10:57
Şol gün geler...

ŞOL GÜN GELER...

Şol gün geler...
Başgaça bor ähli zat.
Üýtgeşik bor adamlara garaýşym.
Begenjimden gözlem ýaşlap diýerin:
"Saňa men kän garaşdym."

Şol gün geler...
Dünýäni basaryn bagra.
Bütin durkum bilen öwrülip söýgä.
Hasam owadan borun-da şol gün,
Mähriban bolaryn hemmä.

Ähli gussalarmyň undaryn baryn,
Kineli günlerim ýatlaman gaýdyp.
Sesim goşup dutarymyň heňine,
Şirwan perdä galyp aýdaryn aýdym.

Hakykata meňzär ýalan diýenlem,
Dünýäniň bir syryn açaryn belkem.
Kalbyma dyngysyz berýän derdini
Ýazyp bilerin akja kagyza ýerläp.

Şol gün, armansyz ömrüm
Ýaşaryn,
Ýazaryn,
Tanaman özüm.

Bilbil KAKABAÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Pegas | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]