14:44
Biçäre Nikiforow / gysga ýumor
BIÇÄRE NIKIFOROW

Nikiforow et almak üçin nobata dur.
- Maña süñksüzräk ýerinden bereweri, Stoýan! Özüñem baryp dur, henizem şo bakaleýada men.
- Ýagsyzragyndan çeksene, Stoýan! Onsoñam, biziñ restorana-da aýlan haw.
- Kotlet bişiret ýalyrak ýerinden çek, Stoýan! Aýakgap ussahanasyna-da ýoluñ düşer-ä seniñ.
- Maña jylkajasyndan, kakmaçlyk gerek, Stoýan. Sen Kate biziñ atelýämize hem degip geçäýmel-ä!
- Çişlijek iýesimiz geldi... Ýok, ýok. Gapyrgajykdan däl... Adaty çişlik-laýt. Sen, oglan, biziñ altyn-kümüş şaýlar satylýan magazinimize-de bir girip-çykaýarlar-a!
- Maña göle etinden bolaýsa...
Nikiforow bu gürrüñleri diñläp, utanyp ýere giräýjek bolýar. Olam şeýdip, iller ýaly Stoýany iş ýerine çagyryp bilýän bolsady. Ýöne, nirä, näme üçin çagyrjak diýsene? Ýogsa-da, oña: "Stoýan, gulak as, sen biziñ ylmy-barlag institutymyza-da gelsene, men saña kislotalar hakynda şeýle bir gyzykly gürrüñler bereýin!" diýäýsem näderkä?
Ýok-la, dilem öwrülenog-a olara.
Bireýýäm umytdan düşen kiçi ylmy işgär Nikoforow kapasanyñ ýanyndan ýüzüni sallap gaýdýar. Onuñ goltugynda bolsa, birgeñsi edilip ak kagyza dolanan geñ haryt - süñk-sañk bar.

Walentin PLAMENOW,
(Bolgariýa).

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1986.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 55 | Добавил: Haweran | Теги: Walentin Plamenow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]