16:40
"Namysjañ" / gysga ýumor
"NAMYSJAÑ"

Arada garyndaşlarymyñ biriniñ toýunda boldum. Myhman adam özüñe belli. Az otursa-da, köp synlamaga, köp diñlemäge çalyşdym.
Gele-gelmäne kölegäniñ goýry ýerinden orun alan ýaş ýigidiñ eñegine jañ dakylan ýalydy. Ýuwan, suwjuk gürrüñleri adamlaryñ mañzyna batmasa-da, köpçülik-dä, ony ugruna kowýan hem bardy.
Meniñ sag gapdalymda çäkmenini tirsekläp, çaý içip ýatan köseleç ýaşuly: "Ýakasy gaýyşly kireýkeşdir bi" diýip, çalaja pyşyrdady. Ýañra ýigidiñ toýa adam getirendigine men diñe şonda düşünip galdym.
Ýigidiñ geçisi ýaýraýardy. Onuñ "gaýnap-joşmasy" maşyn bilen baglanyşyklydy. Köseleç ýaşuly ýene-de saklanyp bilmedi: "Birneme düşüpdir öýdýän..."
Märekäniñ orta gürpünden biri:
- Şady jan, soñky günlerde ýolda seýrek görünýäñ-le? - diýip, söz oklady. Men ýañra ýigidiñ adynyñ Şadydygyny bilemsoñ, birhili, onuñ ýüz keşbi tanyş ýaly göründi.
Kimdir biri:
- Şady her güne düşse-de "yrsgalyny" kişä bermez - diýdi.
Şady:
- Möjek awy üçin aýagyna minnetdar, menem gara "Wolgama". Arada dört-bäş gün maşynyma seretdirmeli boldum. Içimi it ýyrtdy. Ýogsam, gapyda kiçiräjiklerem dur. Kakamyñ "Moskwiçi", inimiñ "Žigulisem" bar. Olara münmäge utanylýar how - diýdi.
Köseleç ýaşuly suñşurdy:
- Namys edilýär diýsene.
- Hawa-da - diýip, Şady başyny atdy.
Şol pursatda kimdir biri onuñ toýa getiren myhmanlarynyñ gaýdarmandygyny aýtdy. Şady:
- Oturyñ-da, taýyn ulag bar wagty. Sähelçe ýerde gyssanmaçlyk eden bolýarlar - diýip, nägile bolup ýerinden turdy.
Namysjañ ýigidiñ kirden ýaña ýalpyldap duran ýakasyna gözüm düşdi. "Boýnuñy kesmeýşine şükür" diýip dillenenimi özümem galypdyryn.
Köseleç ýaşuly üm bilen Şadynyñ jalbarynyñ sürlüp giden jübüleriniñ ýyrtylyşan ýerlerini görkezdi.

Ýazmyrat REJEBOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 75 | Добавил: Haweran | Теги: Ýazmyrat Rejebow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]