17:07
"Meniñ ýaly aşak bakýañ..."
"MENIÑ ÝALY AŞAK BAKÝAÑ..."

Meniñ ýaly aşak bakýañ,
Ýöreýşiñem ýöreýşim dek.
Suwlar kimin öñe akýañ,
Ýolagçy dur! Bir aýak çek!

Oka, belle bolsa ýadyñ,
Doldur gülden hem ýanymy.
Marinamy meniñ adym,
Saña näçe ýaşanymy.

Eýmenme hiç mazarlykdan,
Çykar öýtme gorkunç bolup.
Söýendirin çyn ýürekden,
Gezendirin diýseñ gülüp.

Kemter däldi ýüzmüñ gany,
Bardy buýra-buýra saçlam.
Menem señ ýalydym ýañy
Ýolagçy dur! Gitme saklan!

Ýyg bulardan, kän maýsasy,
Miweleri ip-iridir.
Mazarlygyñ tudanasy
Süýjidir
Hem, gör, iridir.

Ýüz sallama!
Durgunyñ saz.
Üýşenme bu çybşyldydan.
Oýlan meniñ hakda biraz,
Usul usul çykar ýatdan.

Zer çaýylan ýagty güneş,
Dakdy saña ak düwmesin.
Ürküsmesin, seni ýuwaş!
Meniñ ýerden gelýän sesim.

3-nji maý - 1913 ý.

• ENEME

Gara geýinmegi söýdüñmi senem,
Egniñe geýeniñ ak däl, garadan.
Aýtsana, eý meniñ ýaşajyk enem,
Kim öpdi,
Oýmak deý dodaklaryñdan.

Elleriñden kim sypady zallarda
Şopeniñ sazyna pyrlanýan pilläñ.
Kim ýylatdy seni sowukda, garda
Towar tutan zülpleñ diýseñ ülpüldän.

Gönümelden diýseñ agras garaýyş
Habar berýär diñe durnuklylykdan
Juwanlañ gözünde bolýar güýçli yş,
Ýaşlyk sowulmandyr bu ter dulukdan.

Mümkin zady alyp gidipsiñ ýeser,
Alyp bilmedikleñ bulardan kändi.
Basypdyr bagryna bu ýuwdarha Ýer
Ýañy ýigrim ýaşan juwan zenanny.

Mylaýym gün hemem bir tämiz şemal,
Patrak deý ak ýyldyz öçdi ýok bolup.
Ene! Bu ömrüñe tükeniksiz ar
Señ üçin geldimi kalbyma dolup.

4-nji oktýabr - 1914 ý.

* * *

Ynha,
Açyk dur penjire,
Ýagty düşüp dur bu ýere.
Belki, çakyr içýändirler,
Gürrüñde don biçýändirler...
Ýa aýany berip aýa
Oturandyr goşa gumry.
Kiçi bagt däl, bu uly
Bir öými nä? Kän, öýler kän.
Hatar-hatar boýy deñdeş,
Penjireler şuña meñzeş.
Hem aýralyk hem duşuşyk,
Ýanyp duran müñläp yşyk.
Wakalary giñ goýnunda,
Arkaýynlyk ýok-la mende.
Şeýle zatlar öz öýümde
Gaýtalanýar gör, öñümde
Eý, dost! Sylgyn muny ýüze,
Ýetirsin diý hemmämize.
Açyk dursun penjireler
Uklamaga wagt geler.
Oturylsyn. Agarsyn dañ,
Ýagtylygy gerek çyrañ.

23-nji dekabr - 1916 ý.

* * *

Mylaýym gürleýän sebäbi diýseñ,
Hemmäñizi
Basyp goýup giderin.
Pikir edýän - derýa kimiñki eýsem,
Haýsyña bu ösgün tüýi bererin.

Hasa kime ýeter, söýenmäge dik,
Örtünje - owadan, diýseñ haşamly.
Kimiñki bor şugla saçýan bilezik
Gelşikli goýulan merjenden gaşly.

Bellikler, terrific ýitiren güller,
Ýumşaksy düşekçe - diýseñ täzeje.
Sazlaşan setirler - bu süýji diller,
Kimiñ paýynadyr iñ soñky gije.

22-nji sentýabr - 1915 ý.



Marina SWETAÝEWA.

Terjime eden: Gözel ŞAGULYÝEWA.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 24.01.1986 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Marina Swetaýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]