16:58
Kalderonyñ dramaturgiýasy
KALDERONYŇ DRAMATURGIÝASY

Ispan dramaturgy Kalderon de la Barko (Kalderon de la Barka), Pedro de la Barredawe Riano (Henao de la Barredo u Piango) 17.01.1600-nji ýylda Madridde dogulýar we şol ýerde 25.05.1681-nji ýylda aradan çykýar. Ol Ispan dramaturgy. Kalderonyň ady dünýä teatr sungaty medeniýetiniň ösüşiniň iň ýokary derejesi bilen aýrylmaz baglanyşykly hasaplanýar. Ol XVII asyr milli ispan drama mekdebiniň uly wekili. Eger-de, Lope de Wega Ispan drama mekdebiniň düýbüni tutujy hasaplansa, Kalderon şol mekdebi dowam etdirip onyň jemleýjisi hasaplanýar. Kalderon Lope de Wega tarapyndan düýbi tutulan drama mekdebiň ösen we gowşak taraplaryny, şol ähli mekdebiň gapma-garşylyklaryny özünde jemläp bilen dramaturg.
Kalderon tragik garşylyklary durmuş maksatlary üçin ulanmak adaty däl filosofik kesgitlemä öwrülip "durmuş bir düýş” diýen ýaly zatlara uýmakdygyny öz pýesalarynda öňe sürüpdir. Käbir alymlaryň dogry bellemeklerine üns berseň Kalderonyň pýesalary madonna Murilo (katoliklerde Hudaýyň ejesiniň ady) bilen degişgen Welaskesanyň arasynda yzygiderli yrgyn atyp dyran sahna eserleri diýip belläpdirler.
Kalderon "Don Kihota”durmuş bir baý sahna, "misli dünýäniň beýik teatry ýaly” diýen düşündirişi berýär. Eserdäki gahryman Sanço Pasony bolsa, ýönekeýje küşt oýnalýan tagta meňzedip, tagtadaky ähli zatlary alyşdyryp öz öňde goýan maksadyny ýerine ýetirýäne çalym edýär diýen düşünjäni beripdir. Şu ýerde Kalderona degişli ýene-de bir häsiýet "gabyrdan-sallançaga”, "ölümden-bakylyga” meňzeşlige diýen ugry hasam öňe sürüpdir.
Kalderonyň ýaşan eýýamy Ispaniýada birek-birege garşy göreşleriň, gapma-garşylyklaryň möwç urýan wagtyna gabat gelýär. Zamor mülkinden altyn derýa ýaly aksa-da, halk gedaýçylykda ýaşapdyr. Ýurt merkezleşdirilip belli bir netijä gelnenem bolsa, ýurtda kanunsyzlyk höküm sürüpdir, buthana bolsa ruhlara hormat goýýandan, olary goraýandan bolan bolup, diri adamlary basgylap, döwlet gurluşyna ähli babatda gatyşypdyr.
Kalderon şalyk hazynasynda kätipligi ýerine ýetirýän Diego Kalderonyň maşgalasynda dünýä inýär. Olaryň maşgalasy garyplaşan köne dworýan maşgalasyna degişli bolupdyr. Ol sekiz ýaşynda kolleže okuwa berilýär. Şol ýerdenem Alkala-de-Enares uniwersitetine okuwyny dowam etdirmek üçin geçirilýär. Soňra Salamanskiý uniwersitetinde buthana wekili bolmak üçin graždanlyk we keramatlylyk hukygy ugrundan bilim alýar. Okuwyny tamamlandan soň, 1619-1623-nji ýyllar aralygynda Madridde ýaşaýar. Ol şol ýaşan
ýyllarynda dagynyk pikirli ýokary gatlak wekili hökmünde ýaşapdyr. Şol ýyllar onuň ilkinji ýazyjylyk tejribesi başlanýar. 1625-nji ýyldan başlap özüni gutarnykly edebiýata bagyşlaýar. 1636-njy ýylda ozüniň "Birinji bölüm”atly komediýasyny ýazýar. Ol jedelsiz Lope de Weganyň (Wega Karponyň) şägirdi we yzyny dowam etdiriji hasaplanýar.
Kalderon edebiýat bilen baglanyşykly işleri onuň dünýewi işlerine hiç hili päsgel bermändir. 1638-nji ýylda Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasynda bolan urşa gatnaşýar. 1640-njy ýylda Kataloniýa garşy söweşde-de bolupdyr. 40-njy ýyllarda ýurduň ýagdaýy aşak gaçyp ýetjek derejesine ýetýär. Adamlar uruş zerarly surnugyp başlaryna düşen ajyny ýuwutmaly bolýarlar.
Kalderon 1651-nji ýylda keramatly derejäni (sany) kabul edýär we öňküsi ýaly buthana bilen aragatnaşygyny saklaýar. 1665-nji ýylda oňa howandarlyk eden Filipp IV aradan çykandan soň, ol başbütin dine berilip dini pýesalary ýazýar. Kähalatlarda dünýewi pýesalary ýazmaga-da ýüz urupdyr. Ol 1681-nji ýylda Madridde aradan çykýar. Kalderon ýaşan döwründe uly hormatdan peýdalanypdyr.
Kalderon ölmezinden bir ýyl öň gersog de Weraguanyň haýyşy boýunça öz ýazan pýesalarynyň sanawyny düzüpdir. Şol sanawa 111 sany komediýa, 70 sany "auto” (bir bölümli pýesa) girizilipdir. Onyň özi tarapyndan düzülen sanawly eserler ýygyndysyny (1682-1691-nji ýyllarda neşir edilen) ölenden soň yzygiderli neşir edipdirler. Muňa garamazdan pýesalaryň sanawy häzire çenli köpelmegini dowam etdirip gidip otyr. Kalderonyň öz eli bilen ýazan sanawyna ýene-de 120 komediýa, 78 "auto”, ownuk žanrlara degişli 20 pýesa, "Apologiýa” traktaty-komediýasy hem goşulýar. Häzire çenli Kalderon tarapyndan ýazylan eserleriň sany 220 pýesa hasaplanýar.

Kalderonyň dramaturgiýa mirasy öwrenilende ony şertleýin dört topara bölmek bolýar:

1. Onuň 20-nji ýyllaryň ortalaryna çenli bolan döredijiligi dra-maturg Lope de Weganyň täsirinden we onuň pýesalarynyň gurluşyndan çykmandyr. "Söýgi oýny we duýdansyzlyk” (1625), "Bredi gabawy” (1624) öz halypasynyň eserlerini ýatladyp durypdyr.

2. 20-nji ýyllaryň ortalaryndan 30-njy ýyllaryň ahyryna çenli ýazan eserleri häsiýetleri boýunça giň filosofiki umumylaşdyrmalary, düýpli sosial ýagdaýlary we olary çözmekligi öz içine alypdyr. "Durnukly prins” (1628-1629), "Durmuş bir düýş” (1632-1635), "Özüm özume gorag” (1636) pýesalarynda filosofiki, sosial, durmuşy temalar garyşdyrylyp, umulaşdyrylyp netije çykarylypdyr.

3. Onuň döredijiliginiň bir döwründe pýesadaky gahrymanlaryň keşplariniň düýp häsi-ýetlerini, içki duýgylaryny açmakdaky ünsi has güýçlendiripdir. Olary durmuş mekdebiniň kada-kanuny boýunça yzarlapdyr.

4. Onuň döredijiliginiň bir bölegi "melodrama allegoriýasy” (allegoriýa-göçme manyny aňladýar) atlandyrylypdyr. Ol şeýle pýesalaryny buthana, baý adamlara, halk baýramçylyklara bagyşlap ýörüte tabşyryk boýunça juda baý edip ýazypdyr. Pýesany has baýlaşdyryp görkezmek üçin tans, aýdym, saz toparlarynam örän ussatlyk bilen goşmagy başarypdyr.

Kalderon özüniň bütin döredijiliginiň dowamynda "keramatly auto” ýazmagyny dowam etdiripdir. Onuň esasy döredijilik mirasy komediýa we "auto” hasaplanypdyr. Sebäbi, Kalderonyň döwründe-de ondan öňki dramaturglarda-da şygyrýet bilen ýazylan üç bölümli pýesalaryň hemmesi komediýa atlandyrylypdyr.
Kalderonyň döredijiligi klassizm eýýamynyň žanrlary bolan tragediýa we komediýa gapma-garşylykda ösdürilipdir. Arzuwçyllyk (romantizm) eýýamynyň dramaturgiýasyny öwrenijiler onuň pýesalaryny mazmuny boýunça tragediýa žanryna ýykgyn edýär diýip belleýärler. Şeýle pýesalaryň sany Kalderonyň döredijiliginde 50-den geçýär. Ynha, şeýle pýesalar oňa-Kalderona dünýä meşhurlygyny getiripdir. Şonuň üçinem Arzuwçyllyk eýýamynyň tankytçylary ony öz halypasy Lope de Wegadan ýokary goýup, ony W.Şekspire deňäpdirler.
Kalderonyň dramalaryny umuman mazmuny boýunça taryhy, filosofiki, dini, mifiki sýužetleri öz içine alýar. Onuň pýesalaryny şeýle bölmeklik "şertleýin” ýagdaýa eýe bolýar. Sebäbi, onyň her pýesasynda ýokarda bellän sýužetlerimiz garyşdyrylyp getirilýär.
Kalderonyň "Durmuş bir düýş” pýesasy ýurdyň baştutanyny ak ýürekli, ýokary maksatly edip ýetişdirmek baradaky bu filosofiki eseri terbiýeçilik okuwy bolup hyzmat edýär. Onuň "wyždan dramasy” atly pýesalar toplumyna girýän "Öz wyždanynyň lukmany”, "Durnukly prinsi”, "Salameý alkaldy” pýesalarynda "wyždan” meselesi dürli ýagdaýlaryň üsti bilen, dürli-dürli görnüşlerde ahlak, sosial, filosofiki terbinýäni öňe sürýär. XVII asyr ispan edebiýatynda "wyždan” meselesi köp ýazyjylaryň eserlerinde orta atylýar, bu ýagdaý Kalderonyň pýesalarynyň hemmesinde diýen ýaly dürli ýagdaýlarda eseriň düýp özeni hökmünde öňe çykýar. Kalderonyň "Ölümden soňky söý-güsi” (1633) aap temasyna degişli şol ýerdäki ilatyň günäsiz çekýän ezýetleri suratlandyrylýar. Olaryň adatdan daşgary ezýet çekmeleriniň manysyny öz görşüniň, duýşynyň esasynda pýesa geçiripdir. Kalderon özüniň "keramatly autolaryndan” başga eserlerinde käwagtlarda käbir dini garaýyşlara garşy "jarçy” hökmünde hem çykyş edipdir. Ol käwagtlarda öz pýesalarynyna etiki reňk bermek maksady bilen dine ýüzlenipdir. Kalderon "Haja tagzym etmek”, "Keramatly Patrika we syrat köprüsi” (çistilişe-günä-sogap soralýan ýer) pýesalarynda arassa "teologiýa” (teologiýa” - hudaý we din baradaky taglymat) nukdaýnazardan çykyş etmän, adamlaryň öz häsiýetleriniň, ruhy dünýäsiniň arassa bolmagy üçin özleriniň göreşmelidigini öňe sürüpdir. Kalderonyň aýdyşyna görä adamynyň ruhy päkligi onuň ähli zatlary ýeňip geçip bilýän şahsyýete öwrülmeginden ybarat bolmaly.
Kalderonyň döredijiliginiň ýokary derejesi "Salameý alkaldy” pýesasy hasaplanýar. Ol bu pýesasynda ilkinji gezek Ispanyýada höküm sürýän dworýançylykda "wyždan” azatlyklarynyň, duýgylarynyň ýokdygy, asla bolup hem bilmejekdigini aýydýar. Muňa garamazdan ol şol ýerde höküm sürýän döwrüň ähli gatlaklaryň şertleriniň saklanmagynam isläpdir. Kalderonyň bu pýesasy öz döwründe rewolýusiýon çagyryş hökmünde sahnadan düşmändir.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 58 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Haweran   [Mowzuga geç]
90-njy ýyllarda Kalderonyñ "Jadygöý zenanyny" Nobatguly Rejebow türkmen dilinde ýañlandyrypdy..

1
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Hiç haçan öz syrlaryňyzy kagyza ynanmaň - bu edil daşy howa oklan ýaly bir zatdyr: eger-de ony kimiň zyňandygyny bilýänem bolsaňyz, onuň nirä gaçjakdygyny bilmersiňiz".

Don Pedro Kalderon de La Barka

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Kalderon barada anekdot:

Uniwersitetiň filologiýa fakultetiniň talyby daşary ýurtlaryň edebiýaty dersinden synag soraglarynyň biri bolan Kalderonyň "Durmuş bir düýş" eserini okap, taýýarlanmak üçin kitaphana barýar-da, özüne köneden tanyş kitaphanaçy gelnejä ýüzlenýär:
- Gelneje, Kalderon bamy-aý?!
Kitaphanaçy gelneje onuň synag aladasy bilen bürşüp duran ýüzüne nebsagyryjy seredýär-de:
- Häzir janym, azajyk gaýrat et! Men derrewjik getirip bereýin!-diýip, nirädir bir ýere ýumlugýar. Sähel salymdanam yzyna dolanyp gelýär-de, mylaýym ýylgyrjaklap:
- Oglum, o diýýäniň-ä ýok ekeni welin, me şujagazy atsaň, kelläňi el bilen aýrylan ýaly eder!- diýäkge, talyp ýigide aýasyndaky analgini uzadýar.

0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
"Bu dünýäde hemme zat çyn, hemme zat galat". Kalderon.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]