20:06
Deçjalyñ gözleginde
DEÇJALYÑ GÖZLEGINDE

Logikanyň nämedigini ählimiz bilýän bolsak gerek? Häzir logikanyň kömegi bilen Deçjaly ýa-da şoňa meňzeş birini tapmaga synanşalyñ. Ilki başda Deçjal diýlende, fiziki beden däl-de, aňly-düşünjeli şahsyýeti göz öňüne getirmäge synanşyň.
Biziň barymyz mekdepde okadyk we biziň barymyzyň ýadymyzda, her bir klasda hökman "birinji şef" diýen ýaly bir çaga bolýar. Adamzadyň psihalogiýasyna görä adamlaryň içinden hökman bir lider saýlanýar. Eger 10-20 sany, bir birini tanamaýan adamlary, ýaşalmaýan ada zyňsaň, ol adamlar hökman irarhyýa gurup başlaýar. Başgaça aýdaňda piramida gurýarlar. Her bir edarada başlyk bar, her bir ýurtdan prezident bar, emma näme üçindir Zemin planetasynyň baş başlygy ýok. Adamzadyň miliýonlarça ýyllar bäri ýaşap ýörenini hasaba alsak, eýýäm Zeminiň öz baştutany bolmalydy, ýöne ol ýok. Ol resmi taýdan ýok, hakykatda bolsa Zeminiň baş hany bar, ol bolaýmaly, başgaça bolmaga haky ýok. Zemini dolandyrýan güýje "dünýewi hökümet" diýýärlär. Ol hökümet barada ABŞ prezidenti açyk aýtdy we ony atyp öldürdiler, ol prezidente Jon Kennedi diýýärler. Ol dünýewi hökümet diýilýän edara şu wagtky Ýewropada ýerleşýär, has takyk aýdaňda, olaryň esasy bölegi iňlis maşgalalar, iňlis patyşa maşgalalary.
Dünýewi hökümet bar bolsa, olar nädip öz güýjüni berkitdi? Dünýewi hökümetiň esasy agzalary iňlis patyşalygy, soňky 250 ýyllap dünýä ýüzünde söwdä etdiler we her bir milletiň gylyk häsýetlerini öwrendiler. Narkotik söwdäsinde gowja baýadylar, alymlara hormat goýdular we adamzady dolandyrmaň ähli usullaryny öwrendiler. Adam gatnaşyklaryny öwrenýän ýokary okuw jaýlarynyň barsy, dünýewi hökümediň dolandyrmasynda dur diýip hasap edilýär. Masonlar, ilýuminatlar, rim kluby we başga şoňa meňzeş guramalaryň barsy, dünýewi hökümetiň dolandyryş gurallary. Dünýewi hökümetiň ýene bir aýratyn tarapy, ol hiç haçan ýurtlaryň içerki işlerine goşulanok, emma köplenç uly ýurtlaryň prezidentlerini aýyryp belleýär.
Meň özüm dünýewi hökümet barada birgiden informasiýa okap, ol guramanyň hakykatdanam bardygyna ynandym, emma meniñ ýalňyşýan bolmagym hem ähtimal-a?
Dünýewi hökümet bar diýeli, eger ol bar bolsa, ol hökümetiň hakyky maksady näme? Nirede olaryň alyp barýan programmasyny görüp bolýar? Dünýewi hökümediň baş programmasy adamzadyň sanyny azaltmak. Bu programma barada köp ýerde eşdip bolýar, kitaplarda we kinolarda, käbir meşgur adamlardan, mysal üçin Bill Geýts, Žar Kusto we bir giden şoňa meňzeş adamlar Zeminiň adam sanyny azaltmaly diýip agzap geçýärler. Adamlary azaltmak üçin uly uruşlary geçirmek degerli netije bermedik bolmaly? Onsoň dünýewi hökümet aýal-gyzlaryň daşyna geçýär, maşgalany dagatmak we şoňa meňşez programmalar. Maşgala berk bolmasa, çaga önenok. Aýal-gyzlar asylly bolmasa, berk maşgala döränok. Maşgala meselesini şu wagt öz ýurdumyzda özüňiz hem görýänsiňiz? Dünýewi hökümetiň baş programmasy adamzady azaltmak ýaly bolup görünse-de, ol programma azajyk başgarak eken. Adamzady tutuşlygyna azaltman, onuň diňe belli bir bölegini azaltmak baş maksat eken. Mysal üçin, dünýewi hökümede, we başga bir islendik hökümete iň gerek zatlaryň biri, edil gul ýaly hukuksyz halk bolup durýar. Näme etseň sesini çykarman gezip ýören halk, islendik hökümetiň arzuwy. Dünýewi hökümet hem şol arzuwdan daşa düşmedi. Dünýewi hökümet edil gul ýaly pikir edýän halklaryň sanyny köpeldip, kesir halklaryň sanyny azaltjak bolýar. Mysal üçin, hytaý we ýapon halklary edil gul ýaly halklar, şol sebäpden şol halklaryň sany köpelýär. Ýewropa halklary kesir we ýalta halklar, ondan başga ol halklaryň kelleleri gowy işleýär, netijede ýewropa halklaryndan dynmak programmasy işleýär. Şol sebäpden Ýewropada geýleriň hereketi we iň erkin aýallar (feministler, lezbiýankalar) bar. Eýýäm ençem ýyl bäri Ýewropany ýok etmek boýunça programma işleýär, ruslar hem şol akymda. Bu zatlara Deçjal nähili dahylly diýip sorarsyňyz? Azajyk garaşyň, häzir ol oglana-da nobat ýeter. Gepiň gysgasy, men bir giden informasiýany okap, dünýewi hökümetiň bardygyna ynandym. Ýöne meni başga bir zat alada goýdy. Dünýewi hökümetiň başynda adaty adamlar oturmaly, emma bize görä has haramzada we diýseň mekir adamlar. Belki-de ol döwletiň başynda belli bir topar oturandyr, mysal üçin, 13 sany adamdan durýan topar? Dünýewi döwletiň başynda kim duran bolsa-da, ol döwletiň programmalary näme üçindir örän uzak ýyllara hasaplanan. Mysal üçin, Ýewropany geýleşdirmek 1950-nji ýyllardan başlady diýeli? Ondan başga men 1995-nji ýylda ýazylan kitapdan bir informasiýa okadym, şol informasiýa laýyklykda adamzada degişli bir programma 2050 ýylda tamamlanýar. Eýsem dünýewi hökümet beýle uzak aralyga nädip meýilnama ýazyp bilýär? Adaty prezidentleriň programmalary 4 ýyla hasaplanan. Adaty adam 4-5 ýyldan aňary hiç zat meýilleşdirip bilenok. Meýilnamany 100 ýyla ýazmak hem kyn däl, ýöne şonça wagtlap şol meýilnamadan çykmazlyk aňsat iş däl. Dünýewi hökümetiň meýilnamalarynda bolsa bir zatlar tersi. Ol meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin adamzadyň bir nesili ýetenok. Onsoňam adam diýen zat şol bir zada höwesini örän çalt ýitirýär, ol bir meýilnamaň üstünde aňry gitse 10 ýyl zähmet çekip biler, soň höwesi gaçar, ýa-da ünsi başga bir zada sowular. Ýewropany bolsa eýýäm 50-60 ýyl bäri geýleşdirýärler. 50 ýyl bolsa bu eýýäm 2 adam nesli, diýmek kakasynyň işini ogly dowam etmeli. Garaz, dünýewi hökümetiň uzaga gidýän meýilnamalary mende kän sorag döretdi. Onsoň logiki jogap tapyp bilmän, men başga tarapa pikir etmeli boldym. Dünýewi hökümetiň baştutany kim bolsa-da ol adaty adamyň ömrüni ýaşanok, ol adam, ýa-da şahsyýet soňky 300-400 ýyl bäri diri we ýene şonça ýaşamakçy. Elbetde pikir diýseň fantastiki, ýöne adaty adamyň 50-60 ýyllap bir pikire gullup edip biljegine ynanmak, ondan hem fantastiki bolup görünýär. Gepiň gysgasy, ölmez-ýitmez bir şahsyýetiň bardygy barada netijä gelindi, ýene bir tarapdan dünýewi hökümetiň adatdan daşary ganymlygyny hasaba alyp, ol şahsyýetiň adam däldigi barada hem şübhe bardy. Şeýle pikirde gezip ýören wagtym men internetde bir makala gabat geldim, şol makalada Deçjalyň eýýäm 3500 ýyl ýäri ýaşap ýörendigi barada aýdylýardy. Ýöne Deçjalyň beýle uzak ýaşamagyna Beýik Allatagalanyň oňa möhlet berendigi barada düşündirilýärdi, ondan başga käbir hadyslarda Deçjaly uzyn daýaw adam hökmünde agzap geçýärdiler, ýene-de şol hadysdan Deçjal Muhammet pygamber (s.a.w) döwri hem dirimişin. Meniň şahsy pikirime görä, Deçjal dünýewi hökümetiň prezidentiniň roluna örän gowy gabat gelýär. Adamzada bolan ganymlyk, dünýewi hökümetiň programmalarynyň örän uzak wagta niýetlenendigi we başga-da birgiden işler. Gepiň gysgasy, Deçjal şu wagt hem bar diýip hasaba alsak, daş-töwerekde bolýan birgiden zatlar öz-özünden düşnükli bolýar. Eger Deçjal bar bolsa we ol dünýewi hökümetiň baştutany bolsa, ol nädip adaty adamlardan uzak ýaşap bilýär? Eger oňa Beýik Allatagala rugsat beren bolsa, ol hökman mukaddes kitaplarda agzalyp geçerdi. Diýmek Deçjal adaty adam däl, ol adamlaryň üýtgeşik tohumyndan, diýmek Deçjal ýaly başga-da adamlar bolmaly, ýöne olar sadaja adamzat bilen işleri ýok. Hadyslardanmy ýa-da başga bir ýerden Deçjalyň boýunyň uzyndygy barada eşdipdim, diýmek ägirtler barada informasiýa gözlemeli, belki ägirtler uzak ýaşaýandyrlar? Iň soňunda-da şeýle bolup hem çykdy: "Tüsseleýän Hudaý" atly eserde kakaly-ogul ägirtleriň dünýäsi barada gürrüň berýärler. Olaryň özleri şol dünýä düşüp görüpdirler we 1829-njy ýylda öýjükli telefon we monorels poýezdi barada gürrüň berýärler, ol döwürler beýle tehnologiýa biziň obamyzda ýokdy, diýmek ataly-ogul ýalan sözlänok. Gepiň gysgasy, biziň ýaşaýan ýerimizde bir ýerde örän ösen ägirtleriň ýurdy bar we şol ägirtler örän uzak ýaşaýarlar. Şol ýeriň çagalary mekdebe diňe 20 ýaşap gidýärler we 60-70 ýaşda soň öýlenýärler. Deçjal kim bolsa-da, şol ýerlerden çykanlardan biri bolmaly? Edil şu güne çenli gelinen netije şulardan ybarat, ýöne Deçjalyň gözlegi entek hem dowam edýär...

Rahman ZULFIKAROW.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 57 | Добавил: Moýsepit | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]