17:35
Arheolog
ARHEOLOG

Mydam geçmiş boldy onuñ gözlegi,
Ol geçmişi ýer teýinden gözledi.
Gazyp-agtaryşlar gitmedi yrýa,
Ýykyk şäher gadymýetden sözledi:

...Gündogaryñ jadylaýjy sazyna
Serhoş bolup tagtda irkilýär soltan.
Hüýr-melekler kebelek deý pyrlanýar,
Ortada asmana pürkülýär fontan.

Köşgüñ aşagynda titreýär zyndan,
Bendileriñ ahy-nalalaryndan.
Olar mahrum bolan balalaryndan,
Olar jyda düşen lälelerinden...

Lowurdaýar tylla köşgüñ gümmezi
Kerwen gelýär, jañ sesini seçeläp.
Süýtsüz göwse başyn goýup çagalar
Aglaýarlar ellerinde ejeleñ.

Şäheriñ içinde eñreýär durmuş,
Boş torbany miras goýup gedaýa.
Naýynjar ýañlanýar azançyñ sesi,
Öz gününe alkyş okap Hudaýa.

Arheolog... işledikçe der basdy,
Çydamady ahyn diñläp geçmişiñ
Gazýan çukuryndan ol böküp çykdy,
Aşagynda galan ýaly etmişiñ...

Ýöne ondan ahy-nala galmady
Ony kowalady beýewan çölde.
Hüýt gara çukurlar oýulan göz deý...
Hany sen olardan gutuljak bol-da?!

Arheolog barha düşüp howsala,
Hüýt gara "gözleri" başlady düzläp.
Soñam bu dünýede ýalñyz galan deý,
Uç-gyraksyz sähra çykdy ol düwläp...

Ýazjuma AGAGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Haweran | Теги: Ýazjuma Agageldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]