10:25
Özara gürrüñ / gysga ýumor
ÖZARA GÜRRÜÑ

- Hemme zady öz eliñ bilen gazanmak diýilýäni şu bolsa gerek - diýip, Mariýa Alekseýewna diwanda ärine golaý süýşdi. - Sen öýdäki islän zadyñy sora, men onuñ haçan, nädip, nähili ýagdaýlarda satyn alnandygyny aýdyp bereýin. Iñ bärkisi şol gün nähili howa bolanlygynam aýdaýyn. Ine, şu garnitury täze ýylyñ öñüsyrasy alypdym.
- Men şonda nirdedim - diýip, äri sorady.
- Sen şonda Wasýa, okaýardyñ. Iñlis dili kursunda okaýardyñ. Köp okay. Ol kursam pulludy.
Wasýa özüni müýnli ýaly duýdy.
- Dikkensi asyl nusgasynda her kim okap bilmeýär ahyryn. Sen muny...
- Hawa - diýip, Mariýa Alekseýewna baş atdy. - Onsoñ, telewizor satyn aldym.
- Men şonda nirededim?!
- Şol ýerde, kursdadyñ. Dikkensi asyl nusgasynda okaýardyñ - diýip, aýaly ýylgyrdy.
- Krowat hem geýim saklanýan şkaf üçin puly meniñ ejem beripdi. - diýip, Wasýa hem ondan kem galmajak boldy.
- Dogry. Ol puly ynamly ellere, ýagny maña beripdi... Aşhanadaky goşlary bolsa praktikant studentler getirişipdi.
Ol äriniñ berjek soragyndan öñürtiläp dowam etdi.
- Sen şonda okaýardyñ. Ekskursowod bolmak üçin okaýardyñ. Seniñ şäherlere syýahat edesiñ gelýärdi... Onsoñ men şu häzirki oturan diwanymyzy satyn aldym.
- Men şonda işleýärdim-ä - diýip, Wasýa garşylyk görkezdi.
- Hawa, işleýärdiñ. Ekskursowoddyñ. Suzdal şäherinde bir ýyllap bolupdyñ... Onsom oturgyçlary satyn aldym.
- Men şonda nirededim - diýip, Wasýa sorady.
- Sen okaýardyñ. Dilewar bolmak üçin okaýardyñ - diýip, aýaly kesä bakdy.
- Men şonda dogrudanam okaýardym - diýip, Wasýa seslendi.
- Sen şonda hiç ýerde okañokdyñ. Gije-gündiz Nina Gorohowalardan çykmaýardyñ.
- Maşa - diýip, Wasýa boýnuny burdy. - Men nalajedeýin ekenim, bikär ekenim. Adam däl ekenim. Kow, meni kow. Kow, Maşa, sen meni näme üçin saklaýañ.
- Mebel hökmünde saklaýan - diýip, Mariýa Alekseýewna uludan demini aldy.

Lidiýa PLOTNIKOWA.

Terjime eden: Dädebaý AMANOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 57 | Добавил: Haweran | Теги: Lidiýa Plotnikowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]