21:47
Soñky 15 ýylda 777 sany ýaş gyz öz janyna kast etdi!
SOÑKY ON BÄŞ ÝYLDA 777 SANY ÝAŞ GYZ ÖZ JANYNA KAST ETDI!

Türkiýäniñ Respublikan Halk partiýasynyñ (JHP) başlygynyñ kömekçisi we Stambul şäheriniñ halk deputaty Akkuş Ilgezdi "Geçiren barlaglarymyzyñ netijesi AKP häkimiýeti döwründe 53 müñ ildeşimiziñ öz janyna kast edendigini, bularyñ 777-siniñ 15 ýaşdan aşakdaky ýaş gyzlardygyny görkezdi" diýdi.
JHP-niñ halk bilen gatnaşyklar, saglyk, medeniýet we sungat boýunça jogapkär işgäri Akkuş Ilgezdi beren beýannamasynda soñky ýyllarda ýurtda öz janyna kast edýänleriñ endişe beriji mukdarda artýandygyny belläp geçdi.

• 19 ÝYLDA UMYDY ÝOK ETDIÑIZ"

Pandemiýanyñ we ykdysady krizisiñ döreden kynçylyklary sebäpli ildeşleriniñ ölmän il şekilli ýaşamak üçin aýgytly göreşe girendigini aýdan Ilgezdi "19 ýylda umydy ýok etdiñiz. Edilmejek näme bar bolsa etdiñiz. Adamlaryñ öz eli bilen ömür tanaplaryny ýolmalaryna sebäp bolduñyz" diýdi.

• AKP HÄKIMIÝETINDE ÖLÜMLERIÑ ÖÑI-ARDY GÖRNENOK"

JHP-li Akkuş Ilgezdi häkimiýetiñ öz janyna kast etme wakalaryny bolaýmaly zat ýaly kabul edýändigini nygtap, "24 ýaşly Ihsan Bekkaýa işsizdi. Ol ölümiñ üstüne ýörände "umydymyzy ogurladyñyz" diýip ýazypdyr. "Tiz kömek" medisinasynyñ tehnigi Ömer hem şeýle. Onuñ soñky sözi "Ýaşamany oñarmadym" boldy. Uniwersitetiñ talyby Muhammediñem ertire bolan hiç hili ynamy ýokdy. Ol 23 ýyllyk gysgajyk ömrüni öz eli bilen soñlandyranda agzyndan "Oñaramok" diýen söz çykdy. AKP häkimiýetinde ölümleriñ öñi-ardy görnenok" diýip, çykyş etdi.

• 15 ÝAŞDAN AŞAK 777 GYZJAGAZ ÖZ JANYNA KAST ETDI"

"Türkiýede soñky 19 ýylda bolup geçen öz janyna kast etme wakalarynyñ 100-den 3-iniñ pidasy 15 ýaşdan kiçiler. Bu neresse çagajyklaryñ 100-sinden 53-i gyz çagajyklar" diýen partiýanyñ başlygynyñ kömekçisi Gamze Akkuş Ilgezdi "15 ýaşdan kiçi 777 gyzjagaz öz janyna kast etdi" diýdi. Bu çagajyklaryñ näme sebäpli öz janyna kast edýändigini seljermegiñ örän wajypdygyny ýañzydan Akkuş Ilgezdi "Çünki eksplutatirlemek (istismar) artýar. Öýde bolýan zorluk-sütemler temmisiz galýar. Kämillik ýaşyna ýetmedik ýaş gyzlary (zorluk bilen) durmuşa çykarýarlar" diýip, çykyş etdi.

19.07.2021 ý.

http://www.medya14.net/haber/amp/6318
Категория: Publisistika | Просмотров: 191 | Добавил: Gökböri | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 17
1
12 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
@Allaberdi dilimden alýañyz-aý. Beýnimi okaýañyzmy, nämemi :)

0
4 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Ýagny, "AKP işini oñormaýar, çekilsin häkimiýetden" - diýildigimi...
Sen analiz edip gördüñmi pidalaryñ ýaşaýan ýerinde, (belediye başkanlık) ýerli häkimiýet AKP-mi JHP-mi?
Hä ýene-de, janyna kast edenleriñ soñky sözleri "AKP meñ ölüm sebäbim" - diýip, hatjagazam galdyrýan ekenlermi...
Ynanaý, gaharlanmaga derek gülkim gelýär.

0
8 Gökböri   [Mowzuga geç]
Ýok, diñe sen analiz edip soñ gürleýän ekeniñ.
Gülkiñ tutýar? Tutup biler.
Akp'li dostlaryñ aklawjylygyny etjek bolýanyña meñem gülkim tutdy, ýöne seni kemsiden ýaly bolar diýip aýtmajak boldum. Siz pyñkyryp durjak bolsañyz menem aýdyp galaýyn onda.

0
11 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Käşkä, AKP-li dostlarym bolsady...
Arman ýok :( gynanýan. Ýogsam-a adyny goýy harp bilen ýazardym. :)

0
14 Gökböri   [Mowzuga geç]
Birküç ýyl öñ saýlawlarda AKP'niñ hasabyna ses ýygnap, ses bermedikleriñ, garşy pikir aýdýanlaryñ "ganlarynda duş aljagyny" aýdyp haýbat atan, indem youtubede AKP-lileriñ mafiýa, tarykatlar we nelegal örgütler bilen nähili iç içe bolandygyny, nähili korrupsiýa we haramlygyñ batgasyna batyşyny kir seren ýaly serişine näme diýersiñ jan dostum? Ýa olam "dostlañ" bahana tapyp özlerini aklajak bolup aýdyşy ýaly "dış güýçleñ" işimi?

0
15 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Ýo, AKP-niñ kirli işlerini, başgalaryndan diñlemek gerek däl, öz görenlerim maña artykmajy bilen ýeterlik. Men, AKP - akja jüýje diýemmok, CHP-ä garanyñda ganymat diýýän. :)
Şu näme ýazsañ ýaz, Soner Ýalçyndan perewot edip, şonuñ CHP tarapdarlygyndan ýüz öwürmeýşi ýaly menem CHP garşylygymdan hiç wagt dänmerin. :)

0
16 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Hä, ýenede bir zat, Türkiýede AKP, mafiýa ýa-da nelegal guramalar bilen işleşenok, hökümet işleşýär. AKP-ni aýyryp CHP-ni, ýa bolmasa "X" partiýany goýañda-da üýtgän zat bolmaz.

0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gören kanallarym boýunça gepleýänligim dogrudyr. Ýöne makalada görşümçe özüni öldûren ýaş oglanlaryñam soñuny getiren AKP häkimiýeti edilip görkezilýär. Bu derejede olañ üstüne atmak dogrumyka?
Asylam bir aýgyda gelinjek bolsa iki tarapy diñläniñden soñ okyjy hökmünde aýgyda gelseñ gowy. Galyberse-de aýtmanyñyzda da siziñ oñat niýetiñizden şübhelenmeýärin.

0
6 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Hyýalkeş, bu ýazylan zatlara kän ynanyp oturmazlygyñyzy maslahat berýän. :)
Gökböri, dostumyzyñ işi, diñe terjime etmek. Erkin pikir ýöretmek däl.

0
7 Gökböri   [Mowzuga geç]
Meniñ ýa-da öz pikiriñe gabat gelmeýänleriñ pikir ugruny salgy bermek ýa-da kimiñ nämä ynanmaly ýa ynanmaly däldigini kesgitlemek saña galypdyrmy?
Men erkin pikir ýöredip bilýän ýa-da bilemok... bulam señ problemañ däl, meñ problemam.

0
13 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Gökböri, gel şeýle gözegiñe getir, hökümetde şuwagt AKP dälde, başga bir partiýa bolan bolsa, Soner Ýalçyn-a, hökümedi günäkärlär, CHP-ni öwerdi, menem CHP-niñ kirli geçmişini ýatladardym. bärde meñ problemam, AKP tarapdarlygy däl-de "CHP" garşylygym. :) bulam meñ problemam. Sen özüñe çekme. ;-)

0
17 Gökböri   [Mowzuga geç]
OQ derejäñi ýokarlandyr, soñ gir bu meselelere. Saña jogap ýok başga.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu sözleri aýdan adam öz aýdýan zadyna ynanýarmyka? Adamlaryñ añynda AKP häkimiýetine ýigrenç döretjek bolup nätjekdiklerini bilenoklar.
Dogrudyr, gyzlar öz janyna kast edýändir. Ýöne muny AKP häkimiýetinden görmek dogrumy Hä, diýmek CHP häkimiýeti eline alsa hemme zat gowlanjak-da. Aýalyny urýan, öldürýän ärsumaklar Kılıçdaroğluny sylap, bet niýetinden dänerler. Kiçijik gyzlary jynsy zorluga sezewar edýän epeý "adamlar" ynsaba geler belki?! Ýa ýolda-yzda namysyna degilip öldürilip taşlanan gyzlar azalar. Howwa hökman şeýle bolar. CHP geçsin häkimiýet başyna.
Garşylarynda akmak oturandyr öýdýärler bular. CHP häkimiýeti döwrûnde örtünenligi sebäpli ýokary okuw jaýlaryna synaga salynmaýan zenanlary, gyzlary gaty çalt ýatdan çykarypdyr bu adam.

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
Hanym sen bu ýurdy görýän tw kanallaryñ boýunça tanaýañ, men bolsa bu ýerde eýýäm näçe ýyl bäri ýaşap ýörün, hem halkyñ öñüne düşýän deputatlar bir zat diýýän bolsa pikirlenmäge bir zatlar bardyr. Siziñ o görýän kanallaryñyz AKP'niñ gözegçiligi astyndaky ýa-da olardan pul kömegini alýan kanallar, näme bilýändirin öýdýäñ gözüñ bilen görmedik, arasynda ýaşamadyk halkyñ, ýurduñ barada? Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryñ zorluk bilen äre berilýändiginde günäkärlerlemekleriniñ sebäbi, bular ýaly nejis hereketleri dinçi gatlaklar, tarykatlar edýär. AKP bolsa saýlawlarda ses sanyny dinçilerden köp alýandygy üçin bu bolýan zatlara aýgytly göreş alyp baryp bilenok dürli hili bahanalar toslanyp aýal-gyzlara zulum eden "erkekler" ýa jezadan boşadylýar ýa jezasy berilmelisinden iki üç esse ýeñil berilýär. Haçan-da bu zatlara garşy JHP ýa-da beýleki partiýalaryñ deputatlary ýazgaryp çykyş etse, olar dinsiz, yslam duşmanymyş, özlerem yslamyñ hossary, hakyky dindarlarmyş. Dini öz syýasatlarynyñ peýdasyna ulanýarlar. Ýagny "tam bir ýobazlar mähellesi".
Düşüneñog-a Mahym hanym bu zatlara nämä janygýañ? Meñ özüm düşünmejek bolýan aralarynda bolup...
Ýöne öz janyna kast etmeler dünýä boýunça hem köpeldi, biziñ öz ýurdumyzda-da az däl, bu makalany okap 100 adamdan bir adamam bolsa sapak alarlar, bilmeýän zatlaryny bilerler, öz janyna kast etmäge meýilli ýaşlarymyz bolsa olary pälinden gaýtarmak üçin täsirli ýollara baş urmagyñ ýollaryny gözlärler diýen niýet bilen terjime etdim.

0
5 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Soñky sözleriñe jogap:
Bulary okan 100 adamdan biri öz janyna kast etmekden saklanarmy ýa-da ýok, ony biljekdäl. Ýöne 100 adamdan 10-y güler geçer. 10-y belki täzeden pikirlener, 10-y ynanar we bu sanlar şeýdip dowam eder gider... :)

Başdaky "halkyñ içinde ýaşaýan" - diýen sözüñede birje söz. Ýaşa, gowy halkdyr, aýna ýalydyr, nähili bolsañ, ýa-da näme görmek isleseñ şony görip bilersiñ. Muny bilýänsiñ. Şonuñ üçin öz görýän zatlaryñy hemme kişiñ görmesine garaşmaklyk, mmm nähili diýsem "saçmalık olur".
Maglumat tv kanallaryndan edinilenok, köçeden, halkyñ özinden edinilýär.
Eliñ degen wagty, JHP mesgeni bolan "KADIKÖY"-e baryp, saýlaw ýaşy ýeten ilkinji güninden başlap, saýlaw sesini JHP-e üçin ulanyp gelen, ýöne soñky ýyllar JHP-ä ses bermekden ýüz döndürenler bilen söhbetdeş bolup gör, hem-de "näme üçin" - diýip sora.

0
9 Gökböri   [Mowzuga geç]
Bar şu ýazylanlar nädogram eken diýeli? Señ nämä dyzzarylýanyña düşünemok. Pikiriñ üstünde pikir bilen jedelleşip bileñzokmy?

0
10 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Ortadaky jedelleşmeli pikir "öz janyna kast eden APK-lilermi"

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]