16:14
Özi hakda goşgy ýazmagy haýyş eden adama
ÖZI HAKDA GOŞGY ÝAZMAGY HAÝYŞ EDEN ADAMA

Saldamly,
Saýhally sözleri saýlap,
Galamdyr kagyzly uzak oturdym.
Bogunlañ, kapyýalañ başyny aýlap,
Stoluñ başynda dañym atyrdym.

Gözleriñe paýhas sürtjek bolýan,
Juda-juda çemeçil señ gözleriñ.
Sözleriñe paýhas sürtjek bolýar,
Duzsuz tagam ýaly seniñ sözleriñ.

Ýaz ýaly ýigit ol diýäýjek welin,
Ýüzüme urýar çapgyn şemaly gyşyñ.
Amanat geýilen don ýaly asyl,
Bähbit arap, ýalynjaklap ýylgyrşyñ.

Ilhalar adam ol diýeýin diýsem,
Bir özüñi bilýäñ hoş günüñ bilen.
Biz haýran, illere akyl berýärsiñ
Doldurmasy çetin boşlugyñ bilen.

Asylly, mylaýym ýigit diýmäge
Dilim öwrülenok, düwünjek bolýan.
Emeldarrak kişiñ ýanna baranda,
Kiçelip, dermanly düwünçek bolýañ.

Ynha, özüñ hakda ähli diýjegim,
Mundan başga bir söz dile gelenok.
Şu goşgyny ýazmasam hem boljakdy,
Nätjek-dä, ýüzdenem geçip bolanok.

Gurbanýaz DAŞGYNOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbanýaz Daşgynow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
4 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
@Adamzat. Gepiñize sokulýan bagyşlañ. Tagtabazarda (Pendide) bolan wagtlam Aýläle diýip bir mekdep okuwçysy bardy ana şol şeýleräk goşgy ýazypdyr ýadyma düşenje ýerlerini belläýin.

..."Sen henizem çykjak ýaly göýäki,
Osman Öde köçesiniñ burçundan"...

..."Sen hakynda ýazjak odamyñ ýerne,
Şeýdip epopeýa ýazmaly boldy...

0
3 Adamzat   [Mowzuga geç]
Haweran
Bagyşlaň. Gurbanýaz Daşgynow häzir dirimikän!?
Onuň "Saňa indi başga näme diýeýin" goşgusy taryhda yz galdyrdy.. Hiç bolmanda 1964-68 ý.ý. doglan ýaşlara))

0
5 Haweran   [Mowzuga geç]
Gurbanýaz aganyñ pahyr bolanyna 10-15 ýyl bolandyr...

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Kiçelip, dermanly düwünçek bolýañ."
Dogrudanam dermanly düwünçekler öň kižžikgedi. Içinde-de bolsa, iki-üç sany derman bardyr ýa ýokdur. Aspirin, analgin, tetrasiklin...Içagyry, kellagyry, ýeňil-ýelpaý dümew...
Aýagyňdan dagy waçyrdap posly çüý girer, iriňläýse-de, ejeň iňňebagjygyň ujy bilen deşäkge, jigiň buşugyna ýuwar...Eger walla, üýtgeşik azyp sepsisem bolmaz, derrew biter gider.
Indi bolsa, holodilnigiň gapysam, aşhanaň tekjesiniň tahylam dermandan doly...
Atlary dagam gorkunç. Bisprolol, fenibut, pirasetam, weroşpiron, kwamatel, diklofenak, deksamatozon, pantaprozol, klatrimisin, panangin, fenobarbital...Tabletkalar, kapelnisalyklar, sanjymlyklar (oňam wm-sem ba, ww-sem)...Ýara-sypjyryk dagy düşmesin, gangrenaň bäri ýanyna baryp ýetýär. Dümewem degmesin, soňy hökman pnewmoniýa ýazyp barýa...
Çagakak, kolhoz işinde meýdanda suwsasak ýata suwdan ýa-da ýabyň suwuny içip goýbererdik. Içgeçme-de ýok, gurçugam. Indi diňe düpbedäki süzüle-süzüle, suw bolmasyny bes edip suwuklyga öwrülen suwy içmeli.
Dermanlyja düwünçejikler erteki bolup galdy.

0
2 bbaygeldi   [Mowzuga geç]
Soñky köp nokatdan aşagyny goldaýan. Biz-ä saç syrylan wagty günem geçmeýärdi, başgapsyz bolsagam... kakamyñ ulyjasynyñ çagalary gymyldasa gundy gaçýa... ýöne muña-da şükür.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]