14:22
Waka

WAKA

Ine bir edara. Uly kabinet,
Ýüzünden nur ýagýan epeý bir kişi.
Garaşýan adamdan gapysy doly,
Telefondan doly töwerek-daşy.

Ol-a kabinete,
Kabinet oña
Diýseñ ýaraşyp dur, diýseñ
                                             gelşip dur.
Oñ ýanyna arza gelýän adamlar
Şol çalşyp dur,
Şol çalşyp dur
Çalşyp dur.

Howluganok kabinetiñ eýesi,
Äýnegin oýnaýar hem gulak salýar.
Ýyly söz eşiden adamlar
                                         Ony
Ýüzüne sylaýjak-sylaýjak bolýar.

Gapydan girýänleñ gatnawy ýatdy,
Diýmek, tamam boldy
                                     kabul edişlik.
Indi giñ, haşamly kabinetinde
Gezmeleýär, diýmek
                                   oýlanýar başlyk...

Durmuşda duýdansyz wakalar bolýar,
Menem haýran galdym bu bolan zada:
Zyrrajym parahor boldy çykaýdy
Ýañky işgär - ýañky epeý pyýada.

Men galpyñ ýüzüniñ beýle owadan
Bolup bilýänine näbelet däldim.
Ýöne şindizlerem ýöntemdigime,
Ýañky wakadan soñ düşünip
                                                  galdym.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]