02:37
Bu gün
BU GÜN



Seýle çykmyş şaperiler, çenun reýhandyr bu gün,
Toty guşlar saýraşyp, bilbiller zybandyr bu gün,
Şa-geda ýok tapawut, hemmäge döwrandyr bu gün,
Gullar azap eýleýir, persaga amandyr bu gün,
Aý mübarek dogdy bu gün, mahy-tabandyr bu gün.

Bir nijesi binikapdyr, nijesi ol hyrkapuş,
Kyldy nazar "Huw Hak!" diýip, istäp ki onda derwüş,
Uçdy Asman burçundan, gondy gelip ol gumry, guş,
Elmydam bazar erir, bes ýada düşmez güýzu-gyş,
Aşyk alsa magşugny, galmaýar arman bu gün.

Näzli gyzlar çykmyş erdi, geýinip çog donuny,
Dakynyban, lagly-merjen, ýene göwher känini,
Serdar eýläp ol kenizler, öñe salyp hanyny,
Gelse ol asal pygyly, berer bu gün janyny,
Çünki ol älem ýüzüne Hudadan döwran bu gün.

Boş oturan daragtlar getirer alma-nary,
Çykmayar jowlan urup, gaflatda bilbiliñ zary,
Aş tapmayan oturanyñ ýetip bu gün karary,
Bermez bu gün patyşalar gul-gyrnaga azary,
Keşt edip barsam mazara, ölä geler Jan bu gün.

Diýr Nepesu, eý ýaranlar, geldi aýyt baýramy,
Nur çoguban Arşy Agla, kyldy dünýä aramy,
Gol uzatmaz Ezraýyl, almaz hiç kimiñ janyny,
Diýdim ol dostuna bu gün ýüregimde barymy,
Men pakyrdan sowgat erir illere dessan bu gün.


Mollanepes.
Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Nurdan | Теги: Mollanepes | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
Bu goşgy Magtymguly atamyzyñ "Döwran bu gün" diýen goşgysyny hemde onuñ ýazylmagyna sebäp bolan Buzly Polady we onuñ gyzyny ýatlatdy

0
1 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
hyrkapuş. Name bolýarka

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]