08:42
Jezanyñ ulusy
JEZANYÑ ULUSY

Elhepus, bu daýzañ göripdigini,
Haýran galýan beýle gylygyna oñ.
Ekiz guzlan bolsa goýnuñ ýa geçiñ
Olam bir şarpykdyr dulugyna oñ.

Arada duldegşir goñşularynyñ
Alan lotoreýi utupdyr haly.
"Illeriñki şeýle bolaýýar" diýip,
Jibrinýär öz zadyn aldyrýan ýaly.

Öz boýdaşy düýnem gelin toýuna
Çagyryp gidende yzyndan garap:
"Illeriñki şeýle bolaýýar" diýip,
Hyrçyny dişledi başyny yrap.

"Tarpa-taýyn öläýipdir" pylany,
Bu habary eşdip, "wah, wah-eý" diýmän,
"Illeñ ölmem şeýle añsat bolaýýar"
Diýenmiş diýýärler oñ özem duýman.

Duýman ölüme-de göriplik edip,
Göripligiñ bolsadysyn ekip ýör.
Iliñ-günüñ oslamadyk jezasyn,
Öz-özüne berip, özi çekip ýör.

Anna GURTGELDIÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Haweran | Теги: Anna Gurtgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
1
2 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
35-40 günden öýe gelýän welin, ylgap gelýär "näçe gazandyñ" diýip. Menem özünden beter bolup näçe gazansam sen öýüñde parahat ýatyp bilýäñ diýäýýän...

0
1 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
"Illeriñki şeýle bolaýýar" diýip,
Jibrinýär öz zadyn aldyrýan ýaly.

Hakykatda göre-göre gözli şaýat bolup dogmana az galdy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]