13:41
Satiranyñ neşterli dili: Karl Walentin
TOTALITARLYGYŇ ADATYLAŞAN ŞERTLERINDE SATIRANYŇ NEŞTERLI DILI:

FAŞISTIK GERMANIÝANYŇ KARL WALENTINI

Aristoteliň “Şygryýetinde” “ortagürpdenem aşakda” diýlip baha berlen komediýa Aristofanyň gadymy grek jemgyýetine garşy tankydy häsiýetli çykyşlary arkaly “syýasy tankyt” taraplaryny-da öz içine alypdyr.
Tankydy maksat bilen mifleri ýaňsylan Aristofan kämahal hudaýlary emeldarlar bilen tipikleşdiripdir, muny-da jemgyýetçilik pikirine öwürmegi başarypdyr. Başgaça aýdylanda, “ortagürpdenem aşakda” hasaplanan komediýa Aristofan bilen bile “ortagürpüň üstüne” çykypdyr, şeýdibem komediýa žanry özüne düýbünden başga ýol arçapdyr.
Ýumoryň tankydy ýüzi hususy eýeçilik gatnaşyklarynyň orta çykan wagtlaryndan başlap syýasylaşyp başlapdyr. Sebäbi komediýa gara güýjüň “bu maňa degişli bolmaly” zorlugyna “nirden saňa degişli bolýarmyş?” soragyny beripdir we bu sorag özi bilen bile garşylyklaýyn pozisiýany döredipdir.
Wagtyň geçmegi bilen komediýa dürli-dürli ugurlara gönügipdir, jemgyýetiň taryhy şertlerine, medeniýetine we medeni kodlaryna görä şekillenipdir, netijede her tradisiýa öz ýumoryny döredipdir. Hususanam XX asyra gelnende Brehtiň kämilleşdiren epiki aýratynlyklary bilen “saýrylaşdyryjy” taraplarynam ýanyna alyp, passiw tomaşaçyny aktiwleşdirmäge gönügipdir. Bu bolsa arassalanmagyň garşysyna durýan, käte ony ýaňsylaýan bir tüýsli “dürüşdä” öwrüpdir. Çünki “Beýik teatr” ynsanyň duýgusyndaky arassalanma (katharsis) arkaly Hudaýyň gatyna “ýakynlaşdyrýan” bolsa, komediýa adamyň gündelik iş-aladalarynda aýagyňy dogry basmagy we hasam möhümi nirä basmalydygyny öwredipdir. Başgaça aýdylanda tragediýa “arassalanma”, bir tüýsli rahatlanma, saplanma ýagdaýy bolsa, komediýa sözüň doly manysynda munuň tersine adamlaryň zir-zibilinde hapalanyp ýaşaýşa baglanmagy makul bilipdir. Ýagny şeýtmek bilen öz düşünje etikasyny “şu taýdaky we häzirki” bar zatlar bilen gyzyklanyp özi döredipdir.
Ýumoryň süňňündäki bu garşydaş çemeleşme totalitar režimler üçin howply hasaplanypdyr. Emma satiranyň tebigylygana mahsus bolan bu garşydaş ýagdaý göýä umumy diliň töwereginde ulanylýan, ýerli şiwe ýaly, häkimiýete mälim, gyzykly we öz dilinde gürläpdir, galyberse-de gysyşlara garşy hiçem ýakymly görünmeýän satira özüne gerekli minor dili birnäçe gezek döredip bilmändir. Şunuň bilen baglanşyklylykda häkimiýet üçin satiranyň güýji diňe ony ýok edýänçä dowam edipdir.
Satira gara güýjüň bilmeýän, onuň düşünmeýän täze dilinde gürlemese, “gara güýç” ony aňsatlyk bilen ýok edip bilipdir. Emma gysyşlaryň garşysynda durup, diňe “ikinji görkezmä çenli” özüni gorap saklamagyň deregne, oňa özüni tanatman, ünsüni çekmän, ony gižželemän, belki-de onuň diňe gulagymy şaňladyp özüni gorap saklan diliň döredilen ýerlerem bar. Ine, bu dil häkimiýet tarapyndan örän gowy tanalýan garşydaş dilden zyýada häkimiýetiň düşünmeýän passiw dilidir.
Muňa mysal hökmünde, ýazyjy-şahyrlaryň dogduk ýurtlaryndan gaçmaga mejbur bolup, kitaplarynyň ýakylan, hatda sungatyň propoganda serişdesi hökmünde ulanylan faşistik Germaniýasynda es-esçi (SS) ofiserleriň we Adolf Gitleriň gözüniň öňünde Karl Walentiniň teatry ýapylmazdan işlemegi başarypdyr.
1882-nji ýylda doglan Karl Walentin Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň kiçijik raýonlarynyň birinde şol sebitiň gepleşik dili bolan bawýeral şiwesinde sahna oýunlaryny oýnapdyr.



Ol sungat dünýäsiniň demir penjäniň içine salnan zabun döwründe-de syýasy we gödeksi dile ýüz urmazdan sungatyň “sagaldyjy” aýratynlyklary arkaly oýunlaryny dowam etdirip bilipdir. Çünki nasistleriň döwründe gadagan edilmedik teatrlar açlykdan gyrylýan we gysylyp saklanýan halk köpçüligine hut özleriniň agyr maddy kynçylyklaryny ýatdan çykartmak ýa-da gözlerini baglamak gerekli hasaplanypdyr.
Nasistleriň bu garaýşy Walentiniň passiw toparlanmagyna arkaýyn dem alma mümkinçiligini döredipdir. Başgaça aýdylanda Walentiniň faşistik Germaniýada propoganda serişdesi hökmünde “hiç zada goşulmaýan” sungaty aslynda häkimiýetiň hiçem düşünmeýän dilinde gürläpdir we şeýtmek bilen uruş döwründe-de özüni gorap saklamagy başarypdyr. Çünki ol, taýýar galyplara girmeýän, taýýar galyplara meňzemeýän, tomaşaçy bilenem bir ýoluny tapyp düşünşip bilýän dil döredipdir. Özem Walentiniň satirasynda teatr dogry saýylýan zadyň agzalýan “häkimiýet sahnasy” däl-de, onuň özi, dili bolupdyr, tomaşaçysy-da bu diliň ideologiýasy näme bolanda-da – häkimiýetiň şärikdeşi bolupdyr.
Ýalňyş düşünme, saýrylaşdyrma, çişirme, improwizasiýalaşdyrma (diliňe gelşi ýaly aýdyp goýbermek), ýaly tradision däpleri ulanan Karl Walentin heneklerini köplenç sözüni soňlaman döredipdir. onuň näme diýjek bolýanyny öňdenem bilýän tomaşaçy ol sözüni soňlamanka wakyrda beripdir. Ýöne Walentiniň tomaşaçy bilen gowy düşünişýän ýeri onuň sözleri ýarpy goýmagy däl-de, şol sözleriň tomaşaçylar tarapyndan çak edilýändiginde. Meselem, ol bir oýnunda nemesleriň milli çöregi bolan semmelknödel hakda uzak gürrüň edýär. Emma gürrüň berýän zadynyň aslynda getirjek netijesi ýa-da belli bir baglaýjysy bolmagyndan ötri tomaşaçy bu milli çörege saýrylaşdyrlýar. Bular ýaly kesekileşmekden döreýän baglaýjynyň eýesi bolsa onuň teatryndaky tomaşaçynyň özüdir. Onuň oýunlaryna köp tomaşa edýän es-esçi ofiserler tarapyndan ýomaklarda häkimiýete garşy kesek atylmaýandygyna düşünilmeginiň sebäbi-de hut şu gürrüň berme usulydyr.
Es-esçi ofiserlere aňňalak gapdyran çuň çeýe satirasy üçin günleriň bir güni es-esçiler sahna çykyp, ondan täze häkimiýetiň güýji barada näme pikiriniň bardygyny soranlarynda “Hiç zadam pikir edemok. Herhal şuny aýdyp bilýändirin-ä... şeýlemi?” diýip jogap beripdir. Çünki Karl Walentin zorluk we onuň dili bilen näderejede bile hereket etmelidigini, ýagny şol dili nirä çenli ulanmalydygyny örän gowy bilipdir.
Walentiniň tomaşaçysy-da ideologiýasy nähili bolanda-da, bolup geçýän diýdimzorlugyň we uruş döwrüniň gysajynda öz şertlerine gowy düşünipdir. Şonuň üçinem Karl Walentin ýumoryň berýän rahatlandyryjy güýji bilen, belki-de, tomaşaçynyň kabul eden, uýgunlaşan gysyşlygyna gülmegini üpjün edip, “öňem mälim zady” satiriki dil bilen ýatladypdyr.
Gitler bir gün onuň oýnuna tomaşa edip durka, “baş şef gara “Mersedesi” bilen burçdan öwrüläýdi” diýen sözi üçin gara “Mersedesli” Gitler gaýdyp şol jümläni ulanmazlygy buýrupdyr. Karl Walentin bolsa şol günüň ertesi “...we baş şef burçdan öwrüläýdi... Elbetde, awtoulagy gara “Mersedes” däldi” diýip, bu söze çyny bilen gülendigini aýdan Gitleri başga bir zat aýdyp ýaňsylamagy başarypdyr.
Faşistik hökümete garşy hiç haçanam gönümel sözler bilen çykyş etmedik bolsa-da, Karl Walentin Gitler bilen ýüzbe-ýüz gürleşmekden mümkingadar gaça durupdyr, onuň bar ýerinden daşlaşypdyr. Bir gezek Gitler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolanda, ol aşhana gidip pyçak bilen eline bilgeşleýin şikes alyp gelipdir. Gitleriň “eliňi daň” diýendigine garamazdan, nahar iýilýän stoluň başyna geçipdir we agyr syrkawyň roluny oýnap, Gitleri gülkä bogupdyr. Sebäbi Karl Walentin muny Gitler bilen gürleşmejek bolup edipdir we roluny oýnansyrap ol ýerden ýuwaşlyk bilen gaçypdyr.
Bular ýaly tilsimler Karl Walentiniň satirasynyň belli-başly häsiýetlerindendir.



Emma Karl Walentin satirasyndaky inçe dili öz durmuşynda ulanmandyr. Ondan poçta kartlaryny satyn almak islän, muňa derek islän puluny berjekdigini aýdan, ýöne kinofilm düşürmekden el çekmegi teklip eden Gitlere tanşynyň üsti bilen “Aýdyň oňa, indi menem nasistler ýaly - ýa diňe men, ýa-da hiç kim” diýip bilipdir. Karl Walentin bu batyrgaýlygyny satirasynda ulanmandyr, ol diňe etmek islän işini – sungatyny gorap saklapdyr. Şeýle-de bolsa, Karl Walentin soňabaka garyplykdan söz açýan çeper kinofilmleri surata düşüripdir. Ine, şol wagtam onuň çykyşlary gadagançylyga uçrap, eserleri ýok edilipdir. Onuň garyplykdan söz açýan “Miras” (“Dia Erbschaft”) çeper kinofilmi we başga-da birnäçe eseri faşistik Germaniýanyň ýaşaşyş-durmuş formasyna gabat gelmeýär diýlip gadagan edilipdir. Başgaça aýdylanda, Karl Walentin kinofilmlerinde häkimiýete mälim dilde mälim garşydaşlyk eden badyna senzuranyň gazabyna uçrapdyr. Belkäm, ol şol wagt “Gelejegem öňküden has gowudy” diýen sözüni aýdypdyr we öz teatrynda gözlerini baky ýumupdyr.
Sözümizi Walentiniň degişmesi bilen jemläliň:
- Haýl!.. Haýl!.. Haýl!..
- ... ... ...
- Nämä seredýäňiz, adamyň adyny ýatdan çykarypdyryn...

Elif ÝALAZ.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 93 | Добавил: Haweran | Теги: Elif Ýalaz | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 9
1
8 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Degişmä düşünmedim. "Haýl" näme manyny añladýar?

1
9 Haweran   [Mowzuga geç]
восклицания нем. Heil Hitler! — «Да здравствует Гитлер!», «Слава Гитлеру!» (обычно передаётся по-русски как Хайль Гитлер)...

0
7 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Dogry. "Şahsyýet bolubilmeseñem kämillik ýok".
Ana, şol aýratynlygy terbiýelemeli. Ýõne nädip? Arada, hindi aktyory Şakruh Hanyñ işleýşi, hünärine gatnaşygy barada dokumental film görkezdiler. Gõraýmäge,
hemme zady üpjün adam, diñe gowy şertlerde ýaşap biljek aktýor. Ýok- ol gerek bolsa, çõrek bilen suw owurtlap iýip otyr. Bir gezegem geýim çalşylýan otagda, uzyn otyrgyjyñ aşagynda ýatyp galypdyr.
"Arakesme wagty gözledik, tapmadyk, görsek,
bärde yatyr" diýýa guramaçy. Gõräymäge,
ýõnekey adam häsiýetleri.
Bolmalysy. Ýöne, içinde gezip ýõrkäñem, käte bizde bu gün gõren "ýyldyzyñ" ertir "şöhlesi" bn gõzüñi deşip barýar. Dünýaniñ iñ añrybaş zehinlerine gaýra dur diýýän YNJYK HÄSIÝETLER. "Men-men" aurasy bilen ýaryp barýa.." Name bolaýdyka? " diýseñ, duýn bir eseri şowlapdyr. Ýa-da soñky wagtlar işleri ugruna. Bolya, şol gidişine GÜNÜÑ deñine ýetse.. Ýene, bir gün ýolda duşar- şol başdaky mysapyr, sada gõrnüşi... gaýta, biraz nebsiñ agyryýa.. Indi?
Sonky wagtlar "ugruna däl".
Oturyplar haýran galýañ. Nähili zehinleri geçiren bu Zeminde biziñ bolup ýõrşümizi? Sähel zada eselip, sähel zada peselip...
Ine, şu kiçijik ýaly görünýan hàsiýetjiklerden saplanmasak ŞAHSYÝETLER bolmaýmasa..

0
4 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Bir gün Hoja Hojaýew (komik): "Şeýlebir gynançly monolog okasym gelyä weli, näme alsamkam?" diýdi. Bizem oýun edýändir öytdük.
"Kerim aganyñ "Ýazmasy agyr düşen goşgusy" bolmaly. Şony õwrenäy" diydik. Birnäçe günden ýene ýanymyzda Hoja, elinde-de Kerim agañ kitaby: "Bärde, "Ýazmasy has agyr düşen goşgy" bar eken-ä. Men-ä şuny õwrenäýjek" diydi.
"Saña bu nämä gerek. Tomaşaçy seni gowy komik hökmunde ykrar etdi. Şu ugurdan gidiber"
"Aý, içimde bir zat tomaşacyny aglat diyip dur-da. Adam aglasa, sungata has gowy düşünýan ýaly.."
Bu makala oýun gatyşykly şol gürrüñi ýadyma saldy... Hoja-da dünýä belli komikleriñ hatarynda bolup biljekdi..
"Bolup biljekdi.." diýýänim - Hudaýa şükür- ol diri- le.. ýõne sungaty õçene meñzeýa.. Bilmedim.. Näme boldy.. Hat- da, şol" Ýazmasy agyr düşen goşgy" hem okalman galdy, tomaşacy hem Hoja şol goşgyny okanda aglaman galdy..

0
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Hoja "gurrumsagyñ" bir degişme sahnasynda "Aýrylyşyanlar köpeldi, tropikankañ syry bu..." diýýän ýerine häzirem düşünip bilemok. Aýrylyşýanlaryñ köpdügi belli, ýöne "tropikankañ syry" näme... Alla bilsin. Ýöne lap üçin aýdylmadygyn-a bilýän. Köpbilmişje ol, bildirtmänjik sokýan ýerleri bar oñam.. ))

0
6 Haweran   [Mowzuga geç]
Biziñ köp ýazyjy-şahyrymyzda, sungat işgärimizde (artist, aýdymçy, suratkeş, heýkeltaraş, sazanda... tapawudy ýok) özlerini dünýä tanadarlyk zehinlileri az däl. Emma olarda şahsyýet ýok. Şahsyýet bolubilmeseñem kämillik ýok, orta ýolda maýda-çüýde zatlara, ownuk we geldi-geçer bähbitlere özlerini aldyryp, ownap, ýitip gidýärler, zehinem bir ýylpyldap öçüp galýar. Haýp...
Şahsyýet bolup ýetişmek ü.nem näme, çagalykdan, başdan ýetişdirmek gerek, biziñ hemmämiz gözümiz açylandan garnymyzy doýurmagyñ, ilden gowy geýinmegiñ-iýmegiñ, elimizden gelýän käri, zehini ulanyp, kimdir birinden bir zat ýonmagyñ, hantamaçylygyñ gamy b.n, baknalyk b.n ulalýas, şol esasda terbiýelenýäs, şol esasda okaýas, şol maksat b.n işleýäs. Garybyñ gamy, halkyñ agysy, başganyñ derdi, il-günüñ toýy-ýasy biziñ ne piñimize...
Tankytçy D.Nuralyýew şu babatda örän dogry belleýär:
"Poeziýanyň söýgüsi okyjy söýgüsi däldir. Oňa özüňi aldyrmak üçin şahsyýet bolmaly. Biziň görüp geçen şahyrlarymyzyň köpüsinde şahyrana şahsyýet ýok. Şol ýok ýerinde uly şahyr döränok."
http://kitapcy.com/news/2021-07-17-16613

0
3 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Hawa, satiradan gorkýalar..
Bu makaladaky şu setirleri sitata ýaly hemişelik ulanaýmaly ...:)
"Satira gara güýjüň bilmeýän, onuň düşünmeýän täze dilinde gürlemese, “gara güýç” ony aňsatlyk bilen ýok edip bilipdir".

1
2 hoşowaz   [Mowzuga geç]
"Üç litr" diýäýmeli ekeni-dä)
(Drei liter - draý litle)

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
Aslynda, komikler barada aýdylýan bir söz bar: "Olar dünýäñ hasratyny tragiklerden has çuñ duýýarlar.." Çarli Çaplini alyp göräýiñ.. beyleki komiklerde de şol aýratynlygy duýup bolýar..
Öz stilinde, oz garaýsynda berk durup, Gitler ýaly adamdan goranyp bilen bolsa, Karl Walentin dogrudanam .. prosto TALANT eken.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]