17:44
Umumy ýaşaýyş jaýynda
UMUMY ÝAŞAÝYŞ JAÝYNDA

Goh-galmagal, otagyña gaçarsyñ,
Bäş adama uly däldir ketekden.
Otyra orun ýok, durmaga mydar,
Körpe çagañ aglap tutar etekden.

Aýal-erkek, oglan-uşak bir jaýda,
Pasportyñda bolsa mydam ärlisiñ...
- Gijäniñ içinde nirä barýarsyñ?
- Wäk, aýagym, aýu, görmän, körmüsiñ?

- Açyk howa...
- Bizem şoña zar bolduk,
Dünýäñ giñ jaýynyñ bize haýry ýok.
- Çyk, eýwana, ýatma senem bogulyp,
Goñşy çilim çekýär, başga saýry ýok.

Gündizler dat-bidat, gije jebirli,
Diýen bolýas: "Gaýrat et-de, hötde gel!"
Öz öýünde çuñ ukuda ýatandyr,
Halymyzdan habar aljak ketdeler.

Işleýäs, il ýaly ýaşap bolanok,
Başymyzda bolsa müñ dürli pikir...
Kiçijik zatlarda uly bagtly biz,
Wokzalda ýatamzok, şoña-da şükür!..

• MÜÑKÜRLIK

Kiçijik meýlisde otyryp üýşüp,
Süýji ysy dünýä ýetdi dogramañ.
Öý eýesi tagam baryn daşaýar,
Meýlimiziñ alýanyny soraman.

Wäşi sözler, gülki galdy asmana,
Kimler bolsa gyzyp gitdi gybata.
Ejaplylar gürläp bilmän otyrlar,
Käbirleri garaşanok nobata.

Şol wagt ýüzün ak tam edip bir gelin,
Äşgär etdi ýokdugyny ýüzügniñ.
Kalbymyzda gep dogurdy müñkürlik,
Biri-birne gözler bakdy: "Düzüwmiñ?"

Öý eýesi tagamyna sygynyp,
Myhman bolan şol "ogrudan" nalady.
Dag ýaly gelinler bir gysym bolup,
Ýadyndan çykarmaz beýle halady.

Onsoñ barladylar ýeke-ýekeden,
Myhman bolan ähli gyzy-gelini.
Ogry däl men, ýüzüm gyzýar eý, Hudaý,
Bu pursatdan agyr görüp ölümi.

Çaşyp barýan, ynha geldi "barlagçy"
Müñkür borlar, tasdan mundan gaçypdym.
Ara şeýtan salyp ýitirlen ýüzük,
Ahyr çykdy dogramaly saçakdan.

Oguljemal ÇARYÝEWA.

"Tokmak" žurnaly, 1991 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Haweran | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Muñkurlik. Ynam-ygtykada zarba urujy bir apat. Ol durli hasiyetden yuki yetik ynsan añynyñ apy-tupany. Harasat zelelsiz gecip gitse bagtyñ. Gara tegmil galdyryp gitse welin... Bu goshgy-da ajayyp. Umuman, Oguljemal Charyyewanyñ haysy shygyrny okasañ da ruhy meydanyñ magnawy chemenzarlygyna dush gelyarsiñ.

0
1 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Oran tasirli goshgylar. Umumy yashayysh jayy. Bu ynsan jemagatynyñ, durmush-yashayyshyñ ayrylmaz bir bolegi. Wajyplyk hem mohumlik. Zerurlyk we derwayyslyk.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]