13:27
Tymsal
TYMSAL

- Biraz elim ýuka maşyn alara,
Ýöne aýagulag küýseýär ýürek.
- Oba ýeri göwnüñ bagla bolara,
Ýorgadan çus eşek almagyñ gerek.

- Gedaý osma, gulak goý sen byradar,
Azajyk karz alsam, bar ata gurbum.
- At höwesi dagda ýyksa çüw gider,
Eşek ýyksa geler ýataga bir gün.

- Düzüw tut päliñi oñatlyga ýor,
Bedew münjek menem ýaşuly, besdir.
- Eşekden ýykylyp, at münse bolar,
Atdan agyp, eşek münmek hebesdir.
- Ä!..

• HORAZ

Kekeji etden däl, gyzyldan horaz,
Ýelegi zer suwly gül beden horaz,
Gaýraty ile jar ozaldan horaz,
Guýrugy jygadan owadan horaz,
Pah-pah, petekesi güberçek alañ,
Sen taýy - gerçegiñ, ägirdiñ horaz!
...Oýun-dalaş guraýardym ýar bilen,
Öwgüm ursun, has ir gygyrdyñ horaz.

• BIZ KIM

- Ir gidýär - diýýäris - ýagşylar mundan,
Adyn tutup her meýlisde, dogada.
Diýýäris: - Ýamanyñ sallary uzak,
Ýaman ýalançydan ötýär negada.

Şeýdip sowduk nijäñ üç, ýedi, kyrkyn,
Biz baky gölegçi, aýdyñ-how biz kim!

Аmаnmyrat ВUGАÝЕW.

"Tokmak" žurnaly, 1991.
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: Haweran | Теги: Аmanmyrat Bugaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]