21:53
Köpbilmişiñ başyna / intermediýa
KÖPBILMIŞIÑ BAŞYNA

- Wa-ýeý kakasy, ýüzüñ-gözüñ nähili? Ýedi ýuwlan ak esgä dönüpdir-le? Ýa gorkup dagy etdiñmi?
- Gorkan bolsam gowy bolardy-la.
- A, onda näme boldy?
- Gygyrdylar. Gök garga ýaly gagyldap gargadylar.
- Kim ol päli azan?
- Ho-ol obañ ilersindäki Amaşyñ aýaly.
- O heleýiñ seniñ bilen näme işi barmyş? Paýlaşybilmeýän zady näme? Ýa-da suw diýenini eltmediñmi? Näme beýle jany çykyp barýarmyka, eltiler-dä, artyp...
- Wah, eltdim-le...
- Onda näme? Wiý, indi bildim: O heleý kireýjiginj bermejek bolup kişñändir. Bir köpük üçin her hili şermendelikden gaýtjak heleý däl-ä, aýdyşan.
- Kireýden geçen-le, kireýi başyny iýmiş. "Dünýäñ zadyny harama çykardyñ" diýip gygyrdy.
- Harama çykar ýaly näme zatmyş ol beýle?
- Halys aldyñ-aý, sorag baryny berip. Uny, how uny.
- Näme, uny?
- Hawa haw, hawa. Uny.
- Nähili uny?
- Un bolanda, un bolar-da. Dükanlarda, awtolawkalarda satylýan un, çörek bişirilýän un, pişme bişirilýän un, börek bişirilýän un, unaş edilýän un. Düşündiñmi indi nähili undygyna? Pekgeligiñem halys gözüni çykaraýýañ-aý...
- Ýok düşünemok. Hany düşnükliräk aýt ýa-da sen oña çörek bişirip berjek bolup unyñy zaýaladyñmy?
- Sen, heleý, agzyñy ugruna goýberiberme. Näme diýýäniñi bilýäñmi? Men indi oña çörek...
- Onda düşnükliräk aýt-da. Ýöne mus, mus diýdiñ durduñ.
- Gürlemäge maý bermeseñ näme. Ol gün suw diýensoñ, öten agşam giçlik şony eltdim. Ýatansoñlar turzup durmaýyn-la diýdim-de, maşynyñ suwuny hemişeki boşadýan gabyma döküp gaýtdym.
- Oñarypsyñ-da. Indiki nämemiş olañ...
- Oñaranym gursun. Olañ indikisem asyl şol suw gabyñ içinde on-ýigrimi halta un bolsa nätjek.
- O ýerde un näme işleýär?
- Wah, gepem şonda-da, heleý jan! Är-heleý un gytlajakmyşyn, gymmatlajakmyşyn diýen myş-myşa ynanyp alypdyrlar alyp bilen unlaryny. Özem suw gapda dursa uzak wagtlap bitlemeýärmişin diýip. Şeýdipdirler. A meñ o zatlardan habarym bolmasa näme...
- Asyl ol-a bolaýypdyr. Ilden artyk köpbilmişsireseñ, boljagyñ şoldur. Näme, il aç ölüp, olar tohumlyk galaýaryn öýtdülermikä. Ol är-heleý tebehedi göçen diýerler. Edenleri şo bolsa, özlerinden görsünler. Señ näme günä bar bu ýerde.

Aşyrmuhammet HUDAÝBERDIÝEW.

"Tokmak" žurnaly, 1991 ý.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 66 | Добавил: Haweran | Теги: Aşyrmuhammet Hudaýberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]