhurlyk gazanmagy başardy."

1gün = 200adam.
365gün = 73000adam.
3ýyl (2018~2021) = 219000 adam.

Awaza şypahanasy bir ýylyň dowamymda ýerine ýetirimeli işinden 1369% göterim köp iş alyp barýan eken. Tüweleme...

2
2 Nurdan   [Mowzuga geç]
Her gün 200 raýat kabul edilenok , boş mahaly doldurjak bolsañ 200 raýat bir günde kabul edip bolýar,umuman bir wagtyñ özünde 200 raýatyñ bejergi almaga mümkinçiligi bolar ýaly gurnalan, bir günde 200 edip kabul edilse, ol raýatlaram hersi on günlük gelen bolsa, on günläp başga raýat kabul edip bolanok, ýerleşip bejergi almak üçinem iñ az gün bäş gün, şondan soñ gidenleriñ orny dolup sanyñ 200 ligini saklamak üçin giden raýatlaryñ sanyna görä bron alynýar, bu günler 100 den ýokary galmak gadagan, umumy ýagdaýlar sebäpli))

Ýöne siziñ pikiriñizem başga tarapdan seretseñ uğruna barman duranok, her bir raýata günde azyndan 5 prosedura berilýär (iñ azyndan günde 5 bejergi, şypahanada bolsa bejerginiñ ( proseduranyñ) 35 görnüşi bar, onsoñ hyzmatyñ ýerine ýetirijiligi siziñ hasabyñyza barýa duruberýär..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]