12:07
Hannas
HANNAS

Päliýaman gaty hannas,
Ahmal bolsañ gözüñ çokjak.
Gara nebsi atar hallan,
Zat gördügi dyza çökjek.

Gadym baýlar ony görse,
Tagzym edip durardylar.
"Nirden çykdy beýle närse?"
Diýip, haýran bolardylar.

Jelegaýda ýokdur entek,
Manadynyñ sanyn biljek.
Gör-le, bolan bolup tentek,
Öläýse-de, ütüp öljek.

• GÖRDÜM

Biri bolar mylakatly,
Kiçi göwün hem gaýratly,
Zähmet çekip, boldy zatly,
Gep-sözünde eda gördüm.

Başga biri gitdi ösüp,
Ýöne zaññar, ýaman gysyk,
Öz yrsgyny özi kesip,
Gezip ýören geda gördüm.

Ýene biri ili diýip,
Ýaşap bildi ile uýup,
Ili üçin başyn goýup,
gitdi -
Şeýle pida gördüm.

Saparmyrat ÖWEZBERDIÝEW.

"Tokmak" žurnaly, 1991.
Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Haweran | Теги: Saparmyrat Öwezberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]