23:43
Seks hakda aýdylan we okanyñyzda libidoñyzy on ýedi esse ýokarlandyrjak on ýedi söz
SEKS HAKDA AÝDYLAN WE OKANYÑYZDA LIBIDOÑYZY ON ÝEDI ESSE ÝOKARLANDYRJAK ON ÝEDI SÖZ

Söýgi - seks bolmasa manysyz synanşykdyr, ýöne manysyz ýaly bolup görünýän synanşyklar ajaýyp we lezzetlidir.
(Drew Kareý)

Zenanlar orgazm alýan ýaly öz göwünlerini hoşlap (göz öñüne getirip) keýp alyp bilerler. Emma erkekler ýakyn gatnaşygyñ ähli pursatlaryna öýkünip keýp alyp bilerler.
(Şeron Stoun).

Seks - sabyr edip bilmekdir, hyjuwdyr, dynç almakdyr, ýalñyzlykdyr, bagtlylykdyr, terk edilmegi göze almakdyr, mähir-şepagatdyr...
(Zed).

Seks reankarnasiýanyñ dokuz sebäbiniñ biridir. Beýleki sekiz sebäbi wajyp däl.
(Jorj Barns).

Seks gowy zat. Ony hemmeler edýär, etmelisem şol.
(Robbi Wilýams).

Seks kart ýalydyr, adamyñ ýakyn partnýory bolmasa gowy eli bir bolsun!
(Wudi Allen).

Seksiñ "Gel onda ýatyp-turaly" diýip başlanany däl-de, çäksiz küýseg bilen islemän durkañ başlanany hakykydyr.
(Indiana Bond).

Eger seks bilen ugruñ bolmasa güýç duýgusynyñ nämedigini bilibilmersiñ. Öz sesiñ we kişiligiñ bolmaz. Seks bizi hossarlarymyzdan bölüp aýyrýan hereketdir. Çagalary ene-atasyndan aýyrýan zatdyr. Ýaşlaryñ birinji oýanyşy seks arkaly bolup geçýär we eger hiç seks gatnaşygyna girmeseñ, maşgalañ saña öwreden zatlaryndan artyk zat bilebilmersiñ. Eger seksi gadagan edýän düzgüni bozmasañ, galan ömrüñe hiç bir gadagançylygy bozup bilmersiñ. Eger seksi islemeýän bolsañ güýç isläp bilersiñmi?
(Çak Palanik).

Adamlaryñ iñ uly ýazgarma bilen garaýan zatlarynyñ birem jynsy gatnaşyklardyr. Olar iñ uly syrlaryny we ikiýüzliliklerini jynsy gatnaşykda gizleýärler. Dünýäde häzirem iñ köp pul seksden gazanylýar. Adamlar şeýle bir nalajedeýin welin, üçden aşak-bäşden ýokary hemmeleriñ bu boýunça ýalan sözleýändigine we ikiýüzlidigine garamazdan ýüzlerçe ýyllap zynanyñ, jelepçiligiñ, biwepalygyñ, wepalylygyñ üstünde jedelleşýärler. Dünýä döräli bäri gadagançylyklaryñ aglabasy seks boýunçadyr. Ne dört ylahy kitap, ne kyrk pygamber seksiñ hötdesinden gelibildi. Çünki seks biziñ döreýşimiziñ baş sebäpkäridir. Döreýşimiz şeýle bir manysyz welin, söz bilen düşündirip bolmaýar.
(Murathan Mungan).

Seks hakykatdanam öldürip bilýär. Seks wagty endamyñyzda nämeleriñ bolup geçýänini bilýäñizmi? Gözüñiz açylýar, gan damarlaryñyz büzülýär, teniñiziñ gyzgynlygy ýokarlanýar, pulsuñyz ýokarlanýar we gan aýlanşygyñyz çaltlaşýar. Sojap-sojap dem alýañyz, emma içiñize çekýän howañyz azdyr - dem-demiñize ýetmez. Beýniñiz çar tarapa signal ýollaýar. Tutan ýeriñiz güberçekläp-gatap daş ýaly bolup durandyr. Gasygyñyzyñ arasy göwräñiziñ üç essesini göterýan ýaly ikiýana gerilip dartylar we spazma geçirer. Wagşy, çirkin we hapa... Hudaý ony şolar ýaly zowky-sapaly etmedik bolanlygyda adamzadyñ nesli müñlerçe ýyl öñ tükenerdi.
(House MD - Cameron).

Aýal-gyzlaryñ seksden nädip doýman keýp alýandygyny soraýarlar. Barmagyñyzy gulagyñyza sokup gorjalanyñyzda, barmagyñyzmy ýa gulagyñyz has gowy keýp alýar?

"Boldy, indi ýataly" diýlip däl-de, halys ýadalyp we keýpihonlyk bilen uklap galynan seks hakyky seksdir.
(Indiana Bond).

Seks aslynda garşysyndaky adamyñ añynda we teninde absolýut agalyk gurmak üçin duýulýan arzuw-islegden ybaratdyr.
(Fridrih Nişse).

Seks - asuda we ümsüm gijeleriñ posasydyr, mähir-şepagatydyr.
(Zed).

Iñ gowy duşuşyk tenler heniz biri-birini görmänkä olaryñ ruhlary tarapyndan taýýarlanýar. Şondan soñ ten ruhuñ dili bilen gürlemäni öwrenýär. Muña seks diýilýär.
(Paulo Koelo).

Seks - "hoş gal" diýlende, hiç zat aýtmagyñ geregi çykmazdan dolanyp geljegiñi bilmekdir. Seks - ynançdyr.
(Zed).

Seksiñ hapa we aýypdygyny pikir edýän adamlar bar. Sebäbi seks olaryñ añyny yzygiderli gümra edensoñ, däli-zyrryjym bolýarlar we munuñ bilen baglanşykly hiç zat islänoklar, oña hiç kimiñ goşulmagynam islänoklar.
Seksiñ bir enäniñ bişiren almaly pirogy ýaly tebigy we saglyga ýaramly zatdygyny bilýän adamlaram bar, olar bu babatda özlerini gaty arkaýyn alyp barýarlar we muny amal etmekden doýanoklar - hatda ýekşenbe günleri-de...
(Tom Robbins).
Категория: Sözler | Просмотров: 238 | Добавил: Gökböri | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 1
0
1 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Hakykatdanam isläp dal'de duydansyz başlanan seks has tasirli bolyar. Mende köp bolardy şeyle duydansyzlyklar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]