20:07
Kolmardan terjimeler
KOLMARDAN TERJIMELER

Дети дружат с каждою звездою,
Дети могут даже спрятять солнце,
Дети просят злой и долгий дождик
Пожалеть их, выпустить на волю.

Поясок у звёзд я попросила,
А у солнца — красную корону,
Говорила я со злой любовью,
Признавалась, что хочу на волю.

Крупный жемчуг мне снизали эвёзды,
Шапочку мне солнце подарило,
А любовь меня и не слыхала
И была, как дождь, неумалима.

• Serdar Açylowyň terjimesi:

Çagalar
Äbe-de-jüýje ýyldyzlar bilen,
Güneşi-de gizläp bilýärler hat-da.
Olar ymykly hem gazaply gelen
Ýagyşdan soraýar erkinlik hakda.

Ýyldyzlardan hünji diläp özüme,
Güneşden dilänim gyrmyzy täçdi.
Erkinlik göründi durdy gözüme,
Ýüregimde ýowuz söýgim dil açdy.

Ýyldyzlary monjuk edip dakynyp,
Güneş maňa sowgat berdi börügmi.
Söýgim bolsa gulaklary gapylyp,
Ýagyş ýaly muşakgatly göründi.

• Mukam Muhamowyň terjimesi:

Dost tutunýar ýyldyzlaryň hersini,
Hatda Günem gizläp bilýär çagalar.
Soraýarlar daşa goýbermegini
Uzak guýan hyrsyz ýagyşdan olar.

Monjuk sorap, ýydyzlara ýüz tutdum,
Güne-de tylla täç dileg ýetirdim.
Boýun alyp,
Erk hakdaky meýlimi
Sowuk mährew bilen dile getirdim.

Dürden iri monjuk berdi ýyldyzlar,
Şyrdak bolsa maňa Güneşden ýetdi.
Söýgi welin eşitmedem arzymy,
hem, ýagyş mysaly, bibaşlyk etdi.


Gertrud KOLMAR.
Категория: Goşgular | Просмотров: 26 | Добавил: Haweran | Теги: Gertrud Kolmar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]