12:38
Jyndan gorkan batyr hakda ballada
JYNDAN GORKAN BATYR HAKDA BALLADA

Üç dost otyr: biri Goçy,
Biri Hajy, biri Goçak.
Üçüsi-de batyr olañ,
Oýnaglary gylyç, pyçak.

Üç batyra diýýär Sopy:
"Kimiñ batyrlygny biljek:
Gije baryp öwülýäde
Haýsyñ gazyk kakyp geljek?"

Olañ üçüsi üç ýerden:
Diýdi: "Men... Men... Men gideýin!
Batyrlygmy subut edip,
Bu şerti berjaý edeýin!"

Gazyk, çekiç aldy Goçak,
(Çykypdy onuñ bijesi),
Batyr gorkman ýola düşdi,
Bijeli gara gijesi.

Merhumlaryñ uklap ýatan
Howlusyna bardy Goçak.
Ses-selem ýok ümsümlikde
Oýurganyp durdy Goçak.

Soñ oturyp, çekiç bilen
Gazygy ýere urdy ol.
Biraz üýşendi tümlükden,
Çalarajyk der berdi ol.

Bolsa-da işin bitirip,
Gazygy çüýläp turanda,
Howlukmaç hem howsalaly
Yzyna gadam uranda:

Bir zat aslyşdy donundan,
"Merhumlarmy syndan çeken?
Eýemi ýa jyn-arwahmy?
Sopyñ diýeni çyn eken..."

Diýen pikir beýnä tarap
Eñende, ýürek ýaryldy.
Goçagyñ goçak göwresi
Ýykylyp, guma garyldy.

Ertesi baryp görseler,
Demsiz ýatan eken batyr.
Gazygy donuñ syýyndan
Bilmän kakan eken batyr.

Jyn-arwah däl, ýa eýe däl,
Howsala oña janyn alan.
Görüñ, dostlar, bizi käte
Niçik hala eltýär ýalan!..

* * *

Mertligi derekli ýerde,
Il üçin gerekli ýerde,
Ulanmaly zerur bolsa.
Aýypdyr boş jedellerde
Batyrlarmyz şeýdip ölse.

Atamyrat ATABAÝEW.

"Tokmak" žurnaly, 1990.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]