08:52
Atasy alkaşyñ aýdymy
ATASY ALKAŞYÑ AÝDYMY

Öñler beýdip ýörmezdiñ
Bozuldyñ, baý-baý, atam.
Iliñ gözünden düşüp,
Bolduñ başagaý atam.

Indi her gün içip sen,
Abraýdan geçip sen,
Ýörsüñ öýden gaçyp sen,
Göýä bir tez taý, atam.

Tapýañ hile-emelem,
Ýaman ada eýe men,
Bizar senden enemem,
Ýat bolduñ waý-waý, atam.

Gözüñ doly çüýşede,
Et düzdürýäñ çişe-de,
Köwleneñok gije-de,
Tapsañ meýlis toý, atam.

Syla ili, özüñi
Syla ogul-gyzyñy,
Syla iýýän duzuñy,
Ynsap donun geý, atam.

Içgä berme tapanñy,
Az et boş söz-takalñy,
Ýa-ha aýyr sakalñy,
Ýa içgiñi goý, atam.

• DIRI ÝITMEK

Ol gün bir üýtgeşik söýgä sataşdy,
Tutaşyplar ýandy ýowuz ataşda.

Soñam dirilikde ýitip gitdi ol,
Gezdi söýgüsiniñ yzynda haşlap.
Gitdi diri ejesini unudyp,
Ölen atasynyñ mazaryn taşlap...

Akmyrat MUHADOW.

"Tokmak" žurnaly, 1990 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Haweran | Теги: Akmyrat Muhadow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]