20:32
Haram adamlar bir nokada ýygnansa...
HARAM ADAMLAR BIR NOKADA ÝYGNANSA, ÝA-DA JEBRAÝYLYÑ JEBRI

Haram adamlara bir nokada ýygnanmak bolmaýar, eger olar barybir ýygnanaýsa, diýmek uly heläkçilige garaşybermeli. Haramlygyň bir nokada jemlenende heläkçiligiň bolýandygyny, ilkinji gezek bize mukaddes kitaplar görkezdi. Şol ady belli ýok edilen şäherler: Sodom we Gomorra.
Beýik Ýaradyjy haramlygyň üýşen ýerini ýok edýänligini görkezdi, emma biz bu zatlary köneleriň ertekisi ýaly kabul edýäris. Hakykatda welin bu mehanizm edil sagadyň mehanizmi ýaly ygtybarly işleýär we biziň günlerimizde öziniň bardygyny görkezip durýar. Beýik Ýaradyjy Sodom we Gomorradan soň hem, örän köp şäherleri weýran etdi, emma ol heläkçilikler barada entek mukaddes kitap çykanok, belki Kurany-Kerimden soň asmandan injek kitaplaryň birinde, soňky ýok edilen şäherler peýda bolar? Weýran ediji güýji köp adamlar Hudaýyň gazaby diýip düşünse aňsat bolýar, men welin özüm tehnik bolanym üçin, bar zady mehanizmler görnüşinde göz öňüne getirmegi gowy görýärin. Göz öňüne getiriň, asmanda bir ýerde uly bir ýarag bar, ol ýaragyň ady hem "Jebraýylyň jebri". Ol ýaragy raketalar toplumy, ýa-da uly lazer hökmünde göz öňüne getiriň. Indem ol ýarag herekete geçer ýaly nämäniň gerekdigi barada oýlanyp görüň. Ýaragyň esasy nyşany haramlyk we ýaramaz duýgylar. Eger haýsam bolsa bir şäherde haramlyk we azgynçylyk belli bir prosentden ýokary galsa, şol şäher hökman ýok edilýär. Bu düzgün biziň döwrümiz üçin hem adalatly. Iň bärkisi 1948-nji ýylda Aşgabadyň haraba öwrülmegi. Ondan başga ýaňy-ýakynda käbir şäherleriň we etraplaryň haraba öwrülmegi (tebigy heläkçilige uçramagy) haramlygyň çendenaşa ýokary galmagyny aňladýar. Edil adyny tutyp aýdyp durjak däl, ýöne bary-ýogy 5-10 ýyl mundan öň, bir şäheriň ýer bilen ýegsan bolanyna biziň ählimiz şaýat boldyk. Şol ýeri şertli belgi bilen "N" şäherçesi diýip belläli. Eger gowja derňeseň şol "N" şäherçesinde küntüçiligiň we jelepçiligiň örän ösendigine göz ýetirseň bolýar. Mukaddes kitaplardaky şäherleri näme üçin ýok etdiler? Beçebazlyk üçin, jelepçilik we küntüçilik üçin. Beçebazlyk üçin irde-giçde Ýewropanyň ýumruljagy göze görnüp dur. Ýöne Jebraýylyň jebri işe girer ýaly Ýewropa azajyk prosent ýetmeýän bolmaly? Umuman alanyňda bar zat ýönekeý, eger belli bir ýerde haramlyk çenden aşa artsa, diýmek şol ýer ýok edilýär, hökmany suratda ýok edilýär. Ilkibaşda göräýmäge Jebraýylyň jebri diňe şäherdir etraplara bakdyrylyp goýylan ýaly bolsa-da, hakykatda bu beýle däl eken. Haram adamlaryň jemlenşen islendik ýeri ýok edilýän eken. Mysal üçin gark bolan "Titanik" gämisi hem Jebraýylyň jebriniň işi. Ondan başga samolýotlaryň heläkçilikleriniň köpsüne seredip görseň örän geň bir zada göz ýetirseň bolýar. Mysal üçin, samalýota şol bir hünärli adamlary mündürseň samolýot köplenç heläkçilige uçraýar. Samolýota futbol komandasyny mündürmek howply, sebäbi futbolçylaryň haramlygynyň derejesi belli bir prosentden geçmegi ahtimal we Jebraýylyň jebri şol bada işe girýär. Eger futbol komandasyny awiaheläkçilikde ýitirmejek bolsa, olar bilen bile samalýota hökman bir-iki sany halal adam mündürmeli. Bir döwletiň delegasyýasyny bir howa gämisine mündirmek hem howply, sebäbi şäherler üçin adalatly düzgünler howa gämisi üçin hem adalatly. Döwlet delegasiýalarynyň bir howa gämisinde heläkçiligi uçrandyklary az däl. Hokkeý boýunça (ýa-da başga bir sport) komandaň we ekstrasenslaryň bir samolýot bolup ýok bolany belli zat. Eger maňa ynanmaýan bolsaňyz wikipediýany açyň-da, howa gämileriň heläkçilikleriniň taryhyny ýekeme-ýeke okap görüň. Eger ýaltanman şeýle etseňiz, taryhda şol bir hünärli adamlaryň bir howa gämisine münip heläk bolandyklaryna göz ýetirersiňiz. Hünärleri deň adamlaryň içgi dünýäsi hem deň bolýar, eger hünär adamy haram işlere iterýän bolsa, diýmek şeýle hünärli adamlaryň bir nokada jemlenmegi howuply. Sebäbi ýokarda Jebraýylyň jebri haram adamlardan dynmagyň pursatyna garaşyp dur. Ýöne haramlardan dynylanda iň esasy düzgün, daş-töwerekde halallaryň bolmazlygy.

Rahman ZULFIKAROW.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 169 | Добавил: Moýsepit | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 16
0
16 Injener   [Mowzuga geç]
Aşgabatda 1948-nji ýyla çenli erkekleriň aglaba bölegi 2-nji jahan urşynda wepat bolan bolmaly? Diňe baýlar we wezipeli adamlar urşdan sypan bolmaly? Onsoň bir topar ärsiz galan aýallaryň näme iş edeni belli däl. Bu meň şahsy çaklamam. Biziň döwrümize ýaňy ýakynda tebygy we tehnagen heläkçilikde weýran edilen şäherler hem ýöne ýere başyna belany satyn almadylar. Narkotik söwdasynda at alan şähere, ahy-tupanyň gelenini özüm gördüm. Küntiçilikde we jelepçilikde tanalan iki sany şäheriň weýran bolanyna biziň özümiz şaýat bolduk, ýöne şäherleriň adyny agzap hiç kimiň göwnüne degesim gelmedi. Beýik Allah bary-ýogy 4 sany şäheri ýumuryp çäklenendir öýdüp pikir edip oturmaň. Şäherler haram iş üçin günde diýen ýaly harap edilýär. Aýdara zat kän, emma ähli zady arkaýyn gürläp bolanok-da. Samolýatlaryň ýa-da howa gämileriň heläkçiligi barada bilesiňiz gelse wikipediýany okap görüň, şol ýerde awia-heläkçilikleriň 20-25%, şol bir wezipeli samolýoda münen adamlar bilen baglanşykly.

0
14 Sergezzan   [Mowzuga geç]
@Gülsüm, göreñokmy, ana: "eger bir şäherde azgyncylyk we haramcylyk belli bir prosenta yetse şol yer weyran bolyar. Bu duzgun bizin dowrumiz ucinem adalatly. 1948-nji yylda Aşgabadyn weyran bolmasam şuna mysal bolup biler" diyyär.

0
13 Gülsüm   [Mowzuga geç]
1948 däki adamlañ azgynçylygy hakda aýdyp durmandyr awtor

0
11 Revo   [Mowzuga geç]
Şol bir zadyň köp gaýtalanyp durmagy, adamda şol bir zadyň näderejede dogry ýada nädogrylygy baradaky gümany artdyrýar.
Sodom we Gomorra şäherleri hakykatda hem Allanyň gazabyna duçar bolar derejede günä etdilermikä diýen soragy özüňe bereniňi duýman galýan. Egerde belli bir günä masştaby bar bolsa, ondan geçen şäherlerem dünýä ýüzünden ýok edilýän bolsa, adamzat taryhynda ýada şu günki günümizde, günäniň masştabynyň pige uran şäherleri diňe Sodom we Gomorramy?! Häzirem ýerine ýetirilýän günäleriň ulylygy ýada agdyklygy bilen Sodom we Gomorra şäherleri bilen egin - egne berip ýaryşyp biljek şäherler az dälmikä diýýärin. Tailandyň, Braziliýanyň ýada Ýewropanyň käbir şäherleri, küntiçilikde, beçebazlykda, alkogolly içgileri içmekde ýada Alla şek ýetirmekde iň soňky sepgidine ýetdiler.
Ýene Sodom bilen Gomorra şäherine gaýdyp gelsek welin aklyma sygmaýan ýene bir paradoks bilen gabat gelýärin. Perişdeler ýok ediljek şäherde diňe Lut (a.s) maşgalasyny günäsiz bolanlary üçin halas etýärler. Ýagny şäheriň ýok ediljegini öňünden duýdyrýarlar. Şol uly şäherde diňe günäsizler Lut (a.s) maşgalasydymy?! Hany ýaňy dogulan çagalar, gundagly bäbekler ýada çagajyklaram günälimidi?! Ýada olaram ene - atalarynyň, dogan garyndaşlarynyň eden günäleri üçin ejir çekmeli boldylarmy?! Ýada bu sapar "Çaganyň, ene - atasynyň eden etmişi üçin günäsi ýok" diýen aýtgynyň ýer almadyk ýeri boldymy?!

0
12 Gülsüm   [Mowzuga geç]
O beçebazlyk lezbiýanlyk edýän adamlañ nähili çagalary bolsun?! kinosynda gelen myhmany öz haram pygyllaryna ulanmak üçin öñüne üýşmändimi millet bary?

0
10 Revo   [Mowzuga geç]
"Belent daglar belentligňe buýsanma,
Güdazda suw bolan zar dek bolar sen!
Tereň derýa, haýbatyňa guwanma,
Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!"

Magtymguly Pyragy "Bolar sen" goşgysy.

Islendik başlangyjy bolan zadyň, soňam bolar. Bu tebigy kanun. Isle malekula bolsun, islede ýyldyz ýada galaktika...
Eger-de niçeme ýyllaryň dowamynda tebigatyň kemala getiren kämil jisimleri (daglar, derýalar, köller, çöller, tokaýlar, planetalar ýada ýyldyzlar) ýok bolup gitýän ýada gitjek bolsa, onda adamyň ellinden çykan bikämil tehnikalaryň ýada tehniki enjamlaryň ýok bolmagy, togtamagy adaty zatdyr.
Uçarlar we awtoulaglar bu biziň şu günki günümizde iň köp adam heläkçiligine eltýän tehnikalardyr. Hemme enjamlary aňrybaş howpsyzlandyrmadyk uçardyr, awtoulaglarymyzda heläk bolan ähli adamlaram bir aýakdan "haramlara" goşmak, dogry hem ýerlikli bolmaz. Asla biziň özümizden başga adamy sud etmäge ýada at dakmaga hakymyzam ýokdyr.

0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
1948 nji yylda Aşgabatdaki hadisa Hudaýyn jezasy diyip dushunyanizmi? Nijeme musulmanlar oldi şol wagt. Indi name şol döwrüň Aşgabady, häzirki yewropanyň käbir şäherleriň beçebazlygy adaty zat yaly kabul etyan şäherlerinden hem beterdimika?

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Tebigy betbagytcylyk her yerde hem bolyar. Bolmanda-da hemişe asudalyk bolmaz-a, islendik bolyan zatlary bolmaly zat. Bir yerlerde Huday bar bolsa-da beyle ownuk zatlara goşulardan juda päk bolaymasa.

0
5 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hudaýyň yardamy hiç wagt kapyrlara bolmajagna görä, onda näme ücin Cingiz han musulmanlary masgara edip yendi?

0
9 Haweran   [Mowzuga geç]
Musulmanlary Çingiz han ýeñmedi, musulmanlary - öz içindäki ötüşen agzalalyklar, ikibaşlylyk (meselem, gypjaklar bir ýana, türkmenler bir ýana), döwletiñ ýokary we jogapkär wezipelerini emelsiz, bilimsiz mynasyp däl adamlara garyndaşlyga, tanyş-bilişlige seredip paýlamak, tersine il-güne peýda getirjek mynasyp kişileriñ bigadyr bolup aýak astyna düşmegi (az sanly mynasyplaryñam sözüniñ ýer almazlygy, meselem, Jelaleddin, Demir Malik ýaly...), deñsizlik, adalalatsyzlyk (adalatyñ ýok ýerinde bolsa tebähet, huzur, yrsgal-döwlet göterilýändir) parahorlyk, aýalbazlyk, absolýut monarhiýanyñ ýetjek derejesine çykmagy, eden-etdilik, despotizm, hyýanatlar-dönüklikler... ýeñdi... Çingiz han mundan diñe ýerlikli peýdalanmagy başardy, bolany!

0
4 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Yanky ady tutlan şaherleriñ yok bolmasam Hudaýyn gazabymy ya bir tötanlik, bu-da belli dal. Nuh dowründaki wakada taryhmy ya rowayat, bu-da anyk dal.

0
8 Haweran   [Mowzuga geç]
Dünýäni suw basmagynyñ Nuh pygamber bilen baglanşykly kyssasy Gurhanyñ "Hud" süresinde şeýle beýan edilýär: "Nuha şeýle wahyý (habar) geldi: "Töweregiñdäkilerden has öñ saña ynananlardan başga hiç kim iman etmez. Ýöne sen olaryñ bu eden işleri sebäpli gam çekip ýörme. Wahyýmyza amal et-de gözümiziñ öñünde gämini ýasa."
Görşüñ ýaly Gurhan biziñ ýaly adamlaryñ dilinde her kimiñ üstüne bir zat goşup ýören ýarsy ýalan-ýarsy çyn ertekilerdir rowaýatlardan düzülen kitap däl. Ol Allanyñ sözi. Allanyñ kelamy Gurhanda aýdylanlara rowaýat diýmek üçin ýa aklyny ýel uçuran sähne biri bolmaly, ýa-da...

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Her gün näçe uçar ýüzläp futbol ýygyndysyny daşayar, özem nijemi ýyllap... Yöne taryhda dine bir gezek futbol komandasy ucar helakciligne ucurandyr, ol hem yany 2-3 yyllykda Brazilyanin 2 ligasynyn komandasy. Milliondan bir gezek gawat gelen totanlik

0
2 Haweran   [Mowzuga geç]
Çingiz hanyñam musulmanlara ýüzlenip "Men Hudaýyñ siziñ üstüñize iberen jezasy. Eger siz hetden aşyp azmadyk bolsañyz, Hudaý meni siziñ başyñyza musallat etmezdi" diýen ýalyrak sözleri bar.

0
15 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
"Krow i kost" atly kinofilmiñ ahyrynda bar, şu ýazgyñyzyñ hakyky görnüşi...

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Dogrudanam, taryha we pygamberler taryhyna seredende, bir ýerik heläkçilik injek bolanda, hak ýoldan ýörän az sanly halal adamlaryñ ol ýerden gyssagly çykarylandygyny, daşlaşdyrylandygyny görmek bolýar. Meselem, ýer ýüzüni suw alanda, Nuh pygamberiñ maşgalasynyñ we ýakyn adamlarynyñ bilen äpet gämä mündürlüp, heläk ediljek adamlardan daşlaşdyrylmagy, ýa-da Lut pygamberiñ maşgalasynyñ we az sanly ýakyn adamlarynyñ bir gijede ýaşaýan şäherlerinden gaçyrylmagy... Meseläniñ bu tarapy ylalaşmaz ýaly däl. Bu başga gürrüñ.
Ýöne makalada aýdylan esasy pikir b.n ylalaşmak kyn we oña garşylyklaýyn meñ aýtjak bolýanym: tebigy heläkçiliklere Allanyñ jezasy ýaly garamagyñam nädogrudygyny subut edýän ylahyýetçi alymlar bar.
http://kitapcy.com/news/2020-11-04-12601

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]