09:13
Gara daş
GARA DAŞ

Daşkent şäheriniñ merkezinde dostluk muzeýiniñ öñünde moý atan gara daş dur.

Bu gara daş,
Gap-gara daş.
Gara daş!
Ne alamat, aýt maña garyndaş?
Ýer titiräp ilki ýardymy daşy?
Ýa-da Aý gözeliñ gyýylan gaşy,
Ýa ýüregi ussat Gafur Gulamyñ?
Ýa jigeri garabagyr enäniñ?
Bu gara daş,
Gap-gara daş.
Gara daş.
Aýt hany näme bolýar garyndaş
Men hem dadan ýowuz belañ zäherin.
Meniñ Aşgabadym - janym - şäherim
Goduklady,
Ýegsan boldy, elbetde.
Kömek geldi Moskwadan, Daşkentden,
Baku, Ýerewandan uzady eller...
Bu haly başyna düşmedik bilmez.
Bu gara daş bölünipdir,
ýarsypdyr.
Ýöne bölümmejek beýik dostlukdyr.
Bu gara daş şony diýýär, belki-de!
Uly dostluk sütün beýik ülkede.
Bu gara daş,
Gap-gara daş.
Gara daş
Aýt ýene näme diýýär garyndaş!!!

Amandurdy ANNADURDYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1987.
Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Sary Bilbil | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]