08:53
Men şäherli bolsam-da...
MEN ŞÄHERLI BOLSAM-DA...

Gözüm açyp gördüm güñleç şäheri,
Şäher merkezinde geldim kemala.
Ýaşlyk ýelginine ýelek deý gaýyp,
Köwşümi tozdurtdym asfaltly ýola.

Şowhunly barlaryñ, restoranlaryñ,
Keýpin gördüm, gyzlar bilen tans etdim.
Her hal gowluk bilen, düzgünden çykman,
Dyzmaç göwnümiñ matlabna ýetdim.

Bilmedim näm bolýar soñky döwürde,
Wagtal-wagtal oba gitsem diýýärin.
Gizlejek däl, men şäherli bolsam-da
Ýaşlygymdan obalary söýýärin.

Itleriñ sesine zar boldum diýsem,
Bilýän, bolar bu diýýänim geñlejek.
Oba barsam, iñ bärkisi, gijeler
Gurbaganyñ "söhbetini" diñlejek.

Birsellem dolanyp oglanlygyma,
Kömelekli meýdanlara aýlanjak.
Obañ gowy päli, arzuwy bile
Men ýene-de şäherime şaýlanjak.

Kowus OMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Haweran | Теги: Kowus Omadow | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]