17:25
Ýekemen we internet
ÝEKEMEN WE INTERNET

Bir adam dana ýekemeniň ýanyna geňeşmäge gelip, özi barada gürrüň beripdir:
- Men internet-foruma agza boldum-da, hemişe beýleki agzalar bilen sene-mene edýärin. Bir tarapdan-a islendik ýagdaýda gahar-gazap ýagşy ynsana muwapyk duýgy däl. Ikinji tarapdanam, beýle harçaňlaşma, hakyky durmuşda jenjel edeniňden has gowy, sebäbi hakyky durmuşdaky dawalaň soňy urşa ýazyp, ahyrynda hatda ganhorluga-da getirmegi ähtimal. Üçünji bir tarapdanam, meň gatnaşýan forumym “Kämillige ýol” diýlip atlandyrylýar. Oňa gatnaşýan käbir agzalaň kämillige barýan ýola düýbünden meň düşünjäme gabat gelmeýän derejede ters düşünýändiklerine, erbet ýerem şolaň öz tersa garaýyşlaryny beýleki agzalaňam aňyna guýmaga dyrjaşýandyklaryna meň içim ýanýar. Indi men näme etmeli, hormatly ussat?!
Parasatly ýekemen esli wagtlap sesini çykarman, oýa batyp oturypdyr. Soňam, birdenkä garaşylmadyk sowaly beripdir:
- Sen, ýogsa-da şol forumda haýsy loginli agza bilen has jygba-jyg garpyşýaň-a?
- “Amida” nikli agza bilen.
- Hymm... Gör-ä muny... A seň özüň haýsy lakam bilen bellige alyndyň?
- Lotos.
- Hä-ä, sen Lotosmy?-diýip, akyldar ýekemen zyňlyp ýerinden turupdyr-da, gapdalyndaky hasasyna ýapyşyp, oňa topulyp, ony kowmaga başlapdyr: - Kämilligiň nämedigini bilmeýän nadan diýerler saňa! Güm bol, şu ýerden!
Nämäň nämedigine düşünmän aňk-taňk bolan ol, ýeňsesini gaşap, çykyp gidenden soňam, parasatly ýekemen, beýle ýanynda duran noutbugyny öňüne çekip, “Amida” logini bilen foruma girip oturyşyna:
- Dogry-da, walla, kämillige barýan ýola düýbünden meň düşünjäme gabat gelmeýän derejede ters düşünen bolup, kimmişiň sen...- diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdäpdir.

Çeşmesi: https://pritchi.ru/id_52698554. 16.07.2021ý.
Terjimesi az-owlak üýtgedilip alyndy.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 122 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 15
0
15 Sergezzan   [Mowzuga geç]
bolya şerabyň başgaçarak manysy barmyş eken, onda onyň rubagylaryndaki gönüden göni dine, Hudaya garşy cykmasyna, yalanac gyzlary beyan etmesini, seksi wasp etmesini nahili dushundiryaniz?

0
14 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Omary Dine sazlaýdyňyzay

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Тайные общества: иллюминаты, франкомасоны и Французская революция. Уна Бирх, Джеймс Вассерман
В данной книге перед вами раскроется таинственный мир. Вы встретитесь с легендарным Калиостро и масонскими ложами, которые разожгли революцию и оказали огромное влияние на социальный строй того времени. Алхимики, маги, иллюминаты и...

Иллюминатус! Часть 1. Глаз в пирамиде. Роберт Шей, Роберт А. Уилсон
Секс, наркотики, рок-н-ролл, бунт, просветление, тайное правительство, культ Богини, чикагские гангстеры и анархисты, калифорнийские хиппи, Атлантида, убийство Кеннеди, искусственный интеллект, масоны, Багз Банни, "Желтая подводная...

Источник: https://readrate.com/rus/collections/knigi-o-illyuminatakh

0
10 myhman   [Mowzuga geç]
sag boluň, minnetdar gyzykly maglumatlaryňyza.
olary gyzykly edýän таинственный, загадочный -lygy.

bir sorag.
ýa eşitdim ýa okadym: Hasan Sabbah, Omar Haýýam, şol döwrüň seljukly weziri Nyzamy üçüsi bir wagtda bir medresede okapdyrmyş, hatda bir hüjrede bolanmyşlar. men-ä ynanmadym welin, siz nähili pikir edýäňiz. bolup bilmejek zat däl welin...

Bartolda öz romanynda Hasan bilen Nyzamyny köne tanyşlar ýaly edýä.

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Nyzam al Mülküň, Hasan ibn Sabbahyň we Omar Haýýamyň bir medresede okap dost bolandyklary, soňam Nyzam al Mülküň “dönükligi” sebäpli Hasan ibn Sabbahyň döwletiň duşmanyna öwrülip, Nyzam al Mülkden ar almaga başlandygy hakyndaky “barypýatan çypbakaý-çyn rowaýaty” wakany has gyzykdyrmak üçin oýlanyp tapylan çeper toslama diýip hasaplaýaryn.
Nyzam al Mülk – 1019-njy ýa-da 1020-nji ýylda doglup, 1092-nji ýylda-da Hasan ibn Sabbahyň haşşişinleriniň biri, pidaýy Bu Tahyr Arrani tarapyndan öldürilýär. Nyzam al-Mülk eýýäm 1063-nji ýylda Kundurynyň ornuna Togrul soltanyň baş weziri bolup, egnaşyr altyn syýadany asýar;
Hasan ibn Sabbah - 1050-nji ýylda doglup, 1123-nji ýylda aradan çykýar;
Omar Haýýam - 1048-nji ýylda doglup, 1131-nji ýylda aradan çykýar.
Nyzam al Mülk bilen beýleki “iki dostuň” arasynda 30 ýyl aratapawut bar. Üstesine-de, Hasan ibn Sabbah ýaňy 13 ýaşyndaka, Omar Haýýam bolsa 15 ýaşyndaka, Nyzam al-Mülk eýýäm baş wezir. Onsoň şu wagtky zamandan ugur alyp göz öňüne getiriň: özüniň gülläp ösen döwründe 3,9 million inedördül kilometr meýdany eýelän, mähnet döwletiň (mysal üçin, Hindistanyň, territoriýasy - 3 287 263 inedördül kilometr) premýer-ministri, bir-ä 13 ýaşyndaky, beýlekisem 15 ýaşly ýetginjek bilen “bile okaýar” we “dost bolýar”.
Galyberse-de Omar Haýýam Nişapuryň, Samarkandyň, Buharanyň we Balhyň medreselerinde okap ylym alan bolsa, Hasan ibn Sabbah Reýiň medresesinde, özem bada-bat ysmaýylylar akymyna eýeriji hökmünde okapdyr.

0
12 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ýazyjy-şahyrlaň çeper toslamany ulanyp, aňlarda mifleri döretmekleriniň mysaly hökmünde bolsa Moris Simaşkonyň "Искупление Дабира" eserini mysal getirseň bolýar. Şonda awtor Omar Haýýamy ülhit şeraphor hem ykmanda edip görkezýär. Ýöne, Omar Haýýamyň "şeraphonluk" jähtine-de, diňe onuň özüniň we soňraky asyrlarda onuň adyna ýöňkelip galyp, şonuňky hökmünde taryha siňen şygyrlardan ugur almak bilen çäklenmän, gaty seresap çemeleşmelimikä diýýärin.
Mysal üçin, häzirki wagta çenli Omar Haýýamyň ýazan “şygyrlary” hökmünde salgylanylýan 5000-den gowrak rubagydan diňe 300-500 sanysynyň hakykatdanam Haýýamyň özüne degişlidigini, galan rubagylaryň bolsa, ol ýa-da beýleki sebäplere görä, dürli ýyllarda öz ýazanlaryny öz adyndan beýan etmek islemedik Haýýamyň döwürdeş şahyrlarynyň we ondan soňky şahyrlaryň ýazandygy hakynda çaklama bar.
Şeýle-de Haýýamyň “meý” diýen söz bilen üzümiň şiresinden “azdyrylan” seriňi sämediji içgini däl-de “hakykaty”, “Haka bolan yşkdan sermest bolmagy” göz öňünde tutandygy hakynda çaklamalaram bar.
Onsoňam yslam dininiň pajarlap ösen şol döwürlerinde, şerapdan lül-gammar bolup, “metjide omzuny urup geçmegi” teklip edýän adama, Yspyhandaky obserwatoriýa ýaly soltanlygyň iri ylym öýleriniň birine ýolbaşçylyk etmegiň, şol desgalary dolandyrmak üçin goýberilýän döwlet serişdeleriniň we haýyr-sahawatdan toplanýan serişdeleriň ägirt uly möçberlerine erk etmegiň ynanylmajakdygy, şeýle hem onuň Soltanyň we Baş weziriň sarpa goýýan geňeşdary hökmünde özüni ykrar etdirip bilmejekdigi köre hasa ahyry.

0
13 myhman   [Mowzuga geç]
super. edddil men ýaly pikir edýän ekeniňiz.

Omaryň rubagylary hakynda okan-eşiden zatlarymdan mantykly görenlerimi aýdaýyn.
rubagylarynyň sany ýüzede ýetmeýänligi (siziň wariantyňyzam biçem däl)
ýörite goşgy ýazmadygy. ýagny goşgy kitabynyň bolmazlygy. ýazan rubagylaryny ylmy eserleriniň derkenaryna* ýazypdyr. hatda başlarda o rubagylara ünsem bermänmişler. pizziýonnyý sitiwatsiýa bolupmyş. ýagny pizzaň düşen ýagdaýy**.

gündogar edebiýatynda şerabyň birgiden manylary bar. bir manysy: mysal üçin biri bir piriň elinden şerap içse, şol pirden ak pata alandygynyň nyşany eken. Magtymguly "meýhanadan meý içdim, messana gözüm düşdi" diýendäki meýhanaň, meýiň göni manyda bolmaýşy ýaly, Omaryňkam göni manyda däl bolmagy gaty ahmal.

*o wagtlar ýazgyny sahypaň ortaragyna ýazylyp gyralarynda ep-esli boş ýer bolýan eken. ýazgy bilen boş ýer aralyga nagyşam çekilýän ekenler. syýa bir zäherli suwuklyk goşýan ekenler. onsoň kagyz iýýän mör möjekler ýaňky nagyşdan geçip bilenok eken.

**pizzionnyý sisiwatsiýa - bir zadyň bir ýerde döräp, başga ýerde meşhur bolmagy.(garadskoý) rowaýata görä: italiýada restoranlaryň arka kapysynda öýsüz gedaýlar garaşyp durýan ekenler. restoranyň işgärleri agyzdan galan naharlary bir hamyryň üstüne goýup, peçde gyzdyryp, ýaňky garaşyp duranlara berýämişler. soň muny gören saýrylaryň hoşlaryna gelipdir. öz ýurtlaryna baryp arassaja edip bişirip başlapmyşlar. dörän ýeri italiýa, meşhur bolan ýerli başga ýer.

0
8 Bagabat   [Mowzuga geç]
Книги о иллюминатах

Вся история человечества наглядно показывает, что людей хлебом не корми – дай организовать какое-нибудь тайное общество, и чем загадочнее, тем лучше. Мы уже публиковали коллекцию книг про масонов и масонство, а теперь настала очередь книг об иллюминатах.
Итак, иллюминаты – это собирательное название различных обществ, организаций и сект, как правило, оккультно-философского толка, которые под покровом мистики и тайны пытаются так или иначе облагородить человеческое общество. Вопреки распространённому мнению, масоны и иллюминаты – не одно и то же, хотя, конечно, общие точки у этих направлений есть.
Иллюминаты почти всегда засекречивают свою деятельность и часто бывают запрещены официальным режимом. Нередки случаи, когда общества иллюминатов придерживаются оппозиционной точки зрения относительно существующей в стране или государстве власти. В Средние века иллюминаты прославились своей яростной и непримиримой борьбой с официальной церковью. Можете себе представить, как их «любили» представители официальной верхушки. Иллюминаты подвергались остракизму, навеки отлучались от церкви, страдали от гонений и буквально уничтожались.
Самые известные представители течения – Общество баварских иллюминатов, основанное в XVIII веке.
Разумеется, книги, которые мы предлагаем к прочтению в этой коллекции, не расскажут вам, как стать иллюминатом (да и нужно ли вам это?). Зато они дадут экскурс в историю и поведают много интересной информации о том, как и почему возникали и продолжают возникать подобные сообщества, на чём основывается их философия и в чём, собственно, смысл их деятельности. Самая известная книга об иллюминатах – это, пожалуй, творение Дэна Брауна, который вообще питает слабость к различным мистическим организациям. Но в коллекции нашлось место и документальной, и научно-популярной прозе, так что если вы жаждете реальных знаний об иллюминатах, вы их получите.
И конечно, не забудьте заглянуть в нашу коллекцию книг о масонах – особенно если вы, как Дэн Браун, любите всё загадочное и засекреченное.

Ангелы и демоны. Дэн Браун
Иллюминаты. Древний таинственный орден, прославившийся в Средние века яростной борьбой с официальной церковью. Легенда далекого прошлого? Возможно... Но - почему тогда на груди убитого при загадочных обстоятельствах ученого вырезан именно...

Иллюминаты. Ловушка и заговор. Луис Мигел Мартинес Отеро
Основанный в 1776 г. баварским воспитанником иезуитов Адамом Вейсгауптом, орден иллюминатов ставил перед собой четкую и определенную задачу: покончить с монархией и церковью - и с этой целью завязал контакты с масонскими ложами. Однако...

Иллюминаты. Культ, похитивший мир. Генри Маков
Наши лидеры выбраны не из-за своего интеллекта или достижений, а скорее потому, что они в состоянии выиграть доверие народов и готовы предать. Они избраны небольшим сатанинским культом: банкирамн-каббалистами и масонами, теми, кто...

Фальсифицированная история. Этьен Кассе
У каждого хоть раз в жизни была встреча с чем-то неизвестным, способным перевернуть все устоявшиеся представления об окружающем мире. Еще нет?
Сейчас перед вами стоит нелегкий выбор. Можно забыть о том, что вы увидели и продолжать верить...

Катрина: Число начала. Алексей Кондратенко
Редакционный фотограф оказывается втянут в борьбу за обладание пропавшим научным открытием убитого физика. Чтобы выжить, он должен помочь обворожительной сербской наемнице остановить опасную международную охранную сеть. Но может ли он...

Кракен. Чайна Мьевиль
Впервые на русском - недавний роман от флагмана движения "новые странные", автора трилогии, объединяющей "Железный Совет", "Шрам" и "Вокзал потерянных снов" (признанный фантасмагорический шедевр, самый восхитительный и увлекательный, на...

Кто такие иллюминаты. Исследование мифа о секретном обществе. Линдси Портер
Общество иллюминатов, или «просвещенных», было образовано в Баварии в 1776 году и через несколько лет упразднено правительственным указом. Однако с этого только и началась история мифа об иллюминатах — мифа, который на протяжении...

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
@myhman, peýdalanmaga maglumat:

Книги про ассасинов

Ассасины. Исторически это люди, принадлежавшие к тайному ордену, терроризировавшему Средневековье в течение почти трехсот лет. Книги про ассасинов сейчас пользуются большой популярностью. Это исторические, политические и даже детективные художественные романы, главные герои которых — воины, обученные искусству убивать. Это профессионалы (и мужчины, и женщины), которые в одиночку противостоят целой армии противников. По их мнению, смерти заслуживают все, кто выступает против истины, а истину знают только руководители ордена. В исследовательских книгах про ассасинов рассказывается об истории ордена, его работе, завоеваниях, союзе с тамплиерами и распаде.

Орден Ассасинов — Колин Уилсон
Уилсон показывает историю средневековых ассасинов, членов сект индийских душителей и других многосерийных убийц, пытаясь разобраться, что же толкает этих людей на такие поступки. Он ответит на некоторые волнующие вопросы, проникнув в самое сердце преступников.

Восточные ордена: ассасины, ваххабиты, басмачи, дервиши — Александр Андреев, Максим Андреев •
В произведении рассказывается об ордене ассасинов, восстании басмачей из Казахстана, движении ваххабитов и дервишах, оставивших большой след в истории востока. Попутно с этим излагаются удивительные события, произошедшие в Иране, Турции и Афганистане.

Молитва по ассасину — Ферриньо Р.
В середине 21 века в результате сброса ядерных бомб осталось только 2 сверхдержавы, а большая часть мира принадлежит теперь мусульманам. Экономика находится в ужасном состоянии, а везде свирепствует религиозная полиция. Ракким выступает против этих правил.

Легенды об ассасинах. Мифы об исмаилитах — Фархад Дафтари
Множество веков воображение людей будоражили различные мифы об ассасинах и исмаилитах. И вот Фархад Дафтари собрал новейшие и подтвержденные научные данные об истории зарождения и быте средневековых ассасинов, а также включил легенды об этом народе.

Ожерелье голубки. Райский сад ассасинов — Эрнст В. Хайне
Во времена крестовых поход Герцог Людовик Баварский убит на глазах у многочисленных свидетелей. Все винят в этом орден тамплиеров, но они ни в чем не повинны, поэтому юный рыцарь Орландо должен найти настоящих преступников, которыми, по его мнению, являются ассасины.

Ассасины — Томас Гиффорд
Томас Дрискил ищет убийц своей сестры-монахини и сталкивается с борьбой за власть в церковной иерархии, где используют любые способы для устранения неугодных. И тут он обнаруживает бумаги, в которых указывается на существование внитри церкви тайного общества убийц.

Возрождение — Оливер Боуден
Эцио — преданный молодой человек, служащий главенствующим семьям Италии. Он решает встать на путь мести и обучиться искусству ассасина, чтобы вырвать коррупцию с корнем. На этом пути ему встретятся как союзники, так и враги, которые помогут добраться до истины.

Братство — Оливер Боуден
Когда-то величественный город Рим отныне лежит в руинах: его поглотили голод и боль. Им правит семейство Борджиа, угнетающее обычное население. Но недолго еще осталось бедным жителям терпеть тиранию: скоро им на помощь придет лидер воинов-ассасинов — Эцио.

Тайный крестовый поход — Оливер Боуден
Спустя много лет отец Марко рассказывает ему секрет всей жизни Николо, а именно историю Альтаира, одного из самых сильных воинов ассасинов, который отправился на смертельное задание, заключающееся в том, чтобы доказать верность Братству, убив девятерых врагов.

Откровения — Оливер Боуден
Эцио Аудиторе победил во всех битвах всех своих врагов и понимает, что теперь должен найти истину. А для этого он решает пойти тем же путем открытий, что и некогда великий мастер Альтаир. Это путешествие приведет его в столицу Османской империи, в Константинополь.

Покинутый — Оливер Боуден
Хэйтем Кенуэй- молодой человек с очень тяжелым детством, которому после некоторых событий пришлось стать убийцей в целях самозащиты. Его отца убили во время ночного набега и в ту же ночь похитили сестру Дженни. Именно этот день стал для него толчком к новой жизни.

Черный флаг — Оливер Боуден
Эдвард Кенуэй-молодой капер, живущий в эпохе, когда процветает пиратство со свойственными ему жадностью, коварством, амбициями и коррупцией. Сам же он также стал пиратом и по стечению обстоятельств втянут в ужасающую войну между Тамплиерами и орденом Ассасинов.

Çeşmesi: http://knigki-pro.ru/knigi-pro/54-knigi-pro-assasinov.html. 17.07.2021ý.

0
3 myhman   [Mowzuga geç]
rast aýdýaňyz :-).
ras aýtdyňyz, dawaý başlaly. oýun edýän :-)

oýun edip aýdanam bolsaňyz illimunatyly, haşhaşyly ýerlerini haladym. bet pikirler çykjak şolardan.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Illýuminatlar barada gyzykly çeper eser isleseň-ä Den Brauny oka.
Assasinler barada çeper eserler bilen gyzyklanýan bolsaňam Oliwer Boudeniň, Kristi Goldeniň fentezi-fantastiki eserleri bar.

0
5 myhman   [Mowzuga geç]
Den Braunyň eserleri esasynda düşürilen kinolary gördüm. gyzykly.

Oliwer Buodeni birinji gezek eşidýän. gyzyklanyp görjek.

Wladimir Bartolyň "Alamut galasyny" okadym. ynandyryjy däl, ýöne gyzykly. ynandyryjy däl diýýän ýerim: Hasan Sabbah şägirtlerine haşhaş otundan ýasalan şire (tirýek bolmaly-da) berýä welin, şägirtler gullitinasiýa görýän ýeri.

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
Farhad Daftariň "Легенды об ассасинах Мифы об исмаилитах" atly kitabam bar. Ol ylmy-publisistik eser. Onsoň Moris Simaşkoň "Искупление Дабира" atly romanynda-da assasinler bilen bagly çeper sahnalaram maglumatlaram bar. Ýene-de Wiktor Pelewiniň "Assasin" atlymy nämemi gysgajyk powesti bolmaly. Bäş-alty ýyl mundan ozal okapdym. Gyzykly gördüm.

1
1 myhman   [Mowzuga geç]
Serdar akga, az-owlak üýtgedeniňize görä, o ýekemene forum barada gyzyklandyran bolup: "o forum diýýäniň nähili zat, nämeler ýazýalar?" diýen ýaly sorag berdirip, maslahat soraýana: "o ýerde her kim birhili nik ulanýa. nik diýýänim lakam-da. tahallus diýseňem bolýa. öz adyny ýazýanlaram bar..." diýen ýaly gürrüň berdirip. soňam ýekemen "sen nähili tahallus ulanýaň onsoň?" diýdirip... assyrynlyk bilen tanasa gyzykly boladan bolsaňyz.

hatda nähili pikirdäkilere garşydygyny soradan bolsaňyz. olam "şunýaly-şunýaly pikirdäki adamlar bar, haýran galaýmalow. olar bilen-ä oňuşsa bolýa welin @pylany diýip biri bar, heý goýaý. baryp ýatan tupoý. tupoýam däl ýubanutyý" diýdirip (şu ýerde ýekemeniň ýüzi üýtgäp gitmeli).

bilensoňam, topulyp kowman, abaý syýasat etdirip, oň pikirleri bilen yalalaşmaýanyny aýtdyran bolsaňyz.
gidensoň özüniň şol hälki agzadygyny bildiren bolsaňyz

näderdi.

bolmasa
- Sen, ýogsa-da şol forumda haýsy loginli agza bilen has jygba-jyg garpyşýaň-a?
diýenden ýakany ele berýä.

Hä-ä, sen Lotosmy?-diýip, akyldar ýekemen zyňlyp ýerinden turupdyr-da, gapdalyndaky hasasyna ýapyşyp, oňa topulyp, ony kowmaga başlamagy hekaýaň gyzygyny gaçyrýan ýaly.

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hekaýa däl-ä bi, @myhman. Hekaýat. Teklipleňňi uzaltsaň bolsa:
...Akyl sorap ýüz tutana forumdaky wakalary giňişleýin gürrüň berdirip, olaram bölümlere, olaram baplara bölüp, içinde-de oň gürrüň berýän agzalarynyň hüý-häsiýetini, dünýägaraýşyny açyp görkezýän sahnalarydyr, oýlanmalary goýup, soňam şol foruma agza bolan haýsydyr bir agzaňam ýakynda öldüriljek bolýan bolmagynyň ähtimallygy hakyndaky çaklamany öňe sürüp, onsoňam şol forumyň illýuminatlaňmy ýa-da haşşişinleňmi ordeni tarapyndan adamzadyň aňyny öz ýollaryna uýdurmak üçin açylandygyny aňýandygyny aýdyp, jemi 250 sahypa çenli uzaltsaň, şekelad ýaly romanam çykman durjak dämi? :-). Ýene-de biraz, gök çaýdan keýpi kökläp, iki bolup daşyna geçsek, haýsydyr bir näbelli awtor tarapyndan ýazylyp, salgysy berlen saýta goýlan bujagaz ýarymheneklije hekaýatjygyň ikinji jildiniňem mazmunyny oýlap tapsaň boljak...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]